Häzirki wagtda Gyrgyzystanyň Jalal-Abat şäher keselhanasynda iki aýal pyçak ýarasyndan ejir çekip, saglygyny bejerdýär. Aýdylyşyna görä, olar öz ärleri tarapyndan pyçaklanypdyr. Olaryň biri babatynda milisiýa bölümi heläkçilikli waka hökmünde derňew işini geçirýär. Ol hadysa myhmanhanada ýüze çykyp, är-aýal arasynda dörän dawa ganly çaknyşyga baryp ýetipdir. Jebir çeken aýalyň adamsyny hukuk goraýjy gurama tussag astynda saklaýar.
Ol aýal 7-nji fewralda Gyrgyzystanyň Jalal-Abat welaýatynyň Suzak raýonyndaky myhmanhanalaryň birinde pyçakdan ýaralanýar. Agyr ýagdaýda keselhana getirilýär. Häzir onuň ýagdaýy durnukly diýip, doktorlar aýdýarlar. 21 ýaşyndaky aýalyň teninde pyçak kesen yzlar bar eken. Bir hepde çemesi reanimasiýa bölüminde ýatansoň, ol aýaly 13-nji fewralda umumy kesellileriň palatasyna geçirdirler. Hut şu keselhanada, ýöne trawmatologiýa bölüminde onuň 36 ýaşly adamsy hem pyçakdan ýara alyp ýatyr. Onuň elini hem boýnuny pyçak kesipdir.
Suzak raýonynyň territorial keselhanasynyň direktorynyň orunbasary Ikram Anarbaýew bu maşgalanyň betbagtlygy barada şulary gürrüň berdi.
«Onuň adamsyny gije sagat 11 çemesi Tiz kömek maşynynda getirdiler. Ol agyr ýagdaýda eken, sebäbi köp gan ýitiripdir. 1999-njy ýylda doglan, ýagny ikinji heläk bolany ondan ýarym sagat soň, milisiýa işgärleri getirdi. Ol aýalyň boýnundan hem iki elinden pyçak ýarasy düşüpdir. Şonuň bilen birlikde onuň içki organlaryna, şeýle hem bykynyna zyýan ýetendigi kesgitlendi. Mundan daşary bagrynda ýara bilen ganöýme bar. Ol aýal örän agyr ýagdaýda eken, sebäbi olam köp gan ýitiripdir. Häzirki wagtda ol kesellileriň ikisiniň hem ýagdaýy ganymatlaşýar. Olar doktorlaryň gözegçiliginde» diýip, keselhana resmisi aýdýar.
Milisiýanyň maglumatyna görä, myhmanhanada ýüze çykan betbagtlyk barada Gyrgyzystanyň Jenaýat kodeksiniň «Saglyga agyr zyýan ýetirmek» maddasy boýunça suddan öňdäki derňew işleri başlanypdyr. Heläkçilige gatnaşan adam jenaýatda şübhe bildirilýän hökmünde, gorag astyna alnypdyr. Jalal-Abat welaýat içeri işler bölüminiň metbugat-wekili Nurdin Žeentaýewiň düşündirişine görä, ol adamyň teninde pyçakdan ýara bolansoň, häzir keselhanada bejergi alýar, ýöne milisiýanyň gözegçiligindäki aýratyn palatada saklanýar.
«Bolan hadysa baradaky informasiýa milisiýa bölümine 7-nji fewralda, agşam sagat 10 töweregi gowuşdy. Oş – Bişkek ýolunyň ugrundaky Suzak raýonynyň myhmanhanalarynyň birinde, är-aýal arasynda uruş-sögüş döräp, netijede olar biri-birini pyçak bilen ýaralapdyrlar. Kanun goraýjylar ol ýere baryp ýagdaýy gördüler hem ýaraly bolanlary Tiz kömek bilen keselhana getirdiler. Açylan jenaýat işiniň çäginde 36 ýaşly adam saklandy, ýöne ol aýratyn palatada ýatyp, saglygyny bejerdýär. Derňew işleri dowam edýär» diýip, Nurdin Žeentaýew aýdýar.
Är-aýalyň çaknyşygy Suzak raýonyndaky Oş -Bişkek ýolunyň golaýynda ýerleşýän «Dostuk» myhmanhanasynda ýüze çykypdyr. Myhmanhananyň ýolbaşçylary Azatlyk Radiosyna kommentariýa bermekden saklandylar. Jebir çekeniň ejesi Manzura Kazybekowanyň aýtmagyna görä, onuň gyzyna pyçakly topulan olaryň öňki giýewisi bolmaly. Ene bolan ýagdaýy özüçe şeýle düşündirýär.
«Men Orsýetde wagtymda, ol adam meniň gyzymyň başyny aýlapdyr hem özüne ikinji aýal hökmünde alypdyr. Nikadan geçmeli wagtynda, onuň aýalynyň bardygy mälim boldy. Men gyzymy ondan aýyrmaly boldum. Ýöne olaryň ortalyk çagalary bar, häzir ol üç aýlyk. Myhmanhanada näme bolup geçenini bilemok. Näme üçin ol meniň gyzymy yzly-yzyna pyçaklanynda, onuň gykylygyny başgalar eşitmändir? Şol ýagdaýda meniň gyzym penjireden aşak bökendir diýip çaklaýan. Bu ýagdaýa onuň adamsy öňden taýýarlanyp, ol ýere sowuk ýarag getiren bolsa gerek. Tiz kömek ilki bilen keselhana ony eltipdir, diňe iki sagat geçensoň meniň gyzymy şahsy maşyn bilen keselhana getiripdirler. Bolup geçen ýagdaýy bir-bir öwrenmek gerek» diýip, Manzura aýdýar.
Manzura Kazybekowanyň aýtmagyna görä, adamsy tarapyndan urlanda, onuň gyzy kanun goraýjy organlara ýüz tutupdyr.
«Ol adam meniň gyzymy uranynda, biz arza ýazypdyk. Şonda sud medisina ekspertizasy gyzymyň tenine ýara düşendigini tassyklady, onuň teninde ýara yzlary galdy. Ýöne näbelli sebäbe görä ol işi ýapdylar. Şondan soň ol meniň gyzymdan ar almak isländir» diýip, ene ýatlaýar.
11-nji fewralda Jalal-Abadyň şäher kliniki keselhanasyna 20 ýaşly başga bir aýal hem pyçakdan ýaralanyp düşdi. Doktorlaryň aýtmagyna görä, ol jebir çeken häzir özüni gowy duýýar. Şonuň bilen birlikde ol aýal hem, onuň adamsy-da medisina işgärlerine we milisiýa organyna öz aralarynda hiç bir konfliktiň bolmandygyny aýdýarlar. Pyçak ýarasy bolsa ol aýala tötänlikden düşüpdir.
«Nooken raýonynyň ýaşaýjysy öz düşündirişinde, şäher kwartirasynda wagtlaýyn kireýine ýaşaýandyklaryny aýtdy. Olar pyçak bilen oýun edipdirler, şonda tötänlik ýagdaýda, pyçak onuň maşgalasynyň üstüne düşüpdir. Ol ýygnanan faktlar esasynda «Tötänleýin ýagdaý» maddasy boýunça jenaýat işi açylypdyr. Derňew dowam edýär. Jebir çeken adamsyna garşy hiç bir şikaýatynyň ýokdugyny aýdýar» diýip, Jalal-Abat welaýat içeri işler bölüminiň metbugat-wekili Nurdin Žeentaýew düşündirýär.
Bir geň tarapy, ol gelniň 25 ýaşly adamsy öň hem çep budundan pyçak ýarasyny alyp, medisina hyzmaty üçin ýüz tutupdy.
Ombudsmen institutynyň Jalal-Abat welaýaty boýunça wekili Kyýal Toktobaýewa bolup geçen bu iki ýagdaýa kommentariýa berip, maşgalada zorlugyň dörmezligi üçin, prewentiw, ýagny islenmeýän ýagdaýyň öňüni almak çärelerini geçirmegiň zerurdygyny aýdýar.
«Häzirki wagtda hiç kim maşgala gymmatlygyna ýeterlik ähmiýet bermeýär, hatda uly ýaşdakylar öz çagalaryna maşgala gurmak, ony gorap saklamak barada düýpli düşünje bermeýärler. Ahyrynda munuň özi maşgalada zorlugyň ýüze çykmagyna, ýaşlaryň arasynda barlyşyksyz hereketleriň döremegine alyp barýar. Şonuň üçinem jemgyýetde onuň aýal ýa erkekdigine garamazdan, düşündiriş işlerini alyp barmak gerek. Raýat jemgyýetçilik hereketleri, din adamlary hem hökümet bilelikde, köptaraplaýyn iş alyp barmaly. Çaga hossarlyk edýänleriň jogapkärçiligini güýçlendirmek gerek. Kim jenaýat eden bolsa, ol kanunyň çäginde jogapkärçilige çekilmeli. 2019-njy ýylyň dowamynda biziň guramamyza maşgaladaky gazaply çaknyşyk hem zorluk faktlary boýunça 7 gezek ýüz tutuldy» diýip, ol resmi aýdýar.
2019-njy ýylda Gyrgyzystanda maşgaladaky zorluga degişli 8159 fakt hasaba alnypdyr, olardan diňe 554 iş suda ýetirilipdir. 7045 iş bolsa jebir çekenler tarapyndan garşylykly arzalaryň berilmegi hem arza-şikaýatyny yzyna alýandygy bilen baglanyşykly ýatyrylypdyr. Jalal-Abat welaýatynyň çäginde, 2020-nji ýylyň birinji aýynda maşgaladaky zorluk bilen baglanyşykly 52 ýagdaý hasaba alyndy.
Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.