Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şinjiangdaky repressiýalar hem-de Merkezi Aziýa hökümetleriniň dymmagy


Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň Almatydaky bölümine gelenler öz hossarlarynyň Şinjiangdaky «täzeden terbiýeleýiş syýasy lagerinde» saklanýandygyny aýdýarlar. 2019-njy ýylyň 30-njy oktýabry.
Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň Almatydaky bölümine gelenler öz hossarlarynyň Şinjiangdaky «täzeden terbiýeleýiş syýasy lagerinde» saklanýandygyny aýdýarlar. 2019-njy ýylyň 30-njy oktýabry.

Halkara köpçülikleýin habar serişdeleri Hytaýyň Şinjiang welaýatynda etniki azlykdaky milletleriň, şol sanda gazaklaryň hukuklarynyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar. Hytaýyň «täzeden terbiýeleýiş lagerinde» bolanlar gynamalara duçar edilişini gürrüň berýärler. Şol ýagdaýyň fonunda, habar serişdeleri Nur-Sultan bilen Pekiniň gatnaşyklaryna analizleri hem-de ABŞ-yň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň bäş «stana» etjek saparynyň ýatyrylmagy bilen bagly kommentariýalary berýär.

«TÄZEDEN TERBIÝELEÝIŞ LAGERINDE» BOLANLARYŇ GÜRRÜŇI

Kataryň Al Jazeera telekanaly „Etniki gazaklar saklanýarlar hem-de hytaý lagerlerinde dürli gynamalara sezewar edilýärler” diýip, Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang welaýatynyň yslam dinine uýýan etniki azlykdaky milletleri barada wideoreportažy öz saýtynda goýupdyr. Ol materialyň ýany bilen «täzeden terbiýeleýiş syýasy lageriniň» öňki tussaglarynyň başdan geçirenleri hem ýerleşdirilýär. «Lagere» uýgurlaryň, gazaklaryň, gyrgyzlaryň hem beýleki ýerli milletleriň wekilleriniň mejbury iberilýändigi aýdylýar.

Hytaýdan Gazagystana gelen, milleti gazak bolan Orynbek Koksebek öz interwýusynda aýtmagyna görä, Şinjiangdaky şol ýapyk edarada oňa zor bilen derman beripdirler hem sanjym edipdirler. Bu bolsa onuň saglygyna fiziki hem psihologiki taýdan zyýan ýetiripdir. Ol «lagerde» nämeleri başdan geçirendigini dolulygyna ýadyna salyp bilmeýär, ýöne Hytaýyň gimnini aýtmaga, goşgulary okamaga mejbur edendiklerini aýdýar. Orynbek Koksebek başdan geçirenlerini 2018-nji ýylyň maý aýynda Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi. Şonda ol üstünden buzly suw guýlandygyny hem eli gandally durandygyny aýdypdy.

Ýokarda ýatlanan telekanalyň habarçysy hytaý «lagerinden» çykan tussaglaryň Gazagystanda interwýu berseler-de, köpüsiniň gorkudan ýaňa öz atlaryny aýtmakdan ýüz öwrendiklerini belleýär.

«Атажұрт еріктілері» atly ynsan hukuklaryny goraýjy guramanyň işgärleri Hytaýyň berk goragly «lagerinde» bolan iki müňden gowrak etniki gazagyň ýa-da olaryň hossarlarynyň aýdyp berenlerini ýazyp aldylar. Bu jemgyýetçilik guramasynyň maglumatyna görä, 500 müň çemesi etniki gazak Hytaýdaky şol «lagerlerde» saklanýar, müňlerçe maşgala öz hossarlarynyň diridiginden habarsyzdygyny aýdýar.

«Атажұрт еріктілері» guramasynyň agzasy Erbol Dauletbek Hytaýyň etniki azlykdakylary «ideologiki taýdan täzeden işleýändigini», olara hytaý dilini mejbury öwredýändiklerini, öz dinlerini unutmagy üçin, gynamalara sezewar edilýändiklerini aýdýar.

Hukuk goraýjy Aýna Şormanbaýewa bolsa Şinjiangdaky repressiýa duçar edilýänleri goramak üçin, halkara instrumentiň ýokdugyny belleýär.

Halkara hukuk goraýjy Human Rights Watch guramasynyň wekili Sofi Riçardson ol «lagerleri» gürrüňsiz hem çalt ýapmak barada çagyryş edip, Şinjiangdaky jeza beriji kompaniýalar bilen dahylly bolanlara, şeýle-de bu syýasata dahylly syýasy şahslara garşy sanksiýa girizmegi öňe sürýär.

Al Jazeera beýleki bir wideoreportažynda «Hytaýda saklanan musulmanlar mejbury abort etdirendigi aýdýarlar» ady bilen şu temany dowam etdirýär. Onda etniki gazak Gülzira Mogdin Hytaýdan Gazagystana gelensoň, Şinjiangda başdan geçirenlerini gürrüň bermäge gaýrat tapypdyr. Gülzira Mogdiniň gürrüňi 2018-nji ýylyň oktýabrynda Azatlykda çykypdy.

«Mejbury edilýän abort». Şinjiangdan geleniň tobasy

Gülzira Mogdin katar telekanalyna Hytaý serhedini kesjek bolanynda ele düşendigini gürrüň beripdir. Muňa sebäp WhatsApp telefon ýazgysy bolupdyr. Şo ýerden ony medisina barlagyna iberip, göwresinde çaga baryny bilipdirler hem mejbury aborta iberipdirler. Ony klinikada saklap, inçekesele garşy derman beripdirler. Gülzira şondan soň özünde mydamalyk başagyrynyň peýda bolandygyndan zeýrenýär.

Şinjiangdan başyny gutaran gazak zenany žurnalistlere ol ýerde mejbury abort edilýändigini, göwreli bolmazlyga garşy çäreleriň ulanylyşyny, birnäçeleriň zorlanma – seksual kemsitmä sezewar bolýandygyny gürrüň beripdir. Hukuk goraýjylar beýle çäreleri Şinjiangda ýaşaýan türki dillilere garşy ulanýan «Hytaý ýaragy» diýip atlandyrýarlar.

Al Jazeera kanalyna interwýu beren Almaty şäherinden graždan aktiwisti Žanbolat Mamaý Gazagystanyň hökümetlerini başga ýurtlarda edilişi ýaly, daşary ýurtlarda ýaşan ildeşleriniň hukugyny goramaga çagyryş etdi.

Gazagystanyň prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar institutynyň işgäri Iskander Akylbaýewiň sözüne görä, gazak hökümeti etniki gazaklaryň hukuklaryny goramak barada açyk karara gelip bilenoklar. Gazagystan bilen Hytaýyň arasynda «salykatly tema» saýylmaýar. Onuň sözüne görä özara gatnaşyklary ýitirmezlik üçin, Nur-Sultany «gazak usulyndaky diplomatiýa» kanagatlandyrýar.

HUSUSAN ŞINJIANGDAKY ÝAGDAÝ BARADA BÄŞ «STANYŇ» DYMMAGY

Britaniýanyň täzelikler agenti Reuters öz saýtynda «Pompeonyň saparyndan öňinçä, Hytaý Merkezi Aziýanyň goldawyna ynanýar» atly makala goýdy. «Geljek hepdede [ABŞ-yň Döwlet sekretary Maýk] Pompeo Gazagystana we Özbegistana – Hytaýyň ýakyn goňşularyna sapar eder. Olar Şinjiangdaky syýasy ýagdaýlary tankyt etmeseler-de, Şinjiangyň graždanlary bular bilen medeni hem dini babatdan ýakyn gatnaşykda» diýlip, makalada aýdylýar.

1-nji ýanwarda ABŞ-yň döwlet departamenti Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlaryň dartgynlydygy sebäpli, Maýk Pompeonyň saparynyň yza galdyrylýandygyny mälim etdi.

Şol makalada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekili Gen Şuanyň sözleri sitirlenýär, ol hususan-da Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy Şinjiangdaky ýagdaýa, ABŞ-a garanda «has gowy düşünýär» diýipdir. «Eger ABŞ ýene-de özüniň öňki emelini ulanmaga synanyşsa, bu peýdasyz bolar. Şinjiangdaky ýagdaýa Merkezi Aziýa ýurtlary düşünýärler hem Hytaýyň pozisiýasyny goldaýarlar. Hytaýyň ol ýerde terrorizme hem ekstremizme garşy alyp barýan çärelerine položitel baha berýärler» diýip, ol mälim edipdir.

Hytaýyň prezidenti Si Jinpiň resmi sapar bilen Pekine baran Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi garşy alýar. 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabry.
Hytaýyň prezidenti Si Jinpiň resmi sapar bilen Pekine baran Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi garşy alýar. 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabry.

Waşingtonda çap edilýän Diplomat gazeti «ABŞ-yň Döwlet sekretary Pompeonyň Merkezi Aziýa etjek saparyndan nämä garaşyp bolar» atly makalasynda, ABŞ-yň bu regiondaky strategiýasyny kommentirleýär.

30-njy dekabrda aýdylyşyna görä, Pompeo 4-nji ýanwarda Minskiden Nur-Sultana uçmalydy. Ol 5-nji ýanwarda prezident Kasym-Žomrat Tokaýew hem (geçen ýylyň martynda wezipesinden çekilse-de, giň çäkdäki ygtyýarlygy öz elinde saklaýan) eks-prezident Nursultan Nazarbaýew, DIM-i Muhtar Tleuberdi bilen duşuşar diýlip çaklanýardy.

ABŞ-yň döwlet departamenti Waşington Merkezi Aziýa döwletleriniň «garaşsyzlygyna, özygtyýarlygyna hem territorial bitewiligine» hormat goýýar diýip, resmi suratda mälim etdi. Bu mydama gaýtalanyp gelýän diplomatik adalga, ondan aňladylýan many bolsa, ol regiondaky beýleki goňşy döwletler - Russiýa hem Hytaý ol kanuna beýle bir hormat goýmaýarlar diýlip, makalada aýdylýar.

Pompeo Nur-Sultanda «[ABŞ bilen] strategiki partnýorlygyň giňelmegini öňe sürer hem-de iki taraplaýyn söwdany we inwestisiýany giňeltmegiň ýollaryny maslahatlaşar» diýlip çaklanýardy. Tokaýewiň Nazarbaýewi çalyşmagy bilen bagly döwlet departamentiniň: «Prezident Tokaýew syýasy hem ykdysady reformalary geçirmekde öz üstüne umyt dörediji borçlary aldy, indi biz ol borçlaryň ýerine ýetirilmegine sabyrsyz garaşýarys» diýip bildiren ynanjy hem ol makalada ýatlanylýar.

Şonuň bilen birlikde makalada «Hytaýa garanda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Owganystan meselesini maslahatlaşmaga Waşingtonyň uly mümkinçiligi bar» diýlip bellenipdi. Bäş «satn» bolsa Hytaýa ykdysady taýdan garaşly, olar Pekiniň öňünde uly möçberde bergidar. «Häzire çenli hiç bir Merkezi Aziýa döwleti Şinjiangda azlykda ýaşan musulmanlaryň, şol sanda gazaklaryň, gyrgyzlaryň hem beýlekileriň başgalara garylýandygy barada kesgin (ýa-da umuman) çykyş etmedi» diýip, Diplomat neşiri ýazýar.

Merkezi Aziýanyň Hytaýa bergisi näçe

HYTAÝ NÄDIP AZLYKDAKYLARY «IŞÇI ARMIÝASYNA» ÖWÜRÝÄR?

Amerikan gazeti New York Times «Hytaýyň öz içindäki musulman azlyklary işçi armiýasyna öwürmek syýasaty» atly giňişleýin analitik makalasynda, Şinjiangdaky azlyklara, aýratyn-da uýgurlar bilen gazaklara garşy alnyp barylýan syýasaty beýan edýär hem olaryň senagat kärhanalarynda, hususan dokma senagatynda mejbury zähmete çekilýändigini ýazýar.

«Hökümetleriň basyşy bilen garyp fermerler, ownuk söwdagärler, şeýle hem işsiz galan oba ilatynyň işe ukyply topary birnäçe hepdeleriň hem aýlaryň dowamynda, hünär öwrediji hem ideologiki taýýarlyk berýän kurslara gatnaşdyrylýar. Soňra olara egin-eşik hem aýakgap tikmegi tabşyrýarlar, olara köçe süpürdýärler ýa başga işleri buýurýarlar» diýip, New York Times ýazýar.

Hytaý resmileriniň aýtmagyna görä, uýgurlar hem gazaklar «oba ýerlerindäki artykmaç işçi güýçleri» hasaplanýar, olar ýeterlik derejede iş bilen üpjün däl, bu bolsa sosial durgunlylyga wehim salýar. Şoňa görä hytaý resmileri hökümetiň kontrollygy astynda, olary durnukly iş ýerleri bilen üpjün edýär, hökümet olary garyplykdan alyp çykýar hem dini ekstremizmiň, güýç ulanmagyň öňüni alýar. Bu ýagdaýa tankydy göz bilen garaýanlar bolsa, Pekiniň azlykdakylary boýun egdirmek hem köplükdäkilere goşup-garmak syýasatydygyny aýdýarlar diýip, makalada bellenýär.

Hökümetler 2020-nji ýylyň aýagyna çenli Şinjiangyň günortasyndaky aglaba köplügi uýgurlar ýaşaýan garyp raýonlardan 100 müň adamy işe çekmegi planlaşdyrypdy. Golaýda hytaý hökümeti ol işiň möhletinden bir ýyl öň amala aşandygyny aýtdy. Beýleki bir plana görä, 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Şinjiangda dokma hem tikinçilik senagatynda bir million işçi işlediler. 2017-nji ýylda bolsa şol pudakda takmynan ýüzlerçe müň adam işläpdi.

Şinjiangdaky senagat kärhanalary «täzeden terbiýeleýiş syýasy lagerleriň» ýanyndan gurulýar, olarda işlemek üçin, «lagerde» saklanýanlary peýdalanýarlar. «Şinjiangda ýaşaýan etniki azlykdaky milletler üçin gurulýan kärhanalar iş orunlaryny döretmek däl, eýsem harby gulluga çagyrmak çäresine meňzeýär» diýip, New York Times ýazýar. Ol ýerden işçiler işden çykyp bilmeýärler, «ynamy ödemeýänler» bolsa agşamky sagatlarda «täzeden taýýarlaýyş kurslaryna» iberilýär.

Resmi metbugatyň habar bermegine görä, ol ýerdäki işçiler aýda 400 dollar we ondan köpräk gazanýarlar, ýöne hakykatda olaryň eline alýany ol görkezijiniň golaýyna baranok. Şinjiang boýunça ekspert Andriana Zentsa olaryň aýda ortaça 114 dollar gazanýandygyny aýdýar.

Şinjiangyň 31 ýaşly ýaşaýjysy Amanžol Kisa bir ýyl «lagerde» bolansoň, tikin fabrigine işe ugradylypdyr. Oňa aýda 115 dollar tölenipdir, bu bolsa iň az aýlyk hakynyň ýarysyndan hem azdyr.

Resmi maglumata görä, Hytaýda öndürilýän pagtanyň 85% Şinjiangda ýetişdirilýär. Pekin köp dokma önümlerini hem tikinçiligi ösdürmäge jan edýär. Bu ugurdaky her bir işde döwletiň «iş orunlaryna ýerleşdirmek» programmasynyň bardygyny New York Times belleýär.

Şinjiangdaky adam hukuklarynyň bozulmalary barada artýan närazylyklar sebäpli ynsan hukuklaryny goraýjylar dünýäniň dokma senagaty kärhanalaryna basyş edýärler. ABŞ golaýda Hetian Taida kompaniýasynyň tiken egin-eşiklerine gadagançylyk girizdi, sebäbi ol kompaniýa «lagerdäki» bendileriň zähmetinden peýdalanýan bolmaly diýen çaklama bar. Ýaponiýanyň Uniqlo kompaniýasy hem Şinjiangdaky kärhanalar bilen işleşmejegini mälim etdi.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG