21-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna Türkmenistanda oba we etrap mekdeplerinde çagalara sapak berlişiniň hili barada aladaly maglumatlar gelip gowuşdy.
Olarda mekdepleriň ebgar ýagdaýy, okuwyň pes hili barada maglumatlar nygtalýar.
Bu tema boýunça söhbetdeşlik geçirmek üçin, biz gepleşigimiziň bu günki sanyna Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hallyny çagyrdyk. Türkmen dilinde ozaldan umumybilim berýän "orta mekdepler" diýilýärdi, soňra garaşsyzlykdan soň bir döwür orta mekdeplere "dünýewi mekdep" diýildi? Näme üçin?
Türkmenistanda sowet döwründe “görelde” mekdepler döredildi, ondan ozal Merkezi Aziýa ýurtlary Rus imperiýasynyň gol astynda wagty “ak mekdepler” bardy. Eýsem türkmen mekdepleri nähili taryhy ösüşi başdan geçirdi?
Taryhda urbanizasiýa, şäherleşme türkmen topragyna käbir goňşy ýurtlara garanyňda biraz giç gelen çemeli. Şeýle ýagdaýda, geçmişde, rus basybalyjylary gelmezden has ozal, biziň ata-babalarymyz niredelerde, haýsy okuw jaýlarda orta bilim alypdyrlar? Meselem, Magtymguly döräpdir, ýa-da köp sanly nusgawy şahyrlar bar, olar nirelerde bilim alypdyrlar, haýsy mekdeplerde okapdyrlar?
Häzirki wagtda Türkmenistanda bilim ideologiýa gulluk edýärmi? Muny nähili mysallar bilen düşündirip bolar?
Türkmen jemgyýetinde mekdepler sowat öwretmekden, bilim bermekden başga nähili funksiýalary ýerine ýetirýär? Esasan oba we etrap mekdeplerinde häzirki wagtda bilimiň hiliniň pesdigi aýdylýar, munuň gysga we uzak möhletde nähili täsirleri bolar? Gepleşigimizde şeýle soraglaryň töwereginde söhbetdeşlik geçirildi. Ony aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz!