Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň işgärleri ýurduň ähli ýokary okuw jaýlarynda studentleri şugulçylyga çekmek boýunça hereketlerini güýçlendirdiler.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary ýuduň birnäçe ýokary okuw jaýynyň studentleri we mugallymlary bilen söhbetdeş bolup ýagdaýy anykladylar.
"Maňa gürrüň bermeklerine görä, ýokary okuw jaýlaryndaky adaty kurator-gözegçilerden başga-da Milli howpsuzlyk ministrliginden birnäçe adam işleýär. Olar ähli kurslardaky studentleri çekýärler we olaryň ýurtdaky ýagdaýlardan, studentleriň baýramçylyk çärelerine çekilmegi ýaly zatlardan nägileligini mälim edýän kursdaşlary barada habar bermegini talap edýärler", diýip habarçylarymyzyň biri aýdýar.
Habarçymyzyň sözlerine görä, şugulçylyga çekilen studentleri öz ýaşdaşlary bilen nägileligiň üstüni açýan dürli temalary nädip gozgamalydygyny we soň gürrüňdeşlige aktiw goşulýanlary hasaba almalydygyny öwredýärler.
"Şeýle-de, potensial şugulçylara ýurtda petiklenen websaýtlara girmek üçin VPN ulanýan, WhatsApp we Telegram ýaly messenjerlerden peýdalanýan kursdaşlaryny nädip anyklamalydygyny öwredýärler.Munuň üçin olara mümkin boldugyndan kursdaşlarynyň telefonlaryny görmek we habarlaryny okamak, suratlaryny görüp çykmak üçin mümkinçilik tapmagy talap edýärler" diýip, habarçymyz aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, studentlerden başga şugulçylyga mugallymlary hem çekýärler we olary işini ýitirmek howpy astynda has "ýygjam hyzmatdaşlykda" bolmaga mejbur edýärler. Emma studentlere teklip edilýän "hyzmatdaşlyga" derek olaryň okuwyny gutaransoň gowy işe ýerleşmegine ýardamy teklip edýärler.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary we garaşsyz media serişdeleri türkmenistanly ýaşlaryň bir biri barada howpsuzlyk gulluklaryna habar ýetirmek, şugullamak işlerine çekilýändigini ençeme gezek habar beripdi. Hususan-da, şugulçylygyň daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanlylaryň arasynda giňden ýaýrandygy habar berlipdi.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan studentler her gezek Türkmenistana dolanyp baranda soraga çekilýändiklerini gürrüň beripdi.
Söhbetdeşlerimiziň biri Türkiýede aspiranturada okaýan türkmenistanly özüniň Türkmenistana baranda howpsuzlyk gullugynyň edarasyna çagyrylandygyny gürrüň berdi.
"Beýleki ýurtlarda okaýan türkmen talyplarynyň arasynda ýagdaý nähili, anyk aýdyp biljek däl, ýöne Türkiýedäkileriň arasynda ýörite ilçihana tarapyndan bellenen wekiller bar, ýagny olar gündelik durmuşda we umumy ýaşaýyş jaýlarynda bolup geçýän hadysalary komitete ýetirip durlar. Türkiýede okaýanlar öz aralarynda ilçihana tarapyndan ýörite bellenen talyp wekilleriniň kimdigini gowy bilýär we şonuň üçin hem hemişe ätiýaçly hereket edýärler” diýip, özüni Aman diýip tanadan türkmenistanly student gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, gürrüňdeşligiň dowamynda howpsuzlyk işgärleri ýaşlaryň patriotizm duýgularyndan peýdalanmaga synanyşýarlar we basyşy ulanýarlar.
Azatlygyň söhbetdeşi özüniň Türkmenistanyň MHM-de çekilen gürrüňdeşliginiň mazmuny barada şeýle gürrüň berdi:
"Häzir bizi gyzyklandyrýan maglumatlary sorajak welin, çynyňy aýt. Sebäbi biz barybir hemme zady bilýäris. Diňe seniň "Patriot“ (watansöýer) bolup-bolmandygyňy synamak isleýäris. Aňyrda kimler bilen gatnaşýarsyň? Kwartirada bolýaňmy ýa-da umumy ýaşaýyş jaýynda? Özüň ýaly türkmen talyplaryndan kimleri tanaýarsyň we olaryň ýagdaýlary barada jikme-jik maglumat beräýseň? Talyplara sponsor bolýan ýurtlar, fondlar ýa-da jemgyýetler barmy? Daşary ýurtlardaky syýasy hereketler bilen araňyz nähili? Sosial mediadaky materiallar bilen gyzyklanýaňyzmy we teswir ýazýaňmy? Talyplaryň ýaşaýşy we Türkmenistandaky ýagdaýlar barasynda media maglumat berýän ýa-da şeýle habarlara teswir ýazýan studentleri bilýäňmi? Watanyňy, halkyňy söýýän bolsaň, bilýän maglumatlaryňy biziň bilen paýlaşmaly. Bolmasa maşgalaň Türkmenistanda nädip asuda ýaşap biler? Türkiýede okuwyňy tamamlap geleniňde, komitetde işläp bilersiň diýdiler".
Öz tarapyndan Türkmenistanyň howpsuzlyk gullugynyň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna anonim görnüşde düşündiriş beren käbir işgärleri özleriniň soraga diňe radikal dini toparlar bilen ilteşikli studentleriň çagyrylýandygyny nygtadylar we talyplardan başga ugurlardan maglumat almaga mätäçlik çekilmeýändigini öňe sürýärler.
Bilermenler VPN programmasynyň maglumat almak üçin howpsuz usuldygyny aýdýarlar. VPN programmalary petiklerden geçmek üçin berýän mümkinçiliginden daşary internet ulanyjynyň gizlinligini üpjün edýär, ýagny Türkmenistanda petiklenen islendik saýty açmagyňyzdan soň siziň kompýuteriňizde we mobil telefonyňyzda onuň yzy galmaýar.
Şol bir wagtda-da, bilermenler ulanyjylaryň öz howpsuzlyk şertlerini ünsden düşürmezligiň we passwordlary ýygy-ýygydan çalşyp durmagyň zerurlygyny ýatladýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.