Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan ilkinji dört raýatyna koronowirusyň ýokuşandygyny aýdýar


Gazagystan. Aeroportda ýolagçylaryň gyzgyny barlanýar.
Gazagystan. Aeroportda ýolagçylaryň gyzgyny barlanýar.

Gazagystanyň hökümeti merkezi aziýa ýurdunda ilkinji dört adam bilen bagly koronowirus hadysasyny tassyk etdi.

Saglyk ministri Elžan Birtanow 13-nji martda beýanat çap edip, Nur-Soltana Italiýadan dolanyp gelen aýalyň wirus barlagynda oňyn netije görkezendigini, ýagny oňa koronowirusyň ýokuşandygyny aýtdy.

Birtanowyň bu beýanaty ýurtda ilkinji iki raýatyň, Germaniýadan Gazagystanyň iň uly şäheri bolan Alamata dolanyp gelen bir erkegiň we bir aýalyň wirus barlaglarynyň koronowirus babatda oňyn netije görkezmeginiň yz ýanyndan edildi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ýurtdaky koronowirus hadysalary tassyklanylmazyndan biraz öň, koronowirus hüşgärligi sebäpli, resmileriň daşary ýurt saparlaryny togtatdy.

Şeýle-de Tokaýew hökümetiň kompaniýalara we guramalara maliýe goldawyny bermegi, olara çagalary bilen öýde galmaly bolan işgärleriniň tölegli işden galmagynyň harajatlaryny çekmäge kömek bermegi tabşyrdy.

XS
SM
MD
LG