Türkmenistan şu gün ýurt garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyny belleýär.
Aşgabatda bu baýram mynasybetli harby parad geçirildi, esgerler parad wagtynda “...Eger-de men Türkmenistan Watanyma,Türkmenistanyň Prezidentine dönüklik etsem, Goý, meniň ömrüm kül bolsun!” diýip, kasam etdiler.
Garaşsyzlyk güni bu ýyl ikinji gezek 27-nji sentýabrda bellenilýär. Hakykatda Türkmenistan özüniň SSSR-den garaşsyzlygyny 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda yglan etdi. Türkmenistan ozalky Sowet Soýuzynyň respublikalarynyň arasynda garaşsyzlygyny iň gijigip yglan eden ýurtlaryň biri boldy.
Garaşsyzlyk baýramy 2017-nji ýyla çenli garaşsyzlygyň yglan edilen gününde bellendi. Emma geçen ýyl, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi esasynda, ýurduň parlamenti bu senäni 27-nji sentýabra geçirmegi karar etdi.
Şol bir wagtda bu kararyň näme esasynda kabul edilendigi düşündirilmedi. Synçylaryň käbiriniň pikirine görä, bu kararyň arkasynda prezidentiň Garaşsyzlyk baýramyny Aşgabatda 2017-nji ýylda, söweş sungatlary boýunça geçirilen 5-nji Aziýa oýunlarynyň ýapylan gününde geçirmek islegi ýatyr.
Bu sportçäresi, milliardlarça dollar harçlanmagyndan başga, Berdimuhamedow üçin onuň häkimiýet başynda bolan wagtynda gazanan iň uly üstünligi boldy.
Berdimuhamedow 27-nji sentýabrda türkmenistanlylary resmi metbugatda Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady.
“Ýigrimi sekiz ýyl mundan ozal Garaşsyzlygyny bütin dünýä jar etmek bilen, Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşly nusgalyk ýoly saýlap aldy. Garaşsyzlygymyzyň aýratyn jogapkärli ilkinji ýyllarynda ýurdumyz özbaşdak we erkin syýasaty durmuşa geçirmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni ösüşine mynasyp goşant goşmak bilen, ählumumy parahatçylygyň we ylalaşygyň hatyrasyna tagallalary birleşdirýän döwlet hökmünde abraýyny has-da pugtalandyrdy” diýip, prezidentiň gutlagynda aýdylýar.
Şeýle-de prezident “baýramçylygyň öň ýanynda geçirilen Halk maslahatynyň mejlisinde biz öz özbaşdak döwletimiziň mundan beýläk hem gülläp ösmegini üpjün etmek hakynda maslahatlaşdyk, öz öňümizde beýik maksatlary goýduk” diýdi.
Emma döwlet telewideniýesinde görkezilen Halk maslahatynda hiç bir meseläniň ara alnyp maslahatlaşylmandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň ýokary wekilçilkli guramasynyň ýyllyk maslahaty döwlet telewideniýesinde alnyp görkezildi we ol 2 sagat 20 minut çemesi dowam etdi hem-de dolulygyna prezidenti öwmäge bagyşlandy.
Türkmenistanlylar bu gezekki baýramçylygy Garaşsyzlyk gazanylaly bäri dörän iň agyr ykdysady kynçylyklar astynda, pul ýetmezligi, ilatyň aglaba köpçüliginiň örän mätäç bolan we ýeňillikli bahadan satylýan harytlarnyyň gytçylygy bilen belleýärler.
Şeýle-de, uzak ýyllaryň dowamynda bolşy ýaly, Garaşsyzlyk güni Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň köpüsi üçin mejbury gatnaşmaly çäre bolup durýar.
Awgustyň ilkinji günlerinden başlap, býujet edaralarynyň müňlerçe işgäri, studentler, okuwçylar we çagalar baglarynyň terbiýeleýjileri baýramçylyk çärelerine taýýarlygyň çägindäki “marşirowkalara” gatnaşmaga mejbur edildi. Mundan başga, dabaraly çäreleri maliýeleşdirmek üçin býujet işgärleriniň aýlyklaryndan hem esli pul tutulyp alynýar.
Türkmenistan ozalky SSSR-den garaşsyzlygyny 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda yglan etdi. Şondan öň Türkmenistan SSSR-den garaşsyzlygyny yglan etmedik iki respublikanyň biri bolup durýardy.
Garaşsyzlyk yglan edilmezinden bir gün, 26-njy oktýabrda Türkmenistanyň garaşsyzlygy boýunça referendum geçirildi. Ses berenleriň 93 prosenti garaşsyzlyk ideýasyna goldaw berdi. Ses berişlige gatnaşyk 97 prosentden gowrak boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.