Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana baranlaryň mobil telefonlary aeroportda barlanyp soraga çekilýär


Aşgabadyň aeroporty
Aşgabadyň aeroporty

Aşgabadyň aeroportynda daşary ýurtdan baran käbir raýatlaryň telefonlarynyň elinden alnyp, jikme-jik barlanýandygy we eýeleriniň hem telefondaky zatlar barasynda ýörite soraga çekilýändigi habar berilýär.

Читайте также на русском

Golaýda Stambuldan Aşgabada barandan soň, başyndan geçirenlerini Azatlyk Radiosy bilen paýlaşan käbir zähmet migrantlarynyň aýtmagyna görä, aeroportda olaryň mobil telefonlary elinden alnyp, soň ýörite sorag edilýän bölüme äkidilipdir. Howpsuzlyk işgärleri bir tarapdan olaryň telefonuny barlap, beýleki tarapdan, telefondaky zatlara görä olary berk soraga çekipdirler.

"Stambuldan uçup bardyk welin pasport barlagyndan geçjek bolanymyzda, bizi saklap mobil telefonlarymyzy elimizden aldylar. Soň ýörite sorag edilýän bölüme äkidip, 3-4 sagatlap telefonlaryň içini dörjeläp sorag etdiler. "Bu kim, o kim?" diýip, telefonumyzdaky adamlaryň kimdigini we olar bilen nähili gatnaşyk saklaýandygymyzy çintgiläp soradylar. "Hawa, daşary ýurtlardaky haýsy saýtlary, ýagny internet sahypalaryny yzarlap okaýarsyňyz? Azatlygy yzarlap, diňläp, kommentariýa ýazýaňyzmy? Daşary ýurtlardaky kimler bilen gatnaşygyňyz bar? Hany aýdyň, biz özümizdäki maglumatlar bilen deňeşdirip, ýalan ýa-da dogry aýdýanyňyzy anyklarys häzir" görnüşinde her hili basyşlar edip gördüler" diýip, Stambulda işläp giden zähmet migrantlary gürrüň berýär.

"Mundan owal ýerli organ işgärleri tarapyndan migrantlaryň we olaryň hossarlarynyň mobil telefonlarynyň barlanýandygyndan habarymyz bardy. Ýöne Aşgabadyň aeroportynda edil beýle bolar öýtmändik. Sorag edilýän bölümde bir topar adam sorag nobatyna ýa-da soragyň netijesine garaşyp otyrdy. Olaryň arasynda bir günläp saklananlar hem bar ekeni" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýatlap geçsek, Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlarynyň we olaryň Türkmenistandaky hossarlarynyň Azatlyk Radiosyna yzygiderli ýagdaýda berýän maglumatlaryndan çen tutulanda, geçen ýylyň dekabr aýyndan bäri Türkiýede bolýanlaryň yzy berk barlanýar. Türkmenistanyň organ işgärleri Türkiýede işläp gaýdan migrantlary gözegçilik astynda saklaýar. Dogan-garyndaşy ýa-da tanyş-bilşi henizem Türkiýede bolanlary soraga çekýärler.

Birnäçe ýyllap Türkiýede zähmet migranty bolup, şu ýylyň başynda yzyna dolanan, bir türkmen raýaty Azatlyk Radiosyna ýollan maglumatynda, şeýle gysyşlaryň henizem dowam edýändigini we diňe migrantlaryň däl, eýsem olaryň hossarlarynyň mobil telefonlarynyň hem barlanýandygyny tassyklaýar.

Onuň sözüne görä, Türkiýede işläp yzyna dolanýan migrantlara edilýän psihologiki we fiziki basyşlar hut Aşgabadyň aeroportyndan başlanýar. Türkiýeden baran migrantlar ençe sagatlap aeroportda soraga çekilýär. Olardan Türkiýede haýsy ýerlerde we nähili şertlerde işläp hem ýaşandygy, ol ýerde näçe pul gazanandygy, ol pullary näme edendigi, haýsy syýasy we dini toparlar bilen gatnaşygynyň bolandygy, ekstremist toparlaryň hataryna çekmäge hem başga ýurtlarda din üçin söweşe gitmäge çagyryş edenleriň bolup-bolmandygy, namaz we Gurhan okap-okamaýandygy, haýsy sosial ulgamlary ulanýandygy, Azatlyk Radiosyny diňläp-diňlemeýändigi, Azatlyk Radiosynyň sosial ulgamlardaky materiallaryna galdyrylýan teswirlere gatnaşyp-gatnaşmaýandygy, mundan beýläk nähili planlarynyň bardygy ýaly maglumatlar soralýar.

Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosyna şeýle temada köpsanly maglumat gelip gowuşýar we bu ugurda pikiri soralan Türkiýede işläp ýören türkmenistanly migrantlaryň aglabasy hem şeýle ýagdaýy tassyklaýarlar.

XS
SM
MD
LG