Türkmenistanlylar üçin resmi mediada tassyklanylýan ösüşli ýyllaryň ýene biri – 2019-njy ýyl taryha gidýär; ol ýönekeý raýatlar üçinesasy ulanylýan harytlaryň gytçylygy, azyk we manat nobatlary bilen geçdi, syzyp çykan resmi we resmi däl maglumatlar gazanç üçin daşary ýurtlara gidýänleriň köpelýändigini görkezýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýyl jemlände 2019-njy kyn, "biz üçin oňat ýyl boldy" diýdi.
Şol bir wagtda döwlet telewideniýesi ‘azyk bolçulygynyň’ döredilendigini subut etmäge çalşyp,ýokary wezipelileriň arasyndaky korrupsiýanyň ýokary derejelere ýetendigini tassyklaýan ‘teletobalaryny’ efire bermegini dowam etdirýär.
Bilinýän we bilinmeýän korrupsiýa
Germaniýanyň “MAN Group” kompaniýasynyň öňki ýolbaşçysynyňMýunhen sudunda seredilen korrupsiýa işi bolsa, "Türkmennebit" kompaniýasynyň öňki ýolbaşçylaryna 2002-nji we 2007-nji ýyllar aralygynda berlen ençeme millionlyk parany ýüze çykaryp, Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň başyndan örç alandygy aýdylýan korrupsiýanyň hakyky derejesi barada bilinýän detallaryň örän azdygyny tassyklady.Ýogsa bu ýyl, “Türkmenistan – rowaçlygyň watany” diýlip atlandyrylypdy.
2019-njy ýylşol wagtky içeri işler ministri Isgender Mulikowyň Gurbanguly Berdimuhamedowa ýylyň ilkinji gününde doglandygy aýdylan taýçangy sowgat bermegi bilen ýatda galdy: prezident ol taýçanaga “Rowaç” diýip at dakdy, oňa bagyşlap goşgy ýazdy. Soň ol bu taýa bagyşlap, agtygy Kerimguly bilen aýdym hem döretdi.
Berdimuhamedowyň “Rowaç” taýçanagynyň ady ýyl aýagynda Balkan welaýatynda açylantäze oba dakylsa, 13-nji dekabrda tomaşaçylara elýeterli bolan 150 million dollarlyk amerikan kinosynda Turgistan atlandyrylan toslama ýurduň ýowuz diktatory hem Rowaç diýlip atlandyryldy.
Biraz öňe gidip aýtsak, 2019-njy ýyl Türkmenistanyň prezidentiniň we döwlet telewideniýesiniň bilelikde edýän ‘wagyzçylyk tagallalary’ dünýä belli amerikan satira gepleşiklerine düşüp, Türkmenistany has kän ‘dünýä tanatmakda’ hem ‘rowaç’ boldy.
Resmi ösüş sanlarynyň arkasynda gizlenýän hakykat
Emma bu ‘rowaçlyklar’, yzygiderli çap edilýän ösüş sanlary, şonuň birlikde pagta planynyň dolandygy barada berlen resmi maglumatlar hakykatda ýurduň ykdysady kynçylyklarynyň ýeňleýändigini, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny tassyklamady.
Azatlyga dekabryň aýagynda gowşan maglumata görä, diňe Lebap welaýatynda soňky ýyllarda ondan gowrakhaly fabrigi ýapyldy we, prezidentiň “iş orunlaryny” sözüni geçen ýyldakysyndan biraz kän agzandygyna garamazdan, 2019-njy ýyl iş orunlarynyň kemelmeginiň dowam etmegi bilen taryha girdi.
Şol bir wagtda, häkimiýetler aýlyklaryň her ýyl 10 prosent çemesi artdyrylýandygyny aýtsalar-da, harytlaryň we durmuşyň näçe prosent gymmatlandygy, manadyň hümmetiniň näçe prosent pese gaçandygy, ýapylan ýa täze açylan iş orunlary barada, daşary ýurtlara iş gözläp giden zähmet migrantlary barada anyk sanlary çap etmediler.
Türkmenistanyň ykdysady kynçylyklary global energiýa bahalarynyň arzanlamagy, Aşgabadyň Tähran, Moskwa ýaly iri gaz alyjylaryny ýitirmegi, şeýle-de ykdysady taýdan özüni ödemeýän milliardlarça dollarlyk gurluşyklara hasapsyz serişde harçlanmagy, dolandyryş gowuşgynsyzlygy we agyr ýagdaýyň boýun alynmazlygy, ýalňyşlyklaryň dowam etdirilmegi netijesinde çuňlaşdy diýip, ekspertler aýdýarlar.
Gaz söwdasyndaky dawalar we tölenmedik tölegleriň näbelli ykbaly
Ýylyň dowamynda Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky gaz ýa-da töleg dawasynyň haýsy tarapyň peýdasyna çözüljekdigi, umuman bu işiň soňky ýagdaýy anyk bolman galdy, şonuň bilen birlikde, Eýrana gaz akdyrylan geçirijiniň indi haçan ulanyljagy, Türkmenistanyň Eýrana bu golaýda gaz satyp-satmajagy hem belli bolman galýar.
Metbugat habarlaryndan mälim bolşuna görä, Türkmenistan Eýrany ýüz millionlarça dollar gaz tölegini tölemezlikde aýyplaýar.
“Türkmengaz” bilen “Gazpromyň” arasyndaky dawa, görnüşinden, belli bir derejede çözüldi, Aşgabat geçen tomusda Moskwa gaýtadan gaz satmaga başlady, emma resmi türkmen mediasy bu maglumaty kän wagyz etmedi. Mälim bolşy ýaly, rus-türkmen gaz dawasy 2015-nji ýylda, türkmen tarapynyň “Gazpromy” alan gazy üçin bergisini bermezlikde aýyplamagy, hatda tölege ukypsyz diýip yglan etmegi bilen güýçlendi.
Moskwa bolsa türkmen gazynyň bahasyna täzeden seredilmegini we öňünden tölenen 5 mlrd dollaryň yzyna berilmegini talap etdi. Indi Türkmenistanyň Orsýete ýylda 5,5 mlrd kub metr gaz satjakdygy aýdylsa-da, onuň näçeden satyljagy syr bolup galdy.
Ikinji tarapdan, Berdimuhamedowyň tassyklamagyna görä, nebit-gaz toplumynda, esasan hem nebit we gaz çykarmakda, onuň senagat gorlaryny artdyrmakda soňky ýyllarda alnyp barylýan işleriň netijesi pese düşýär, ýyllyk meýilnamalaýyn borçnamalar yzygiderli ýerine ýetirilmän gelýär.
Şol bir wagtda, türkmen prezidentiniň rus liderlerine alabaý güjüklerini sowgat bermegi dowam etdi, şeýle-de Aşgabat importy artdyryp, Orsýetde öndürilýän awtoulaglary satyn almagyny ýygjamlatdy, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy bolsa, “Gazprom” bilen baglaşylan täze şertnamadan soň, 2003-nji ýyldan soň rus raýatlygyny alan türkmen raýatlaryna daşary ýurt pasportlaryny bermek üçin dokument kabul edip başlady, emma ýyl ahyryna çenli pasport alanyň bolmandygy aýdylýar.
Şu aralykda Türkmenistanyň esasy gaz alyjysy Hytaý boldy, 2009-njy ýyldan häzirki wagta çenli Merkezi Aziýa-Hytaý gazgeçirijisi arkaly 270 milliard kubmetr gaz akdyryldy, ýöne bu ýurda hem gazyň näçeden satylýandygy, Pekin bilen hasaplaşygyň detallary anyklaşdyrylmaýar.
Orsýet bilen gaz söwdasynyň dikeldilmeginden başga, resmi Aşgabadyň ikinji ‘hoş habary’ ýurduň pagta planynyň ‘dolmagy’ boldy.
Oba hojalygyny özgertmedik özgertmeler
Prezident Berdimuhamedow 2019-njy ýyl mynasybetli gutlagynda doňuz ýylynyň türkmenistanlylar üçin “bereketli”, bolçulyk ýyly boljagyny aýdypdy. Aýdylyşy ýaly, ýyl ygally geldi, ýurduň bir topar ýerini, şol sanda ekerançylyk meýdanlaryny sil suwlary basdy.
Goňşy Eýranda, Owganystanda suw joşgunlary we sil netijesinde çekilen zyýanlar, adam heläkçilikleri, ilata edilýän kömek barada yzygiderli habar berilse-de, türkmen mediasy bu tebigy ýagdaýyň netijeleri barada maglumat bermegi zerur hasaplamady.
Muňa derek, çap edilýän ösüş sanlaryna laýyklykda, 2018-nji ýyldakydan tapawutlylykda, şu ýyl Ahal welaýatynyň häkimligine bellenen Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde, welaýat häkimleri käýinç däl, ‘netijeli işleri’ – gowaça meýdanlarynda dowam edýän mejbury zähmete garamazdan, sylag aldy.
Şonuň bilen bir wagtda-da häkimiýetler pagta ýygymynyň dekabryň soňky günlerine çenli dowam etdirilendigini, mejbury zähmetiň saklanyp galýandygyny iş ýüzünde tassyk etdiler.
Türkmenistanyň gowaça meýdanlaryndaky mejbury zähmet sowet ýyllaryndan uç alýar we synçylar agyr şertlerdäki pagta önümçiliginiň oba adamlarynyň saglygyna, çaga ölüminiň derejesiniň ýokary galmagyna, oba çagalarynyň döwrebap bilim almagyna zarba urýandygyny we ekologiýa problemalaryny güýçlendirýändigini aýdýarlar.
Türkmen hökümeti bu aýdylýanlary iş ýüzünde inkär edip, “Altyn asyr” türkmen köli taslamasyna ýüz millionlarça dollar serişde harçlaýar we şor suwlary bir ýere toplamak praktikasynyň wagzy 2019-njy ýylda hem dowam etdirildi.
Hünärmenleriň köpüsiniň pikiriçe, şor suwlaryň gömlen kanallar arkaly ýurduň bir künjünden başga bir künjegine akdyrylmagy netijesinde, hapa suwlar ýere siňip we bugaryp, uly ekologiýa meselelerine sebäp bolýar.
Ozalky suw hünärmeni Nurmuhammet Hanamowyň Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, Aşgabat suwy bisarpa ulanmagy dowam etdirip, ozal gurlan suw desgalaryna esewan etmän, jogapkärçiligi öz üstüne almagyň deregine, Aral deňzi, daşky gurşaw bilen bagly problemalaryň halkara guramalarynyň kömegi bilen çözülmegine garaşýar.
Berdimuhamedow soňky birnäçe ýylda oba hojalygyndaky agyr ýagdaýy bölekleýin boýun aldy, hasyllylygyň pese gaçandygyny, ýerleriň şorladylandygyny, zeýkeşleriň arassalanylmaýandygyny, suwuň we suwdesgalarynyň netijeli ulanylmaýandygyny, daýhanlaryň netijeli işläp bilmeýändigini, ýurtda öndürip boljak oba hojalyk önümleriniň altyn pula import edilýändigini, ýerlerdäki ýolbaşçylygyň gowşakdygyny öz sözleri bilen birnäçe gezek tassyk etdi, degişli ýolbaşçylary täzeledi we ikinji oba hojalyk reformasyny yglan etdi.
Emma onuň 2018-nji ýyldaky oba hojalyk tekliplerinden soň bu pudakda nähili özgerişlikleriň amala aşyrylýandygy aýdyň däl.
TDH ýurduň ýerli bazardan artan önümleri daşary ýurtlara eksport edýändigini habar berýär, ikinji tarapdan, ösümlik ýagyny öndürmek üçin goňşy Özbegistandan pagta çigidiniň satyn alynýandygy, başga ýurtlardan tohumlyk bugdaý getirilýändigi, hatda ýylda 3 millionlap ekilýän bag nahallarynyň hem köpüsiniň daşardan satyn alynýandygy aýdylýar.
Türkmenistanda ilkinji we ikinji prezident tarapyndan yglan edilen oba syýasatlarynyň netijesizligi müňlerçe obalynyň iş gözläp şäherlere, daşary ýurtlara gitmegine sebäp boldy, ozallar müňlerçe adama iş orny bolan balykçylyk, maldarçylyk pudaklary hem agyr ýagdaýa düşdi diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.
Şu ýylyň başynda pajygaly ýagdaýda ýogalan ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň maglumatyna görä, ýurtda döwlet eýeçiligindäki maldarçylyk hem indi ‘halys yzyndan ýetdirene’ meňzeýär.
Prezident Berdimuhamedow 27-nji dekabrda ýylyň jemlerine bagyşlanan hökümet mejlisinde şu ýyl 1 million 700 müň tonna golaý galla hasylynyň ýygnalyp, ýurduň azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigi, 1 million tonnadan gowrak pagta hasylynyň ýygnalandygy barada ozal aýdan sözlerini gaýtalady.
Emma synçylar, syzyp çykýan maglumatlara we ýerlerdäki hünärmenlere, kärendeçilere salgylanyp, ýurtda sowet döwrüniň artdyryp ýazmak, pripiska praktikasynyň “doly güýjünde” dowam etdirilýändigini öňe sürýärler.
Aýdylmagyna görä,, sowet döwründäki artdyryp ýazmalardan daýhanlar belli bir derejede “peýda görýärdi, häzirki artdyryp ýazmalardan ne ýurda, ne daýhanlara peýda bar, bu diňe özüňi aldamak bolýar” diýip, Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň ozalky orunbasary, häzir Şwesiýada ýaşaýan Saparmyrat Yklymow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Senagata ýatyrylan milliardlaryň begendirmedik netijeleri
Türkmenistan bu ýyl bank-maliýe we senagat pudaklaryndaky ýeňil bolmadyk ýagdaýy hem tassyk etdi, emma daşary ýurt walýutalarynyň bazar nyrhy bilen döwlet nyrhy arasyndaky tapawudynyň döreden meselelerine düşündiriş bermedi, Hytaýa we Hindistana kaliý dökünlerini eksport etmek arzuwynyň näme üçin başa barmandygyny anyklaşdyrmady.
“Kelete sement zawodynyň kuwwaty bary-ýogy 8,1 göterim, Lebap sement zawodynyňky 88 göterime golaý, Bäherden sement zawodynyňky 64 göterime golaý, Balkan sement zawodynyňky hem 40 göterimden sähel gowrak ulanylýar... Soňky 10 ýylda «Türkmenhimiýa» döwlet konsernini ösdürmek üçin 3 milliard 300 million amerikan dollaryndan hem köp serişde goýberildi. Emma ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny mineral dökünler bilen wagtynda, ýeterlik mukdarda üpjün etmek we ony daşary ýurtlara-da iberip, gyzyl pulda girdeji gazanmak üçin, täze gurlan zawodlar taslama kuwwatyna çykarylmady” diýip, Berdimuhamedow hökümet resmilerine ýüzlenip aýtdy.
Ýöne Türkmenistanyň Garlykda ýüzlerçe million dollara guran kombinaty, Aşgabatda guran täze aeroporty, Türkmenbaşy porty, täze guran demirýol ulgamlary... hem taslama kuwwatynda işlärden gaty uzakda diýip, synçylar aýdýar.
"Rowaçlyk' ýylyndaky uçar rowaçsyzlygy
Türkmenistanyň daşary ýurtlara dökün eksport etmek arzuwlaryna dökün kärhanalarynyň işindäki bökdençlikler sebäp bolsa, täze uçar menziliniň, “Türkmenhowaýollarynyň” uçar gatnawynyň getirjek girdejileriniň öňüne Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy gullugynyň (EASA) 4-nji fewralda “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçýan we bu bileleşigiň howa giňişliginiň üstünden amala aşyrýan uçuşlaryny togtatmagy sebäp boldy.
Türkmen häkimiýetleri, beýleki meselelerde hem bolşy ýlay, “Türkmenhowaýollaryna” girizilen gadagançylyk we onuň sebäpleri barada ýolagçylara we jemgyýetçilige anyk düşündiriş bermegi zerur hasaplamadylar.
Herhal, täze ýylda bu gadaganlyk aradan aýryljaga meňzeýär. Emma muňa garamazdan, synçylar Türkmenistanyň ýolbaşçylarynda emele gelen agyr ykdysady ýagdaýdan çykmak üçin anyk planyň ýokdugyny, prezidentiň ministrlerden daşary ýurt maýalaryny çekmek barada edýän talaplarynyň aňsat netije bermejekdigini, sebäbi maýadarlaryň beýle 'agyr' ýagdaýdaky ýurtda aňsat maýa ýatyrmaýandyklaryny aýdýarlar.
Türkmen hökümetiniň tankytçylarynyň käbiri ýurtda emele gelen ýagdaýyň “ykdysady kynçylyk” diýip atlandyrylmagyna garşy çykýar. Şwesiýada ýaşaýan ykdysatçy, ozalky bank resmisi Hudaýberdi Orazowyň pikiriçe, Türkmenistanda özbaşdaklyk ýyllarynda halkyň we ýurduň garşysyna “syýasy genosid” gurnaldy we bu topara dahylly adamlar häkimiýet başyndan aýrylmasa, ýönekeý adamlar üçin gowulyk bolmaz.
Berdimuhamedowyň "ajy habarynyň" döreden başagaýlyklary
Türkmenistanda 2019-njy ýylyň esasy wakalarynyň biri prezidentiň “ölümi” boldy: ozal dynç alýan wagtynda hem döwlet TW-siniň ekranyndan ‘düşmeýän’, resmi habarlaryň hemişe ‘baş gahrymany’ bolan Berdimuhamedowyň iýul aýynda ekranlardan gaýyp bolmagy dürli çaklamalaryň we soraglaryň döremegine alyp geldi.
Netijede, Berdimuhamedow 24-nji iýulda, ölendigi barada ýaýran gürrüňleriň fonunda, dokuz günde ilkinji gezek telewideniýede görkezildi. Şeýle-de şol gün prezidentiň özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gürleşendigi iki ýurduň hem mediasy tarapyndan habar berildi. Şeýle-de TDH ozallar beýle uzak dynç almadyk prezidentiň bir aýlap dynç alýandygyny habar berdi.
Emma muňa garamazdan, Berdimuhamedow tomsuň yssy howasynda penjek geýip, galstuk dakynyp gelip, paýtagt häkiminiň haýyşy boýunça, “şäher içindäki täze şäheriň” - Aşgabat-sitiniň taslamalary, hususan-da ak öý, gadymy Nusaý, Soltan Sanjaryň aramgähi şekillerinde guruljak duralgalar bilen tanyşdy... Soňra türkmen TW-si prezidentiň dynç alýan wagtynda meşgullanan zatlary hakynda has uly wideosýužet taýýarlady we Türkmenistanyň döwlet baştutanynyň ölendigi barada ýaýran maglumaty 'özboluşly ýalana çykaryşy’ dünýä belli satiriki gepleşikleriň hem ünsüni özüne çekdi.
Bu wakadan öň dünýä belli satirik Jon Oliweriň “The Last Week Tonight” gepleşigi Berdimuhamedowyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde ştanganyň sütünini göterişi barada Azatlygyň çap eden wideosy esasynda satiriki gepleşik taýýarlan bolsa, soň Berdimuhamedowyň atdan ýykylyşyny şekillendirýän uly mermer tort bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek ‘synanyşygyny etdi’, emma Türkmenistandaky desgalara rekord baryny eçilen gurama ony oňlamady.Türkmen prezidentiniň ‘meşhurlygy’ bu ýerde hem durmady, ol agtygy Kerimguly bilen Trewor Noah tarapyndan taýýarlanylýan “The Daily Show” gepleşiginiň hem baş gahrymany boldy.
Türkmen döwlet telewideniýesi internetde ýerleşdirýän ‘gahryman arkadag sahnalary’ – dürli ugurlar boýunça özussatlygyny görkezmegi gowy görýän öňki dentist mundan öňem daşary ýurt habar serişdeleriniň köpüsiniň duşundan aňsat boş geçmeýärdi.
Emma onuň birden iň meşhur amerikan satirikleriniň ikisiniň gülki ýassygyna öwrülmegi başga-da bir ýagdaýa – Türkmenistandaky syýasy ýagdaýyň we durmuş-ýaşaýyş şertleriniň ol ýerde ýaşaýan ýönekeý adamlar üçin asla gülkünç däldigine hem ünsi çekdi, AÝ/AR radiosy bu barada ýörite telegepleşik hem taýýarlady.
Halk maslahaty bilen Mejlisiň 'nikasyndan' dogjak 'çaga'
2019-njy ýylyň ýene bir wakasy bolsa, Konstitusiýa, Baş kanuna girizilmeli ýene bir düzediş, prezident Berdimuhamedowyň ozal ýatyryp, ykdysady krizis çuňlaşandan soň dikelden Halk maslahatynyň ikinji mejlisinde Parlament bilen Halk maslahatyny birleşdirip, iki palataly wekilçilik guramasyny döretmegi teklip etmegi bilen bagly.
Döwlet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre “kanunlaryň we milli maksatnamalaryň berjaý edilişine gözegçilik etmek şertlerini döreder”, “türkmen jemgyýetiniň ähli gatlagynyň bähbitlerine wekilçilik etmek mümkinçiligini berer”.
Berdimuhamedowyň bu göçümi synçylarda dürli soraglary we çaklamalary döretdi. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň pikir soran ekspertleri Berdimuhamedowyň iki palataly parlament pikirine Gazagystandaky ýolbaşçy çalşygyndan soň gelendigini, onuň parlamente has kän hukuk berip, soň oňa özüniň ýolbaşçylyk etjekdigini, döwlet baştutanynyň wezipesini bolsa ogluna geçirjekdigini çakladylar.
Emma Azatlygyň ýurt içindäki söhbetdeşleri parlament-halk maslahaty meselesiniň Türkmenistanda Gazagystandaky ýolbaşçy çalşygyndan has öň başlanandygyny, Berdimuhamedow Saparmyrat Nyýazowyň parlamentden hem ýokarda goýan Halk maslahatynyň ygtyýarlyklaryny ýatyranda we soň bu gurama gaýtadan zerurlyk görende, Nursoltan Nazarbaýewiň meýletin işden çekiljegini we häkimligini saklajagynyhiç kimiň bilmändigini aýdýarlar.
Amerikan eksperi Wiktoriýa Klementiň pikiriçe, planlaşdyrylýan konstitusiýa özgetmeleri Türkmenistanda Eýranyň döwlet dolandyryş sistemasyndaky Ýokary lideriň wezipesiniň döredilmek ähtimallygyny aňladýar.
Ýerli synçylar S.Nyýazowyň Halk maslahatyny başda Liwiýanyň ozalky lideri Muammar Kaddafiniň tejribeleri esasynda döredendigini we Berdimuhamedowyň ozal ýatyran Halk maslahatyny dikeltmek kararyna ýurtdaky çylşyrymlaşan ýagdaýlardan soň gelendigini, tomusda prezidentiň saglyk ýagdaýynyň gowy däldigi barada ýaýran tassyklanmadyk habarlaryň bolsa bu “işi” çaltlandyrandygyny öňe sürýärler.
Radionyň söhbetdeşleriniň pikiriçe, Aşgabatda korrupsiýa garşy göreşiň 2017-nji ýylyň maýyndan soň ikinji gezek “güýçlenmegi”, prezidentiň on ýyllyk ýarany weýakyn egindeşi Isgender Mulikowyň wezipesinden boşadylmagyndan öň sud edilen biznesmen Çary Kulow we beýlekiler hem ‘tagt oýunlary’, Berdimuhamedowlaryň häkimiýeti elde berk saklamak tagallalary bilen bagly.
Ozalky türkmen diplomaty Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, Berdimuhamedow Nyýazowyň büdrän dyrmygyna büdredi we onuň Mulikowy, Meýlis Nobatowy, Amandurdy Işanowy “garalamagy”S.Nyýazowyň özi üçin “ikinji adam’ bolan Rejep Saparowdan, Ýolly Gurbanmyradowadan, Gurbanbibi Atajanowadan we beýlekilerden “dynyşyny” ýatlatdy. Şeýle-de ol, ozal hem aýdyşy ýaly, Berdimuhamedowyň ilki agtygy Kerimgulyny götergiläp, Serdary öňe çykarmak kararyna soň gelendigini, munuň özüne ýetesi sebäbiniň bolmagynyň mümkindigini ýatlatdy.
Türkmenistanly geýiň diskussiýasy, dowam edýän haksyzlyk we gurluşyklar
2019-njy ýyl Türkmenistanda türkmen alabaýynyň wagzynyň has güýçlenen ýyly hökmünde hem hem taryha girdi, Berdimuhamedowyň türkmen alabaýy hakynda ýazan kitaby öwlüp arşa çykaryldy, alabaýyň görnükli heýkelini dikmek karar edildi, emma synçylar ýurtdaky haýwan hukuklarynyň, hususan-da öýsüz we eýesiz jandarlaryň açlyk-horlugynyň saklanyp galandygyny aýdýarlar.
Elbetde, diňe haýwan hukuklary däl, ýurtda adam hukuklary hem gowulaşana meňzemeýär, türkmen türmelerinde ýiten hasaplanýan adamlar barada maglumat berilmeýär, syýasy-ykdysady hukuklar, metbugat, söz, ýygnanyşmak, din azatlygy, hereket azatlyklary çäkli bolmagynda galdy, aýallaryň awtoulag sürmek hukuklarynyň çäklendirilmegi dowam etdi, aşgabatly geý Kasymberdi Garaýewiň özi hakyndaky hakykaty aýdyp, Azatlyga interwiýu bermegi bolsa, türkmen häkimiýetleriniň bu ugurdaky pozisiýalaryny hem üýtgetmegä taýýar däldigini görkezdi diýip, hukuk goraýjylar aýdýar.
2019-njy ýylyň ýene bir wakasy garaşsyz neşirlerde türkmen häkimiýetleri bilen bagly derňew makalalarynyň köpelip başlamagy, sosial ulgamlardaky aktiwleşme bilen bagly. Türkmenistanyň ozalky garaşsyzlyk gününde, 27-nji oktýabrda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda türkmen aktiwistleriniň türkmen režiminiň garşysyna geçiren mitingi hem şol aktiwleşmegiň bir mysaly boldy.
Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri 2020-nji ýyla taryha gidýän ýylda karar edilen uly gurluşyk taslamalary, şol sanda Aşgabat-sitiniň we Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşyklary bilen geçýär. Bu gurluşyklara prezidentiň oglunyň, Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedowyň gözegçiligi astynda uly döwlet serişdeleri harç ediler.
Döwlet baştutanynyň 2019-njy ýylyň jemlerini jemlände aýtmagyna görä, ýurtda umumy şertnama bahasy 35 milliard amerikan dollaryna golaý bolan önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 2 müňden gowragynyň gurluşygy alnyp barylýar. Emma bu gurluşyklaryň ýurduň näçe raýatyny iş orny bilen üpjün edýändigi habar berilmeýär.
Şeýle-de, 2019-njy ýylda hem Türkmenistanda soňky gezek - 2012-nji ýylyň dekabrynda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri mälim bolman galdy.