Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyz neşir Mary welaýatynda geçirilen ýene bir protest çäresi barada habar berýär


Illýustrasiýa suraty. Mary şäherinde bir duralgada garaşýan adamlar. Mart, 2018-nji ýyl. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Mary şäherinde bir duralgada garaşýan adamlar. Mart, 2018-nji ýyl. Arhiwden alyndy.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Mary welaýatynyň häkimlik binasynyň öňünde 30 töweregi aýal adamyň gatnaşmagynda 4-nji aprelde bolan ýene bir nägilelik çäresi barada habar berýär.

Maglumata görä, häkimligiň öňünde ýygnananlar döwlet dükanlarynda un we ösümlik ýagynyň ýokdugyndyndan şikaýat etdiler.

“Garawullar olardan gitmegi haýyş etdiler, ýöne aýallar öz talaplary häkime ýetirilýänçä häkimlikden çykmajakdyklaryny aýtdylar” diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” ýazýar.

Neşiriň korrespondentleriniň habaryna görä, häkim we onuň iki orunbasary, şeýle-de IIM-niň welaýat bölüminiň başlygy ýygnananlaryň halyndan habar alypdyr.

Habarda aýdylmagyna görä, döwlet dükanlaryndaky un we ösümlik ýagynyň ýetmezçiligi bilen bir hatarda, ýygnananlar bazarda unuň haltasynyň 500 manada çykandygyny, goňşy obalarda ýaşaýan öz dogan-garyndaşlarynda ýagdaýyň has ýaramazlaşandygyny hem-de ýakyn wagtda welaýatda açlyk başlanjakdygyny aýdypdyrlar.

“Eger-de ýakyn wagtda bu problema çözülmese, biz maşgalalarymyz bilen bu ýere geleris we siziň özüňiz bizi naharlarsyňyz diýip, ýygnanyşyga gatnaşanlar gygyryşdy” diýip, türkmen hronikasy ýazýar.

Aýdylmagyna görä, häkim meseläni üç günüň içinde çözmegi wada bereninden soň aýallar dargaşypdyr.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosy Mary şäherinde 3-nji aprelde iýmit ýetmezçiligi sebäpli spontan ýüze çykan beýleki bir protest çäresi barada şenbe güni habar beripdi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň Marynyň welaýat administrasiýasyndaky ynamdar çeşmä salgylanyp habar bermegine görä, görnüşinden şähere golaý posýoloklardan bolan 30 töweregi aýaldan ybarat topar ilkibaşda irden sagat 10:00 töwereklerinde “Täze bazaryň” ýanynda Aşgabada gidýän awto ýoly bagladylar. Soňra, olardan takmynan 10-12 adam Marynyň welaýat häkimligine tarap ugraýar, ol ýerde birnäçe ýerli emeldar protest bildirýänleriň ýanlaryna barýar. Proteste ýygnananlar birnäçe aý bäri ýerli döwlet dükanlarynda un paýlarynyň we ösümlik ýagynyň berilmeýändigini gahar bilen aýdýarlar.

Marynyň häkimligindäki çeşmäniň sözlerine görä, aýallar çagalaryny iýmitlendirmek üçin hiç zadyň ýokdugyndan şikaýat edýär, hem-de olar döwlet dükanlarynda unuň we beýleki esasy önümleriň satuwynyň dikeldilmegini talap edýärler.

Şondan soň üsti un ýükli ýük ulagy protest geçirilýän ýere geldi we nägilelik bildirýänlere 2 kilogramdan un paýlap başladylar diýip, aşgabatly habarçy Marynyň häkimligindäki işgäre salgylanyp habar berdi.

Şeýle-de emeldarlar döwlet dükanlary arkaly ilatyň azyk üpjünçiligini gowulandyrmak üçin mümkin bolan ähli çäreleri görmegi wada berdiler. Un paýlanandan hem-de emeldarlaryň beren wadalaryndan soň, proteste ýygnananlary köşeşdirmek başartdy we olar dargaşdylar.

Türkmenistanyň ähli sebitleri indi üç ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady krizisiň täsirini başdan geçirýän hem bolsa, ilkinji nobatda döwlet dükanlary arkaly ilata ýeňillikli satylýan önümleriň görnetin ýetmezçiliginden hem-de ýurduň bazarlarynda azyk harytlarynyň bahalarynyň yzygiderli ýokarlanmagyndan, Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, Mary ýurduň krizisden iň köp ejir çekýän welaýaty bolup durýar.

Azatlygyň habarçylary bu welaýatyň döwlet dükanlarynda unuň we ösümlik ýagynyň jan başyna berilýän aýlyk normasynyň azyndan iki aý bäri berilmeýändigini habar berdiler.

Häkimiýetleriň ýurduň çäginde koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak çäreleri bilen baglylykda Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýy has-da agyrlaşdy. Häzirki wagtda sebitleriň arasynda awto ulag gatnawy we raýatlaryň hereketi tas doly diýen ýaly ýatyryldy hem-de goňşy döwletler bilen serhetler ýapyldy.

Döwlet baştutany 3-nji aprelde geçiren hökümet maslahatynda söwda resmilerine ýurtda azyk önümleriniň ýeterlik gorlaryny döretmek üçin goşmaça goldaw çärelerini görmegi tabşyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG