ABŞ-yň Wirjini Uniwersitetiniň çagalaryň infeksiýa keselleri bölüminiň baş lukmany Stiwen Staýhner koronawirus infeksiýasynyň pandemiýa öwrülip, bütin dünýäni ysmaz eden wagtynda, onuň çagalara täsiri barada "Amerikanyň sesi" radiosyna interwýu berdi.
Amerikanyň sesi: Häzirki wagtda koronawirus infeksiýasynyň çagalara täsiri barada nämeler mälim?
Stiwen Staýhner: Hytaýdan bolan pediatorlar topary örän özüne çekiji barlagy çap etdiler, onda 2 400-den gowrak çagada peýda bolan ol infeksiýanyň kliniki döreýşi beýan edilýär. Meniň pikirimçe, bu maglumat keseliň ýaýraýyş hem döreýiş modelini öwrenýän epidemiologlar üçin gymmatly bolar. Şol barlaga laýyklykda wirus haýsy ýaşdakylara, meselem, bir ýaşdan ýokardakylaryň haýsy birine ýeňil geçip bilýär. Görnüşinden, biziň öň çak edişimiz ýaly däl-de, bir ýaşa ýetmedikler munuň has agyr görnüşini başdan geçirýärler.
Munuň özi COVID-19wirusy ýokuşan çagalaryň planly bejerilýän wagtynda aýan edilmegi mümkin, belki-de, olar biziň çak edişimizden has agyrrak dümewi başdan geçirýändirler. Mundan daşary-da, uly ýaşdaky çagalarda keseliň alamatlary gowşak bildirýär ýa-da ol aslynda ýokdur, muny kesgitlemek örän möhüm. Barlanan netijelere baglylykda, meniň pikirimçe, çagalaryň jemgyýetçilik izolýasiýasy – daşarky gorag çäreleri edil uly ýaşdakylaryň derejesinde bolmaly, aýratnam daş ýüzünden sagdyn görünýän çagalar üçin.
Amerikanyň sesi: Aýan edilen maglumatlardan mälim bolşuna görä, ol kesel uly ýaşdaky adamlaryň arasynda köp. Bu wirus çagalara rehim edýärmi?
Stiwen Staýhner: Olbelli däl, häzir bu ýagdaý örän aktiw öwrenilýär.Birnäçe geň teoriýalar öňe sürülýär. Meniň pikirimçe, her halda kiçi ýaşdakylara wirus täsir etmez diýmek kyn. Geň tarapy, ululara garanda infeksiýa çagalara köp hüjüm edýär. Munda bakterial infeksiýalaram, biziň onuň öňüni almadyk wagtymyzda WICH infeksiýasy hem çagalara örän ýaramaz täsir edýärdi.
Çagalaryň agyrlaşan kesellerden nähili goranýandygyny biz takyk bilemzok. Çagalarda wirusyň bedendäki öýjüklere ýerleşmegi üçin reseptorlar – duýguly nerwi sapaklary az bolmagy sebäpdir diýen çaglama bar. Başgalar bolsa çagalarda özboluşly immunitet bolup, şol hem olary goraýandyr diýýärler. Belki-de, çaga organizmindäki immunitet COVID-19wirusynyň ýokuşmazlygyna ýardam edýändir hem keseliň akymyny ýumşadýandyr. Ýöne bularyň bary çaklama. Bu ugurlar öwrenilende, belki, bize COVID-19wirusyna garşy waksinany işläp taýýarlamaga kömek eder.
Amerikanyň sesi: Siz käbir çagada kesellemek howpunyň ýokary bolmagyny bellediňiz.
Stiwen Staýhner: Bizhas kiçileri nazarda tutýas. Umumylykda, çagalar hroniki ýarawsyzlyk ýagdaýynda, şol sanda respirator – dem alyş ýollarynda, ýürekde, meselem, ýüregi şikesli doglanda hem beýleki metaboliki kesellerde, doglanda immuno ýetmezçiligiň alamatlary bolanda, diňe bir COVID-19däl, islendik infeksiýanyň ýokuşmagy mümkin.
Amerikanyň sesi: Kiçi ýaşdakylar çagalar meýdançasynda oýnaýarlar, doglan gününi belleýärler. Şu meselede olary daşarky täsirden goramagymyz wirusyň ýaýramak derejesini peseltmäge ýardam edermi?
Stiwen Staýhner: Bu birtaraplaýyn bolar. Meniň pikirimçe, saglygy saklaýyş guramalary keselden goranmak babatynda ululara-da, çagalara-da deň derejede maslahat bermeli. Çagalar ene-atalarynyň hem daýzadyr daýylarynyň boýnunda bolýarlar. Olarda keseliň alamatlary bolmasa-da, ol keseliň ýokuşmak howpy ýokary bolan uly ýaşdaky hossarlaryna wirus geçirip bilerler. Jemgyýetiň hem maşgalanyň nazaryýetinden, bu örän howpludyr. Ýöne biz birneme öňdäki döwri nazarda tutup, ol keseliň ýaýramagyny hut häzirden, öz wagtynda azaltmalydyrys.
Amerikanyň sesi: Siziň pikiriňizçe, çagada keseliň alamaty bolmasa-da, hossarlary oňa, hamana, wirusy getiriji hökmünde garap bilermi? Sebäbi biz çagalary keselçilikden daşda saklasagam, bary bir olar başga çagalar bilen oýnaýarlar.
Stiwen Staýhner: Hawa, bu çylşyrymly ýagdaý, ýöne biz olary goramaga çalyşmalydyrys diýip hasap edýän. Aýratyn-da, çagalaryň uly toparlarda oýnamagyny çäklendirmek gerek. Çaganyň özünden uly doganlary bardyr, olaryň bary bir jaýyň içinde oýnap bilerler. Ýöne meniň pikirimçe, belli bir wagta çenli doglan güni diýip, uly topary ýygnamakdan saklanmak gerek.
Amerikanyň sesi: Şeýlelikde, biz çagalary goramak üçin nämeler etmeli?
Stiwen Staýhner: Köpçülikden belli bir çäk saklamagy iş ýüzünde berjaý etmek mümkin. Çaganyň şahsy gigienasyna ünsi güýçlendirmeli. Meniň çagalarym eýýäm uly, ýöne kiçi wagtlarynda olara ellerini ýuwmagy buýurmak, arassaçylyga üns bermeklerini talap etmek kyndy, men ony gowy bilýän. Ýöne biz aýdylýan düzgünlere eýermäge borçludyrys.
Amerikanyň sesi: Eger çagada şol keseliň alamatlary bar ýaly duýulsa, siz çagalaryň hossarlaryna nämeleri maslahat berýärsiňiz; olar keselhana ýüz tutmalymy ýa-da wraça jaň etmelimi? Bu şeýle bir amatsyz kesel.
Stiwen Staýhner: Dogry aýdýaňyz, muňa nähili çemeleşjegiňi biler ýaly däl. Şonuň üçinme çaganyň hossarlaryna ilkinji nobatda wraça ýüz tutmak amatly bolar. Biz kesellileriň Tiz kömegiň koridoryna itinişip durmagyny islemeýäris. Mümkin bolsa ol ýere mejbury barýanlara artykmaç azar bermeli däl. Eger sizde çynlakaý bir dert bolmasa, COVID-19ýüze çykmadyk bolsa, keselhana ýüz tutup, özüňizi hem maşgalaňyzy töwekgellige goýmak gerek däl. Zerurlyk bolan ýagdaýynda hökmany suratda doktora ýüz tutmaly. Ýöne siz alada edip, mümkin, ol keselden şübhäňiz bolsa, ilkinji nobatda wraça ýüz tutmaly.
Amerikanyň sesi: Çagalarda ol keseliň alamaty beýle bir bildirmeýär, şonuň üçin biz ol keseliň emele gelendigini aýdyň bilip bilmeýäris. Siziň pikiriňizçe, şeýle ýagdaýda çaga keselhana eltilmän, öýde bejerilse nähili bolar?
Stiwen Staýhner: Men wraçyň konsultasiýasyna eýermegi maslahat bererdim. Çagalarda ol keseliň alamatlary beýle bir bildirmeýär, hakykatdanam çagany öýde bejerseň gowy boljak ýaly, ýöne her bir ýagdaýyň aýratyn häsiýeti bar. Men çagalaryň hossarlaryna medisina işgärleri bilen maslahatlaşmagy teklip edýän.
Amerikanyň sesi: Siz ýene-de nämedir bir zat aýtmak isleýäňizmi?
Stiwen Staýhner: Häzirki dörän ýagdaýa hemmeleriň çynlakaý seretmegine hem-de özlerini gorajakdyklaryna ynam bildirýän. Örän agyr ýagdaýdan çykmak üçin, biziň herimiziň öz goşandymyzy goşmagymyz hem bize bagly zatlary berjaý etmegimiz zerur.
Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.