Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda on ýyl ozal düýbi tutulan dökün kärhanasy üstünde dörän dawany çözmek ugrundaky tagallalar dowam edýär; belarus mediasy Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinaty baradaky jedelleri çözmek boýunça iki ýurduň eglişige gelendigini habar berdi.
Emma türkmen mediasy iki ýurduň prezidentleriniň duşuşygy barada habar berip, bu dawany we hatda gowy habar bolan ylalaşyk gürrüňlerini hem agzamady.
Lebap welaýatynda gurlan kaliý dökünleri kärhanasy 2017-nji ýylyň martynda iki ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda ulanmaga berlende, Türkmenistanyň Hytaýa we Hindistana ýylda 1.2 million tonna dökün ibermegi nazarda tutýandygy habar berildi.
Belarus lideri şonda bu kombinatyň ýylda 1.5 million tonna önüm öndürjegini we Berdimuhamedowyň özünden ýene şunuň ýaly iki zawod gurmagy haýyş edendigini aýdypdy.
Garlyk kombinatynyň düýbi iki prezidentiň gatnaşmagynda 2009-njy ýylyň iýun aýynda tutuldy, emma onuň ulanylmaga berilmegi birnäçe gezek yza süýşdi, taraplar bu gijikmede bir-birini aýyplady.
Belta habar agentliginiň Belarusyň wise-premýeri Igor Lýaşenkonyň Aşgabatda 11-nji oktýabrda žurnalistlere aýdan sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, Garlyk kombinaty üstündäki jedelleri çözmek üçin şu ýylyň aýagyna çenli “ýol kartasy” – ýörite plan taýýar ediler.
Taraplar bu karara iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň türkmen paýtagtynda bolan duşuşygyndan soňra geldi. Bu duşuşykdan öň Aşgabatda iki ýurduň hökümetara toparlarynyň başlyklarynyň arasynda gepleşik geçirildi.
“...bize, hökümetara toparlarynyň ýolbaşçylaryna Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynda toplanan problemalaryň mümkin bolan çözgütleri boýunça iş planyny işläp düzmek tabşyryldy” diýip, I. Lýaşenko aýtdy.
11-nji oktýabrda gelnen ylalaşyk Belarusyň Türkmenistandaky täze ilçisi Wýaçeslaw Beskostynyň işe başlamagynyň yz ýanyna gabat geldi. Ol 9-njy oktýabrda prezident G.Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurandan soň žurnalistlere iki ýurduň Garlyk kombinatynyň gurluşygy boýunça dörän problemaly meseleler boýunça ylalaşyga gelip biljekdigini aýtdy.
“Men türkmen kärdeşlerimiziň taýýarlygyny görýärin. Olar muny açyk görkezýärler. Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki duşuşykda türkmen tarapynyň eglişige taýýardygyny tassyklady” diýip, Belta belarus ilçisiniň sözlerine salgylanyp habar berdi.
Şonda diplomat premýer-ministr I.Lýaşenko bilen esasy potratçylaryň – “Belaruskaliý” bilen“Belgorhimpromyň” ýolbaşçylarynyň 10-njy oktýabrda Aşgabada öz teklipleri bilen geljegini aýtdy. Emma neşir soňra bu teklipleri anyklaşdyrmady we hiç bir konfliktde ähli jogapkärçiligiň ýa günäniň diňe bir tarapa degişli bolup bilmejekdigini aýtmak bilen çäklendi.
Şol bir wagtda, prezident Lukaşenkonyň sentýabrda Aşgabatda işlejek täze ilçini wezipä bellände aýdan sözlerinden çen tutulsa, “Türkmenistana Belarus mümkin bolan hyzmatdaşlaryň hiç biriniň teklip etmejek şertlerini hödürleýär”.
Şeýle-de Lukaşenko bir-biregi aýyplamakdan saklanyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak bilen meşgullanmagy tabşyrdy we, eger şonda hem bolmasa, degişli çäreleri görjegini aýtdy.
Garlyk kombinatynyň eýesi bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserni, habarlardan mälim bolşuna görä, potratçynyň bu kärhana boýunça öz üstüne alan işlerini doly berjaý etmändigini aýdýar, emma “Belgorhimprom” taslamany doly tamamlandygyny, emma iş buýrujynyň edilen iş üçin 150 million dollardan gowrak tölegini tölemändigini öňe sürýär.
Belarus mediasynyň 2018-nji ýylyň noýabryndaky maglumatlaryna görä, gurluşygy türkmen gaznasyna 1,1 milliard dollara düşen Garlyk kombinaty planlaşdyrylan önümiň diňe 2,3 prosentini (ýylda 32,2 müň tonna) öndürýär, Belarusyň Tut.by neşiri 6-njy sentýabrda bu kärhananyň tasdan işlemän durandygyny habar berip, muňa gazylyp alynýan magdanyň hiliniň pesliginiň ýa-da suw basmasynyň sebäp bolmak ähtimallygyny öňe sürdi.
“Kompromat Belarus” Telegram-kanalynyň 11-nji sentýabrda ýazmagyna görä, Belarusyň Türkmenistanda galan 200 million dollara golaý algysy henizem berilmeýär we bu meselä Stokgolmdaky arbitraž sudunda seredilýär.
Synçylar Türkmenistanyň soňky on ýyllykda ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek niýeti bilen guran we gurýan, milliardlarça dollar serişde harçlaýann desgalarynyň köpüsiniň ykdysady manysyny sorag astyna alýarlar.