Täjigistanyň Hojant sebitiniň ýerli ýaşaýjysyna öz gyzyny zorlamakda şübhe bildirilýär. Derňew işi 19 ýaşly gyz arza berenden soň başlandy. Ol özüni kakasynyň zorlandygyny aýdýar. «Gülruhsor» aýallar merkezinden Azatlyk Radiosyna aýdylyşyna görä, sudmedisina ekspertizasy zorluk faktynyň bolandygyny tassyklapdyr.
Gülnora (ahlak nazaryndan gyzyň ady üýtgedildi - Red.) özüni öldürmäge şowsuz synanyşygyndan soň keselhana düşdi. 17-nji sentýabrda ol özüni köpriniň üstünden Syrderýa oklady. Tötänden geçip barýan bir adam ony halas etdi hem milisiýa bölümine alyp bardy. 19 ýaşly Gülnoranyň aýdyp beren zatlaryndan soň, derňew işleri başlandy hem sudmedisina ekspertizasy geçirilip, onuň zorlanandygy baradaky fakty aýan etdi. Bu barada aýallaryň hukuklaryny goraýan «Gülruhsor» merkezi Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.
Gülnoranyň kakasy häzir Hojandyň barlag izolýatorynda saklanýar. Günä bildirilýäniň aklawçysy bilen gürleşmek synanyşygy netije bermedi. Ýöne erkek hem aýal dogany Gülnoranyň öz kakasyna töhmet atýandygyny aýdýarlar.
Gülnoranyň sözüne görä, onuň zorlanmagy sentýabryň ortalarynda bolupdyr. “Kakam meni gije sagat 11-ler çemesi ýanyna çagyrdy. Men oňa gulak asmadym. Enem meni kakamyň ýanyna barmaga mejbur etdi. Kakam maňa azar berip başlady. Men oňa beýle iş etme, men seniň gyzyň ahyryn diýip, birnäçe gezek aýtdym. Ol maňa ýapyşyp, dört gezek kellämi diwara urdy. Men özümden gitdim. Şondan soň ol meni zorlady” diýip, gyz Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Gyzyň sözüne görä, eger bu işi milisiýa duýduraýsa, onda özüniň gözenegiň aňyrsyna geçjekdigini aýdyp gorkuzypdyr. “Men bolan işi ejeme hem beýleki garyndaşlaryma aýtdym, ýöne olar maňa ynanmadylar” diýip, Gülnora aýdýar. Mundan daşary-da, kakasy tarapyndan bolan garyndaşlarynyň ählisi beýle talapdan ýüz öwürmegi ondan talap edipdirler. “Eger şeýle ýagdaý bolaýanda-da, ol seniň kakaň ahyryn, ol türmede oturmaly däl” diýip, onuň enesi, atasy hem daýzasy aýdypdyr.
«Gülruhsor» merkeziniň psihology bilen gürleşende, Gülnora entek 9-njy synpda okaýarka, kakasynyň özüne azar berip başlandygyny aýdypdyr. “Ol maňa ýapyşýardy, gujaklaýardy hem ogşaýardy... Meniň uly aýal doganym durmuşa çykanda: «Hudaýa şükür, öýümizden gyzlygyma çykyp gidýän» diýip özelenipdi. Ýöne kakam ony-da soňlugy bilen zorlady” diýip, kakasy eýýäm tussag edilip, gözenekden aňyrda oturan wagty aýtdy.
Gülnora garyp maşgalada ösüp-ulaldy, şol sebäpden mekdebi-de doly gutaryp bilmän, 9-njy synpdan soň öý-hojalyk işlerine meşgullanmaly boldy. Gyzyň sözüne görä, onuň kakasynyň hem ejesiniň gözi ejiz, üstesine ejesiniň eşidişi-de ýaramaz. Maşgala olara berilýän pensiýanyň hasabyna ýaşýar.
“Men ejeme mydama ‘kakam meni penjeläp tutýar hem gujaklaýar’ diýip zeýrenýärdim. Ol gulagynyň agyrlygy sebäpli, meniň aýdanyma düşünmedi” diýip, Gülnora gürrüň berýär.
Kyn şertde aýallara ýardam edýän ýeke-täk «Gülruhsor» aýallar merkeziniň işgäri Sahobat Bobojonowanyň sözüne görä, Gülnora onuň ýanyna gelende, örän agyr ýagdaýda eken, agysyny hiç saklap bilmändir hem ýaşamak islemeýändigini aýdypdyr. “Häzir onuň ýagdaýy birneme gowulaşdy, ol reablitasiýa kursuny hem geçdi” diýip, S. Bobojonowa aýdýar.
Gülnora häzir şol Merkeziň wagtlaýyn jaýynda ýaşaýar.
Sahobat Bobojonowa Täjigistanyň jemgyýetçiligi düzgün boýunça zorluga duçar bolanlary goldaman, gaýtam ony ýazgarýarlar diýýär. Hut şonuň üçinem köp aýal jynsy zorluga duçar bolsalar-da, muny ýaşyrýarlar. Şu ýylyň dowamynda «Gülruhsor» merkezine dürli meseleler bilen 1400 çemesi aýal ýüz tutupdyr, olardan iki sanysy jynsy zorluga duçar bolan. “Şeýle ýagdaý bolýar, bize kömek sorap ýüz tutýan aýallar özlerine jebir berýän ýoldaşy barada degişli organlara şikaýat etmekden ýüz öwürýärler. Bir aýal Orsýetde jynsy zorluga duçar bolan öz gyzyny getirdi, ýöne könäni agdarmak islemedi” diýip, S. Bobojonowa düşündirýär.
2017-nji ýylda Täjigistanda 53 aýal jynsy zorlugyň pidasy bolupdyr. Täjigistanda soňky iki ýylda beýle zorluga duçar bolanlaryň maglumaty ýok.
Häzirki wagtda aýal zorlanlar 3 ýyldan 7 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilýär. Ýöne 14 ýaşyna ýetmedikleri hem-de ýakyn garyndaşyny zorlanlara has ýowuz jeza göz öňünde tutulyp, 12 ýyldan 25 ýyla çenli ýa-da ömürlik tussaglyk berlip bilinýär. Şu ýylyň maý aýynda Duşenbe şäheriniň ýaşaýjysy Saýwali Iskandarowa öz gyzyny zorlandygy üçin, Täjigistanyň Jenaýat kodeksiniň 138-nji maddasynyň 3-nji bölüminiň ‘a’ punkty boýunça, ömürlik türme tussaglygy berildi.
Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.