Özbegistanyň parlamentiniň iki öýüniň bilelikdäki mejlisinde, nika hem maşgala toýlaryny, ýubileý dabaralaryny, şeýle-de merhumlaryň hatyrasyna berilýän sadakalary, maşgalada bellenýän beýleki çäreleri geçirmegiň düzgüni tassyklandy. Bu düzgün 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.
- Kabul edilen dokumente laýyklykda, adamy depin etmekden başga ähli maşgala çäreleri bir günüň dowamynda, sagat 6:00-dan 23:00 aralygynda geçirilmeli. Gije sagat 23:00-dan soň maşgala çäresini geçirmäge rugsat edilmeýär. «Ýerli şertlere görä», şäher we raýon Geňeşi palaw çekmek dabarasy üçin aýratyn wagt belläp biler.
- Maşgala çäginde geçirilýän dabaralara çagyrylan myhmanlaryň sany 200 adamdan artyk bolmaly däl. Şol çärelerde palawa çagyryljak adamlaryň sany 250 adama çenli bolup biler.
- Goşa toýlara 250 adam gatnaşyp biler, palaw çekmek dabarasy 300 adama çenli.
- Eger maşgala dabarasyna 50 adamdan artyk çagyryljak bolsa, märeke geçiriljek zal, kafe ýa-da restoran bilen şertnama baglaşylmaly.
- Nika toýlarynda durmuş gurýanlaryň döwlet ýazlyşyk çärelerinden başlap, ýigidiň öýüne hem gelnalja, şeýle-de toý dabarasy geçýän zala üç ýeňil ulagdan artyk rugsat edilmeýär.
- Maşgala toýlaryna iki aýdym-saz toparyndan ýa-da bir saz toparyndan artyk çagyrmaly däl. Şonda artistler bilen şertnama baglaşmaly.
- Maşgala çäginde geçirilýän çärelerde, ýas çärelerinden başgasynda, adamlary gatnatjak transport hyzmatlary lisenziýaly bolmaly.
- Adamyň ýogalmagy bilen bagly ýas çäreleri üç günden artyk bolmaly däl. Ýöne kanun oňa gatnaşjaklaryň sanyny çäklendirmeýär.
- Toý ýa-da dabara geçýän kafeniň hem restoranyň administrasiýasy şol çäräniň geçiriljek wagtyndan, az bolanda iki gün öň içeri işler bölümini ýazmaça görnüşinde habarly etmeli.
Maşgala dabarasynda artykmaç zat taýýarlamak – zaýaçylyk hem köp çykdajy etmek «gadagan» diýlip, dokumentde açyk aýdylýar. Ýas mirasymynda bolsa «gereginden artyk» düzgünleri üstüne almaly däl.
Şeýle hem maşgala dabaralary geçirilmezden öň we soňra «milli däp-dessurlara, ahlak kadalaryna ters gelýän, artykmaç wagty hem çykdajyny talap edýän» başga bir dessury orta getirmek gadagan. Munuň üçin «maşgala dabaralaryny kadaly hem zaýasyz geçirmek» baradaky düzgüniň jogapkärçiligi raýonyň ýerli geňeşiniň üstüne ýüklenýär.
Şol dokumentde soňky ýyllarda Özbegistanda geçirilýän dürli toý-dabaralarda hem maşgala çägindäki üýşmeleňlerde, «şöhrata kowalaşmak, özüňi görkezjek bolmak, beýleki adamlaryň ykdysady hem sosial ýagdaýyna äsgermezçilikli ýa-da geleňsiz bolmak, çakdan aşa gerekmejek çykdajy etmek, dowam edip gelen milli däpleri hem dessurlary äsgermezçilik etmek» ýaly meýilleriň artýandygy aýdylýar.
Deputatlar dokumenti maslahata goýlanda: «Käbir raýatlar şeýle köp çykdajy, pajarly toý-märeke geçirjek bolup, karz alyp bergä batýar, soňra ony tölemeli bolýar. Gazanç üçin ýurduň çäginden çykyp gidýärler» diýip çykyş etdiler.
Şuňa meňzeş çäklendirme, toý hem ýas mirasymlaryny ykdysady şerte laýygrak geçirmek düzgüni Täjigistanda 2007-nji ýyldan bäri dowam edýär. Prezident Emomali Rahmon däp bolan pajarly toý-märekeler hem ýas düzgünleri üçin çykarylýan çykdajylar Merkezi Aziýanyň garyp maşgalalaryna maddy taýdan agyr ýük bolup durýar diýip çykyş edeninden soň, şol kanun kabul edilipdi.
Şu kanuna laýyklykda, çagyryljak myhman, meselem, restorana bolsa, 150 adamdan geçmeli däl, toýhana gelip-gitmegiň dowamlylygy üç sagat aralygynda bolmaly. Dabara çäreleri sagat 18:oo-a çenli dowam etmeli. «Aşa pajarly» dabara edýänlere 3 müň dollar jerime salmak göz öňünde tutulýar.
Şuňa meňzeş çäklendirme Gyrgyzystanyň käbir welaýatlarynda hem dowam edýär.
Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.