29-njy ýanwarda Konstitusion toparyň mejlisinde Baş kanuna giriziljek üýtgeşmeler we goşmaçalar barada maslahat edilipdir.
Onuň dowamynda, Mejlis bilen Halk Maslahatynyň iki palataly bir ulgama geçirilmegi bilen baglylykda, seredilýän dokumentde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 6-njy maddasynyň 1-nji bölümini aýyrmak teklip edildi.
6-njy maddanyň 1-nji bölümi (2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goşmaça hökmünde girizildi):
“Türkmenistanyň Halk Maslahaty Konstitusion kanuna laýyklykda hereket edýän we Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr”.
Täze organy Türkmenistanyň Milli Geňeşi atlandyrmak hem teklip edildi.
Konstitusion topar Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde ýurduň parlamentini iki palataly ulgama geçirmek babatda türkmen prezidentiniň eden teklibinden soň döredildi.
Bu topara Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi ýolbaşçylyk edýär. Toparyň başlygynyň orunbasarlygyna 4-nji oktýabrda Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowa bellenipdi