Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Konstitusion toparyň birinji ýygnagynda Mejlisiň başlygy Berdimuhamedowyň orunbasarlygyna bellendi


Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowany
Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowany

4-nji oktýabrda geçirilen hökümet maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça döredilen konstitusion toparyň birinji mejlisi geçirilip, toparyň meýilnamasy tassyklandy, başlygyň orunbasary bellenildi.

TDH Konstitusion toparyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowany Baş kanuny üýtgetmek boýunça döredilen Konstitusion toparyň başlygynyň orunbasarlygyna belläp, toparyň iş meýilnamasy baradaky teklipleri tassyklandygyny, degişli resminamalara gol çekendigini habar berýär.

Berdimuhamedowyň sözlerine görä, bu topar ýurduň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlap, ony 2020-nji ýylda Halk Maslahatynyň mejlisine hödürlär.


Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş kanunyny üýtgetmegiň we oňa goşmaçalary girizmegiň “dünýäde ykdysady we syýasy ýagdaýlaryň örän çalt üýtgemegi” bilen baglydygy barada öň aýdan sözlerini gaýtalady, ýöne bu ýagdaýlaryň “...wekilçilikli edaralaryň işini yzygiderli kämilleşdirmek zerurlygy" bilen nähili arabaglanyşygynyň bardygyny anyklaşdyrmady.

Mundan öň döwlet baştutany kanun çykaryjylaryň il içinde az bolýandygyny aýdyp, kanunçylygyň berjäý edilmezliginde esasan ýerli resmileri günäkärleýärdi.

Şol bir wagtda, ýaşaýjylaryň gürrüň bermeklerine görä, kadrlaryň yzygiderli çalşylmagyna garamazdan, ýurtda çykarylýan kanunlar işlemeýär.

Gülşat Mämmedowa öz çykyşynda ýurduň “Konstitusiýasyny has-da kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini” tassyklady. Onuň pikiriçe, “özgertmeleriň maksady demokratik-hukuk, dünýewi türkmen döwletiniň esaslaryny pugtalandyrmakdan ybarat”.

Ozal habar berlişi ýaly, Halk maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen ikinji mejlisinde prezident Berdimuhamedow Halk maslahaty bilen Mejlisi bir ulgama getirip, iki palataly parlament döretmek teklibini orta atdy. Onuň pikiriçe, şeýle edilse, ýurtdaky kanunçylygyň ýerine ýetirilmegine, döwlet programmalarynyň berjaý edilmegine has gowy gözegçilik etmek mümkinçiligi dörär.


Adalat ministri B.Muhamedow öz çykyşynda Berdimuhamedowyň “konstitusion özgertmeleri geçirmek, milli kanun çykaryjy edarany iki palataly ulgama geçirmek baradaky teklipleriniň”türkmen halkynyň “giň goldawyna eýe bolandygyny” aýtdy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow dagy hem geçirilýän özgertmeleriň “giňden goldanylýandygyny” tassyklady.

Prezidentiň teklibiniň giň halk köpçüligi tarapyndan goldaw tapandygy aýdylan hem bolsa, döwlet baştutany resmileriň öňünde bu özgertmeleriň ähmiýetini halk köpçüligine ýene bir gezek giňden düşündirmek wezipesini goýdy.


Ol Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň öňünde konstitusion özgertmeleri geçirmek bilen bagly "uly wezipeleriň" durýandygyny nygtady.

TDH-nyň ýazmagyna görä, Berdimuhamedow döwletimiň goranmak ukybyny ýokarlandyrmak we howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin, Esasy Kanuny täzelemegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny her bir harby gullukça düşündirmegiň wajypdygyny belledi.


Şeýle-de Berdimuhamedow syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň öňünde gürrüňi edilýän meseleler boýunça düşündiriş işlerini guramak wezipesini goýdy.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary we ýerli synçylaryň köpüsi Azatlyk bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Baş kanunynyň ýygy-ýygydan üýtgedilmeginden adamlaryň köpüsiniň nägiledigini, emma ýanamalardan çekinip, seslerini çykaryp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Şeýle-de synçylaryň köpüsi bu üýtgetmeler we goşmaçalar ýurtda demokratiýanyň we adam hukuklarynyň goralyşyny, kanunçylygyň pugtalanmagyny däl-de, bir adamyň hökmürowanlygynyň ýokarlanmagyny "üpjün edýär" diýip ynanýar.


XS
SM
MD
LG