Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ykdysady kynçylyklar sebäpli ýaş maşgalalar ‘aýrylyşýar’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar we işsizlik bilen baglylykda, Lebabyň Köýtendag we Kerki etraplarynda ýaş maşgalalaryň arasynda aýrylyşmak hadysalary köpelýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu welaýatdan habar berýär.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply habarçy, munuň bilen bir wagtda, çagalary üçin alimenti töläp bilmeýän adamlary-da has köp görse bolýandygyny aýdýar.

“Soňky ýyllarda ýaş maşgalalaryň arasynda aýrylyşmak hadysalary görnetin artdy. Muňa sebäp bolýan esasy zat işsizlik bolup, erkek adamlar maddy taýdan maşgalany ýeterlik derejede üpjün edip bilmeýärler. Bu bolsa aýal bilen erkekiň arasynda dawa-jenjeliň döremegine we olaryň nikany bozmagyna getirýär” diýip, habarçy 10-njy fewralda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, bu maglumatlary agzalan etraplaryň prokuratura we polisiýa edaralarynyň gizlinlik şertde söhbetdeş bolan işgärleri hem tassyklaýarlar. Sebäbi olar bu edaralaryň esasy iş wagtyny aýrylyşan jübütleriň arasyndaky dawany, şol sanda aliment meselesini çözmäge sarp edýändiklerini aýdýarlar.

“Aýallaryň köpüsi özleri bilen ýaşaýan çagalary üçin aýrylyşan adamsy tarapyndan tölenmeli alimenti alyp bilmeýärler. Şonuň üçin olar polisiýa ýa-da prokuratura edaralaryna ýüzlenýärler. Häzirki wagt aliment tölemek meselesi tutuş Lebapda uly mesele” diýip, habarçy lebaply prokuratura işgärleriniň biriniň sözüni getirdi.

Azatlyk Radiosy bu barada Köýtendag etrap statistika bölüminden kommentariý alyp bilmedi. Kerkiniň statistika bölümi bolsa, ýaş çatynjalaryň arasynda aýrylyşýanlaryň köpelmän, azalýandygyny mälim etdi.

“2018-nji ýylda [Kerki etrabynda] her aýda 70-80-e golaý aýrylyşýan ýaş çatynjalar bolsa, 2019-njy ýylda 60-a düşdi. Azaldy, köpelenok. Kim maglumat berýär? Olar ýalan, ýalňyz maglumatlar” diýip, özüni Kerki etrap statistika bölüminiň başlygy diýip tanyşdyran Atamyrat Jepbarow aýtdy.

Azatlyk Radiosy Lebap welaýat statistika müdirliginiň Sosial bölümi bilen habarlaşanda, telefona jogap beren resmi bu baradaky maglumatlaryň özlerinde bardygyny, ýöne Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komitetiniň rugsatnamasy bolmazdan olary berip bilmejekdigini aýtdy.

Azatlyk Radiosy komitetiň Demografiýa bölümi bilen hem habarlaşanda, telefona jogap beren resmi trubkany taşlamak bilen boldy we soňky jaňlara jogap bermekden saklandy.

Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanyň “Maşgala kodeksini tassyklamak we güýje girizmek” hakyndaky kanunyna görä, aliment ‒ maşgala agzalarynyň biriniň kanunda bellenilen halatlarda beýlekilerini ekläp-saklamak üçin tölemäge borçly bolan serişdeleridir.

Bu kanunyň 144-nji maddasyna görä, aliment çaganyň ata-enesiniň birinden her aýda şu möçberde tutulyp alynýar:

  1. bir çaga üçin - girdejiniň dörtden biri;
  2. iki çaga üçin - girdejiniň üçden biri;
  3. üç we şondan köp çaga üçin - girdejiniň ýarysy.

Soňky ýyllarda ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň, azyk önümleriniň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň hem-de gytçylygynyň, iş orunlarynyň kemeldilmeginiň fonunda, ýaşaýyş oňşugy kynlaşýan, şeýle-de zir-zibil dörýän, dilegçilik edýän adamlaryň barha köp göze ilýändigi barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary dowamly habar berýärler.

Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary tassyklap ýa-da inkär edip çykyş etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG