Türkmenistanda bazar ykdysadyýetine geçmegi çaltlandyrmagyň çäginde döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak işleri dowam etdirilýär.
TDH-nyň 15-nji fewraldaky maglumatyna görä, täze gurulýan döwrebap maldarçylyk toplumlarynyň dördüsi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hususy emläk hökmünde berildi.
Neşiriň maglumatyna görä, bu çäre “telekeçiligi ösdürmek we bazar ykdysadyýetiniň sosial ugruny kämilleşdirmek üçin” görüldi.
Hususyýetçilige berilýän toplumlar Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bina edilýär. TSTB olaryň potratçysy bolup durýar.
Bu toplumlaryň gurluşyk işleri geljek ýylyň dekabrynda tamamlanar.
Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalaryna 23-nji ýanwarda oba hojalyk önümlerini we beýleki önümçilikleri ýola goýmak üçin 8 müň 583,35 gektar ýer bölegi berildi, 2018-nji ýylyň iýulynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy berildi, martda bolsa prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu birleşige awtomagistral we Lebapda kaliý dökünleri zawodyny gurmak üçin $3 mlrd kredit berdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri resmi maglumatlara salgylanyp habar berýär.