Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana çilimiň getirilmegine gözegçilik güýçlendi


illýustrasiýa suraty
illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosynyň habarçylary häzirki wagtda Aşgabadyň aeroportunda temmäki önümleriniň getirilmegine gözegçiligiň güýçlendirilendigini habar berýärler.

Resmi düzgüne görä, ýolagçylara ýany bilen iki guty çilimi alyp barmaga rugsat berilýär. Emma habarçylarymyz muňa garamazdan, çilimiň gaçakçylyk ýoly bilen ýurda getirilmeginiň giň ýaýran ýagdaý bolandygyny we soňky çäklendirmeleriň muňa degişlidigini belleýärler.

"Resmileriň garyndaşlary we ynamdar adamlary aeroportda gaçakçylykly ýol bilen arkaýyn çilim geçirýärdi, indi olaryň ençemesi soňky iki aýda bu mümkinçiliginden mahrum boldular" diýip, habarçymyz aýdýar. Azatlyk Radiosy aeroportdaky gözegçiligiň güýçlenmeginiň sebäplerini häzirlikçe anyklap bilmedi. Bu barada aeroportyň resmilerinden kommentariý alyp bolmady.

​Türkmenistanda temmäki önümleriniň ýurda getirilmegi we satylmagy döwletiň gözegçiliginde bolup, 2016-njy ýyldan bäri Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi tarapyndan dolandyrylýar.

Şahslaryň ýurda çilim getirmek mümkinçiligi berk çäklendirilýär. Döwlet gümrük gullugynyň websaýtynda çap bolan düzgünlerde, ýurda getirmäge rugsat berilýän çilimiň möçberi her adam başyna iki guty diýlip kesgitlenýär. Bu çäklendirmeler Türkmenistanda 2015-nji ýylda girizilipdi, ondan öň her adam başyna 10 gutudan ybarat bir blok çilimi getirmäge rugsat berilýärdi.

Habarçylarymyzyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtynyň döwlet dükanlarynda çilim wagtal-wagtal satylýar.

"Biziň dükanymyzda edil häzir çilim bolmady, emma yzygiderli getirýärler. Ýöne çilimi açyk bir ýerde goýmaýarlar, ony sorap almaly. Adatça adamlar bir gutusyny 30-35 manatdan satyn alýarlar, şol çilimiň hili pes", diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Aşgabadyň söwda nokatlarynda çilim bir-birden hem satylýar, munuň hyrydary köp bolýar.

"Adamlar pulsuzlyk sebäpli, bir çilimden satyn alýarlar. Ýokary hilli çilimleri uly bolmadyk möçberde hususy dükanlardan satyn alýarlar. Iň arzany her bir çilim 1,5 manatdan, gymmady 3,5 manatdan" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Türkmenistanda soňky üç ýylyň dowamynda çilim ençeme gezek satuwda doly aýrylypdy, satylyp başlanda uly nobatlar döräpdi, dürli çäklendirmeler girizilipdi. Şol sanda belli bir döwürde zenanlara çilimiň satylmagy çäklendirilipdi, şeýle-de çilimiň gapdalyndan goşmaça harydyň satyn alynmagy talap edilipdi.

Türkmenistanda temmäkiniň ýurda getirilmegine we satylmagyna girizilýän çäklendirmeleriň fonunda, synçylaryň bellemegine görä, ýurtda çilimkeşlik azalmaýar. Emma gytçylygyň fonunda temmäkä garaşly adamlar arzan we pes hilli önümleri ulamaga mejbur bolýarlar.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary 2025-nji ýyla çenli ýudy temmäkiden doly azat etmek maksadyny yglan edipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG