18-nji martda Daşkent şäher jenaýat kazyýetinde Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Karimowyň uly gyzy Gülnara Karimowa we onuň guramaçylygyndaky jenaýat toparynyň agzalaryna garşy ýanwar aýynda başlanan jenaýat işi tamamlandy.
Bu barada Özbegistanyň Ýokary kazyýetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Kazyýetiň kararyna görä, Gulnara Karimowa garşy talaňçylyk, hyýanatly peýdalanmak, ynanylan emlägiň eýelenmegi ýa-da harç edilmegi, bikanun ýol bilen edinilen pul serişdelerini we başga emlägi kanunylaşdyrma we beýleki jenaýatlar boýunça günä bildirilip, 13 ýyl 4 aý möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi.
"Jenaýat kanunçylygynyň kadalaryna laýyklykda we birnäçe jenaýat we jeza üçin jeza çärelerini göz öňünde tutmak bilen, jeza möhleti 2015-nji ýylyň 21-nji awgustyndan hasaplanýar" diýip, resmi beýanatda aýdylýar.
18-nji martda beýleki günä bildirilýänlere-de, olaryň jenaýata şärikligi hem-de jemgyýetçilik howpunyň we ýetiren zyýanlarynyň agramy göz öňünde tutulyp jeza berildi.
Kazyýet N. Sadykowy 20 ýyl, O.Swiridowy 17 ýyl 3 aý, A. Ergaşýowy 18 ýyl 1 aý, Ş.Sabirowany 17 ýyl 1 aý, G.Awakýany 3 ýyly synag jemi 5 ýyl 3 aý 21 gün möhlet bilen azatlykdan mahrum etdi.
J. Abdurahmanow we B. Teşabaýew kazyýet işiniň möhletiniň gutarmagy sebäpli jenaýat jogapkärçiliginden boşadyldy.
2017-nji ýylyň iýulynda Özbegistanyň Baş prokuraturasy Gülnara Karimowanyň iki ýyl ozal – 2015-nji ýylyň awgust aýynda bäş ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edilendigini habar beripdi. Şol döwürde derňewçileriň Islam Karimowyň uly gyzy bilen baglanyşykly ýene bir jenaýat işini derňeýändikleri habar berildi.
Merhum prezident Islam Karimowyň uly gyzy Gülnara Karimowa ozal Özbegistanyň Daşary işler ministrliginde işledi, Şweýsariýadaky halkara guramalarda birnäçe ýyl resmi Daşkende wekilçilik etdi, Özbegistanyň Ispaniýadaky ilçisi, Moskwadaky ilçihanasynda geňeşçi, ýurduň Birleşen Milletler Guramasynda hemişelik wekil bolup işledi. Karimowa geýim dizaýneri we aýdymçy hökmünde-de tanalýardy, Guli haryt nyşany bilen erkekler we aýallar üçin atyrlary hem-de egin-eşik ýygyndysyny, şeýle-de iňlis dilinde aýym-saz albomyny çykardy.
Ýöne 2013-nji ýylda ýewropa ýurtlarynda daşary ýurt tele-aragatnaşyk kompaniýalary bilen millionlarça dollarlyk şübheli amallar boýunça Gülnara Karimowa bilen baglanyşykly derňew işi başlandy.
2013-nji ýylyň aýagynda uly Karimowanyň biznes imperiýasy bütinleý ýykyldy. Onuň haýyr-sahawat gaznalary, telekanallary we dükanlary yzly-yzyna ýapyldy.
2016-njy ýylyň sentýabrynda Özbegistanyň ilkinji prezidenti Islam Karimow insultdan soň 79 ýaşynda aradan çykdy. Gülnara Karimowa kakasyny jaýlamaga gatnaşmady. Onuň şonda Daşkentde öý tussaglygynda saklanýandygy habar berildi.
2019-njy ýylyň martynda Gülnara Karimowa Daşkent welaýatynyň Zangiata etrabynyň 21 belgili jeza koloniýasyna ýerleşdirildi.
Geçen ýylyň awgustynda Özbegistanyň Baş prokuraturasy döwlet emlägini ogurlamak, ýurduň bähbitlerine ters gelýän amallary baglaşmak, şeýle hem aýratyn uly möçberde başgalaryň emlägini ogurlamak bilen bagly onuň garşysyna jenaýat işleriniň gozgalandygyny habar berdi.
Dekabr aýynda prokuratura “täze üsti açylan ýagdaýlar” hem-de “öňki derňewde üsti açylmadyk jenaýatlar” barada halkara strukturalaryň we raýatlaryň maglumatlary esasynda ýene bir jenaýat işini açdy.
Gülnara Karimowanyň gyzy Iman Karimowa kazyýet işiniň başlamagynyň öňýany maşgalanyň ejesi üçin hakyna tutan bäş aklawçysynyň iş boýunça materiallary aýan etmezlik hakyndaky resminama gol çekmäge mejbur edilendiklerini sosial mediada habar berdi. Iman Karimowanyň sözlerine görä aklawçylaryň ikisine “eger olar has işjeňleşseler, öz ygtyýarnamalaryny ýitirip biljekdikleri duýduryldy”. Bu proses barada özbek habar serişdelerinde häzire çenli hiç hili maglumat berilmeýär.
Gülnara Karimowanyň şweýsariýaly aklawçysy Grigoriý Mangeata abolsa 2019-njy ýylyň dekabrynda, hamana, aklawçy etikasyny bozandygy sebäpli, Özbegistana girmäge rugsat berilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.