22-nji ýanwarda Mary şäheriniň Agzybirlik köçesinde esasy agyz suw turbasynyň ýarylmagy netijesinde ýaşaýjylar 14 sagatlap suwsuz galdylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berýär.
“Şu gün irden sagat 09:00 töweregi agyz suw turbasy çüýräp deşildi. Şondan soň bu köp gatly jaýlaryň ençemesinde suw kesildi. Adamlar öýlerinde suw akmaýandygy sebäpli goňşy dworlardan bedrelerde, plastmassa gaplarda suw daşadylar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 22-nji ýanwarda gürrüň berdi.
Onuň aýtmagyna görä, resmiler tarapyndan ýarylan suw turbasyny bejermek işlerine giçlik sagat 19:00 töwereginde girişildi we bu iş gije sagat 23:00-dan soň tamamlandy.
“Degişli edara tarapyndan tehnikalar getirilip, turbanyň deşilen ýeri gazyldy. Soňra ussalar kebşirleýji tehnika bilen turbanyň deşilen ýerini bejerdiler. Olar çüýrän turbany çalyşmagyň deregine, ony diňe ýamap goýdular” diýip, habarçy belledi.
Habarçynyň sözüne görä, Maryda ilatyň suw üpjünçiligi uly problema bolmagynda galýar. Köp gatly jaýlaryň ýerleşýän etrapçalarynda ençeme ýyl bäri tutuşlygyna täzelenmeýän turbalar çüýräp, ýygy-ýygydan hatardan çykýar. Ilat ençeme sagatlap, käte birnäçe günläp suwsuz kösenýär.
Mundanam başga, Marynyň käbir etrapçalarynda ilata agyz suw günüň dowamynda diňe belli-belli sagatlaryň arasynda berilýär.
“Şäheriň 3-nji mikroraýonynda agyz suwy sagatlaýyn akýar. Ýaşaýjylara irden sagat 06:00-dan 09:00-a çenli, günortan sagat 12:00-dan 14:00-a çenli, agşam sagat 18:00-dan 00:00-a çenli agyz suwy berilýär” diýip, habarçy belledi.
Ýaşaýjylar munuň bilen bagly dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Olar elleri bedreli ýokarky gatlara suw daşaýarlar ýa-da öz hasaplaryna nasos gurnap, ýerzeminlerden plastik turbalary çekmeli bolýarlar.
“Ýokarky gatlara suw diňe gijelerine çykýar. Plastmassa boçkanyň 500 litrligi bolsa 1200 manatdan bahalanýar. Bulary satyn alyp bilmedik hojalyklar goňşularyndan suw çekmeli bolýarlar ýa-da gije suw akan wagty öýlerindäki bar gaplary suwdan doldurmaly bolýarlar” diýip, habarçy gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar barada Mary welaýat we şäher häkimliklerinden kommentariý alyp bilmedi.
Türkmenistanda onlarça ýyl bäri ýaşaýyş jaýlaryň merkezleşdirilen suw üpjünçiligi yzygiderli çäklendirilýär. Jaýlara suw günde birnäçe sagadyň dowamynda berilýär ýa-da suw yzygiderli häsiýetde kesilip durýar.
Bu habarlaryň fonunda, türkmen häkimiýetleri ýurduň suw resurslarynyň ilat tarapyndan özbaşdak ulanylmagyna gözegçiligini artdyryp, ýerasty suwlary çekýän gurallary hasaba alyp başladylar.
Dünýä derejesinde Türkmenistan iň uly suw defisitli ýurtlaryň biri hasaplanylýar. Dünýäniň 17 döwletinde, şol sanda Türkmenistanda suw üpjünçiliginiň ýagdaýy tas “nola” deň bolup, uzakly günüň dowamynda kranlardan suw akdyrylmaýar diýip, Bütindünýä Resurslar Institutynyň (BRI) geçen ýylyň 6-njy awgustynda çap eden hasabatynda aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.