Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MAN kompaniýasynyň öňki ýolbaşçysy türkmen resmilerine para bermekde aýyplanyp sud edilýär


Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow we ýaşulular Körpeje gaz kompressor stansiýasyna pata berýärler, 14-nji sentýabr, 2005 ý.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow we ýaşulular Körpeje gaz kompressor stansiýasyna pata berýärler, 14-nji sentýabr, 2005 ý.

Germaniýanyň “MAN Group” kompaniýasynyň öňki ýolbaşçysynyň korrupsiýa bilen baglylykda 9-njy dekabrda Mýunheniň sudunda seredilen işi Türkmenistanyň "Türkmennebit" kompaniýasynyň öňki ýolbaşçylaryna 2002-nji we 2007-nji ýyllaryň aralygynda berlen ençeme millionlyk para degişli. Bu barada Azatlyk Radiosyna Mýunheniň prokuraturasynda aýtdylar. Hususan-da, prokuraturanyň maglumatyna görä, "Türkmennebitiň" öňki ýolbaşçysy Saparmämmet Weliýewiň gözegçiligindäki hasaplara german kompaniýasy tarapyndan para hökmünde 8,4 million ýewro geçirilipdir. Muňa derek MAN kompaniýasy onlarça million ýewrolyk kontraktlara eýe bolupdyr. Azatlyk Radiosy 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Weliýewiň türmede ýogalandygyny habar beripdi.

Mýunheniň Baş prokuraturasynyň Azatlyk Radiosynyň sowallaryna beren resmi jogabyna görä, 1999-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň karary bilen "Türkmennebit" döwlet konsernine Germaniýanyň MAN korporasiýasynyň düzümine girýän MAN GHH ÖL & GAS GMBH kompaniýasy bilen umumy bahasy 233 million german markasyna barabar şertnama baglaşmaga rugsat berlipdir. Şol ýylyň maý aýynda "Türkmennebitiň" başlygy Saparmämmet Weliýew MAN GHH ÖL & GAS GMBH kompaniýasynyň müdiri bilen (onuň ady sud işiniň bähbidi sebäpli agzalmaýar) şertnama baglaşypdyr. Şertnama boýunça german kompaniýasy Körpeje gaz ýatagynda gaz kompressor stansiýasyny doly gurup bermelidi.

"Türkmenistanda korrupsiýa adaty zat"

9-njy dekabrda kompaniýanyň 69 ýaşly öňki ýolbaşçysy oňa 2011-nji ýylyň 8-nji dekabrynda ýöňkelen aýyplamalaryň esasynda Mýunhende sud edildi. (Azatlyga sud edilýäniň ady mälim, emma onuň günäsi subut edilmändigi sebäpli adyny agzamakdan saklanýar).

Azatlyga mälim bolşuna görä, sud edilýäniň türkmen tarapy bilen deslapky şertnama gol çekmändigi ähtimal, emma ol güman edilýän galplyklaryň amala aşyrylan döwründe german kompaniýasyna ýolbaşçylyk edipdi.

Azatlyga gowşan maglumatlara görä, sud bu işe garamagyna 2016-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda başlady. Emma suduň başlanmagyndan soň sud edilýäniň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşypdyr we munuň bilen baglylykda diňlenişik yza tesdirilipdir.

​Suduň duşenbe güni geçirilen diňlenişiginde sud edilýän kanun bozmalary gytaklaýyn tassyklapdyr. "Süddeutsche Zeitung" gazeti onuň "Türkmenistanda korrupsiýa adaty zatdy" diýip, aýdan sözlerini sitirleýär.

Türkmenlere para bermek üçin garaşylmadyk çykdajylar

Materiallardan mälim bolşuna görä, 2002-nji ýylyň oktýabr aýynda MAN GHH ÖL & GAS GMBH şirketini öz düzümine goşan MAN korporasiýasyna degişli beýleki kompaniýa "Ferrostaal GmbH" tarapyndan Körpejede planlaşdyrylýan gaz kompressor stansiýasy üçin umumy bahasy 34 million ýewrolyk alty sany gaz kompressor berlipdir. Hut şu kompressorlaryň berilmegi baradaky gepleşikleriň dowamynda kararlary kabul etmäge jogapkär türkmen resmileri şertnamada görkezilen bahadan 5% möçberinde para garaşýandygyny duýdurypdyr. Şonda german kompaniýasynyň jogapkär wekilleri türkmenleriň pul soramagyna jogap hökmünde harajatlaryň sanawyna şertnamalaryň umumy bahasynyň 6 we 10% aralygyny emele getirýän "ýörite komissiýa" atly bir bölümi goşupdyr.

Emma mundan soň türkmen tarapy proýektiň maliýeleşdirilmegini uzaga çekdirdi, şu sebäpden gaz kompressor stansiýasynyň gurluşygy başlanmandyr. "Türkmennebitiň" resmileri öz kararlarynyň para bagly boljagyny açyk duýdurypdyr. Iň soňunda "garaşylmadyk çykdajylar" diýlip atlandyrylan ylalaşyk baglaşylypdyr. (Bugwellenfinanzierung nemes sözüniň terjimesi- red.). Oňa laýyklykda proýekt "Türkmennebit" tarapyndan öňünden edilen töleg esasynda amala aşyrylmaly. Netijede stansiýa 2016-njy ýylyň 21-nji iýunynda gurlup gutarypdyr we türkmen gaznasyna 114 million ýewro durupdyr.

Millionlarça para döwlet ministrine gitdi

Mýunhende sud edilen MAN kompaniýasyna degişli şirketiň öňki baş müdiri türkmen tarapyna tölenen para barada habarly bolmakda güman edilýär. Proýekti amala aşyrmak üçin ol dildüwüşige baş goşup, para bermek bilen ylalaşdy diýlip, prokuraturanyň Azatlyk Radiosynyň soraglaryna jogap berip ýazan hatynda aýdylýar.

Duşenbe güni sudda eden çykyşynda german kompaniýasynyň öňki müdiri netijede kimiň pul alandygyny bilmeýändigini aýtdy.

​Derňewiň anyklamagyna görä, 2002-nji ýylyň 22-nji iýuly we 2007-nji ýylyň 26-njy ýanwary aralygynda dürli galp kontraktlaryň we araçylaryň üsti bilen "Türkmennebit" döwlet konserniniň resmilerine 8,4 million ýewro para berlipdir. Bu pul "Türkmennebit" konserniň başlygy we öňki döwlet ministri Saparmämmet Weliýewe berlipdir.

Ýatlatsak, Azatlyk Radiosy 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda türme tussaglygyndaky Weliýewiň jesediniň garyndaşlaryna tabşyrylandygyny habar beripdi. 2005-nji ýylyň 12-nji awgustynda öňki prezident Nyýazow Weliýewi "işde goýberen düýpli kemçilikleri" we "wezipe borçlaryndan hyýanatçylykly peýdalanandygy" sebäpli ähli wezipelerinden boşadypdy hem-de kanun goraýjy organlara 20 günüň dowamynda derňew geçirmegi tabşyrypdy.

2005-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Baş sudy ony 24 ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.

Azatlyk Radiosy kommentariý almak üçin Türkmenistanyň degişli edaralaryna ýüz tutdy, emma edilen ençeme synanşyklar başa barmady.

MAN korporasiýasy Türkmenistandaky korrupsion jenaýatçylyklarda aýyplanan ýeke-täk german kompaniýasy däl. 2010-njy ýylda Germaniýanyň Daimler kompaniýasy ýokary wezipeli türkmen resmilerine para bermekde aýyplandy. Hususan-da, 2000-nji ýylyň fewral aýynda awtomobil konserni Daimleriň Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowa doglan gününe bahasy 300 müň ýewrolyk Mercedes awtoulagyny sowgat berendigi anyklandy. Şol döwürde bu kompaniýa Türkmenistanyň hökümetine onlarça lýuks awtoulagyny satmak barada gepleşik geçirýärdi.

Mersedes awtoulaglaryny öndürýän kompanýa 2010-njy ýylda korrupsion galplyklar bilen baglylykda diňe bir ABŞ-da 185 million dollar möçberde jerime töledi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG