Pakistanyň günorta-günbataryndaky Kwetta şäherinde, janyndan geçen bombaçynyň hüjümi netijesinde, baýry polisiýa ofiseri we 14 adam öldürildi diýip, resmiler aýtdy.
Bulujystan welaýatynyň içeri işler ministri Ziaullah Langove 10-njy ýanwarda, welaýat paýtagty Kwettada bir metjitde namaz wagtynda bolan partlamada 19 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.
Ýaralylaryň käbirini ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar. Langovebombaçynyň öz bedenine berkiden partlaýjysyny dindarlaryň arasynda partladandygyny aýtdy.
Hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremist topary öz boýuna aldy we munuň janyndan geçeniň hüjümi bolandygyny aýtdy. Öldürilenleriň arasynda polisiýanyň başlygynyň orunbasary hem bar.
Şeýle-de, partlamada namazyň başyny çeken ruhany, tanymal “talyban” lideriniň ýoldaşlary we garyndaşlary hem öldi diýip, habarlarda aýdylýar.
Bu metjit owgan “Talybany” tarapyndan dolandyrylýan yslamçy medresäniň bir bölegi eken.
Serişdä baý we Owganystan hem Eýran bilen araçäkleşýän Bulujystan mezhep zorluklarynyň, yslamçy jeňçileriň hüjümleriniň we separatist pitneçiliginiň mesgenine aýlanyp, 2004-nji ýyldan bäri müňlerçe adamyny ýitirdi.