Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanly blogerler “Ýol ugrundaky jelepler reýdinden” soň, suduň öňüne eltildi


Täjigistanly dört bloger Youtube’de goýmak üçin, “Ýol ugrundaky jelepler reýdini” geçirenden soň, adamlaryň şahsy durmuşyna bikanun goşulyşmak aýyplamasy bilen suduň öňüne eltildi.

Degişli iş boýunça ilkinji diňlenişikde, blogerler özleriniň ýalňyş iş edendigini boýun aldylar, ýogsa olar mundan öňinçä jemgyýete hakykaty açyp görkezmek isleýändiklerini aýdypdy.

Şu ýylyň iýun aýynda sosial ulgamda «satlyk aýallar» atly wideo goýanlaryndan soň, blogerleri jenaýata çekdiler. Olar şeýle gazanç edýän aýallary maşyna mündürip, olaryň nyrhy hem hyzmatlary barada gürrüň geçiripdiler. Bu iş bilen Rustam Aşurow, Behruz Şarifi, Şahriýor Jaliliow hem Ýusufjon Dawlatmurod saklandy. Olaryň dördüsine-de Täjigistanyň Jenaýat kodeksiniň 144-nji maddasy («Başganyň şahsy durmuşy barada bikanun maglumat toplamak hem ony ýaýratmak») boýunça jenaýat işi gozgaldy. Ol maddada 10 müňden 20 müň somoni aralygynda jerime ýa-da bir ýyl zähmet-düzediş koloniýasy göz öňünde tutulýar.

15-nji oktýabrda paýtagtyň merkezi etraby bolan Firdawsi raýon sudunda Ahmad Bobozodanyň ýolbaşçylyk etmeginde olaryň işine garaldy. Olaryň garşysyna jenaýat işi alty aýalyň arzasy esasynda gozgalypdyr. Olar özlerini blogerleriň hereketiniň pidalary saýýarlar. Olar Azatlyk Radiosyna mälim bolsa-da, ahlak nukdaýnazaryndan, atlaryny aýtmakdan saklanýarys. Pida çekenlerden biri şo gije özüni gizlin kamera düşürýändirler diýip pikir hem etmändigini suduň zalynda mälim etdi.

Ol aýalyň sözüne görä, Behruz atly bloger ony awtoulaga münmäge çagyrypdyr, soňra bolsa jynsy hyzmatyň bahalaryny sorap başlapdyr. “Men onuň özümi wideo düşürýändigini bilmedim ahyryn. Biz iki aýaldyk, biziň hyzmatymyz 200 somoni diýdik. Meniň joram olar bilen bir ýere gitmekden ýüz öwürdi, sebäbi sakgally blogeri görüp, ondan gorkdy. Soň ol bize pul berip, öýümize gitmelidigimizi aýtdy” diýip, pida çeken aýal gürrüň berýär.

Suduň öňünde görkezme beren beýleki aýal düşürilen wideo köpçülige ýaýransoň, maşgalasynda mesele dörändigini mälim etdi. Orsýetde işläp ýören giýewi telefon edip, wideoda ony tanandygyny aýdypdyr, ýogsa aýalyň ýüz keşbi çyzylan eken. Ýeke başyna iki çagany ekläp-saklaýan ol aýal kireýine jaýda ýaşaýar. Suduň barşynda döwlet garalawçysy sorag berip başlanynda, aýal aglady hem gaýdyp bir zat aýdyp bilmedi. Suduň zalyndan çykandan soň “blogerler beýle iş etmeli däldiler, biz «gijeki işi» çäresizlikden edýäs” diýip, Azatlyk Radiosyna zeýrendi.

“Durmuş agyr, biz näme edeli? Wideo ýaýrandan soň bizi tanapdyrlar, telefon edip, bu iş barada soraýarlar” diýýär.

Aýallardan soň sudda çykyş eden blogerler ýalňyş iş edendiklerini boýun aldylar. Olardan biri bu wideo bilen aýallary kemsitmek islemändiklerini we muny gazanç üçin etmediklerini aýtdy.

Sud edilýänlerden biri Şahriýor Jalilow Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolanda, bu wideonyň jenaýat işini açmaga sebäp boljakdygyny, munuň sud diňlenişigine baryp ýetjegini hyýalyna-da getirmändigini aýtdy. Ýöne başga bir kommentariýa bermekden saklandy.

Sudda taraplaryň ikisi-de adwokatsyz çykyş etdiler, ýöne sudýa olara öz hukuklaryny goramaga haklarynyň bardygyny yzygiderli ýatladyp durdy.

Ýatlatsak, pida çeken aýallar öz kanuny hukuklaryny goramak üçin milisiýa arza beren badyna, Içeri işler ministrligi blogerleriň hereketini «ahlaksyzlyk» atlandyryp, olara garşy başganyň şahsy durmuşyna aralaşmak boýunça günä bildirdi.

«Blogerler öz maddy-material bähbitleri üçin, wideorolikleri taýýarlap, ony ulgamda goýupdyrlar, şeýdip ahlak kadalaryny, žurnalistikanyň professional etikasyny bozupdyrlar hem öz hereketleri bilen graždanlary kemsidipdirler» diýip, kanun goraýjy guramanyň beýanatynda aýdylýar.

Mundan öňinçä bloger Rustam Aşurowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, olar bu işi jemgyýetiň satlyk aýallara bolan garaýşyny özgertmek hem ýurtda wideoblok ulgamyny ösdürmek maksady bilen edipdirler. Aýallary kemsitmek ýa olary masgaralamak niýetleri ýok eken. Bu işiň ideýasy Rustamdan çykypdyr. Onuň sözüne görä, eger şeýle wideo ýaýradylsa, jemgyýetde uly seslenme döretjegini bilipdirler, ýöne bu işiň suda ýetjegini pikir etmändirler. Sebäbi sosial ulgamda şuňa meňzeş aýallaryň çykyşlary, onda-da açyk ýüz bilen görnüşleri köp berilýän eken, ýöne olaryň hiç biri suda ýetmändir.

Olaryň wideosy sosial ulgamda güýçli seslenme döretdi. Seslenme ýazýanlardan bir topary ‘jynsy kommersiýa’ bilen gyzyklanýanlaryň depesinde düzgüne seredijiler tarapyndan güýçli «крышa», ýagny howandarlyk edýänler bar hasap edýär. Beýleki bir topar bolsa blogerlere garşy jenaýat işini gozgaman, eýsem hökümetleriň ýurtda ten satmak meselesiniň gözbaşlary barada oýlanmaklary gerek diýýär.

Bilermenler bolsa indiden soň täjik blogerleri has eserdeň bolup, öz işlerine jogapkärli gararlar diýýär.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG