Täjigistanyň serhet goşunynda dört aý gulluk eden soldat öýüne gelip, öz janyna kast etdi.
Hadysa 21 ýaşly Ramazon Ganiýew bir hepdelik rugsat bilen Duşenbä – öz öýlerine gelende ýüze çykdy. Hökümetler möhletli gulluk edýän soldatyň ölüminiň sebäplerini derňeýärler. Ol Hatlon welaýatynyň Hamadoni sebitindäki serhet goşunlary bölüminde gulluk edýärdi.
Paýtagtyň Ferdäwsi raýonynyň içeri işler bölüminden anonim şertde Azatlyk Radiosyna mälim edilişine görä, Ramazon Ganiýew 24-nji awgustda Duşenbe derýasynyň üstünden geçýän köprüde asylan ýagdaýynda tapylypdyr.
Onuň sözüne görä, jesedi tanap bilmändirler, bäş gün geçensoň, onuň kimdigi aýan edilipdir.
2-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň žurnalisti ýogalanyň öýlerine bardy, ýöne hossarlary habarçy bilen gürleşmekden düýp-göter ýüz öwürdiler. Diňe Ramazonyň ejesi agy hem gözýaş arasynda, eklenç üçin Orsýetde bolandygyny, oglunyň ýogalanyny eşidensoň, Duşenbä uçup gelendigini hasrat bilen mälim edipdir.
«Oglumda bir hepdelik rugsat bardy, garyndaşlarymyzyň toýuna diýip şol rugsady bilen ýörite gelipdir. Soňam şeýle bolupdyr» diýip, ene agy bilen mälim edýär.
Bu hadysa ýüze çykmazdan öň Ramazony diriliginde iň soňky gören onuň aýal dogany hem bolan ýagdaýa düşündiriş bermekden saklandy.
Biz Ramazonyň medisina kollejini gutarandygyny bildik. Onuň hyýaly kollejden soň, ýüzugra medisina uniwersitetine okuwa girmek eken, ýöne ony gulluga alypdyrlar. Özüni Şahboz diýip tanadan bir ýoldaşy Ramazonyň okuwyny dowam etdirmekçidigini, ýöne “gabawa” düşendigini aýtdy.
Merhumyň goňşulary Azatlyk Radiosy bilen gepleşenlerinde, Ramazonyň örän aladaçyl bir ýigit bolandygyny aýtdylar, ol ýaş medik hökmünde, mydama töweregindäkilere kömek bermäge çalşypdyr.
Täjik soldatlarynyň özüni öldürmegi ýa-da olaryň ölümi baradaky maglumatlar habar serişdelerinde yzygiderli peýda bolýar. Ekspertler hem hukuk goraýjylar bu heläkçilikli hadysanyň aňyrsynda täjik armiýasyndaky adata öwrülip giden kanunda bolmadyk hereketleriň durýandygyny aýdýarlar. Komandirleri ýa-da öňki gulluk edip ýörenler tarapyndan urlup-ýenjilende, käte rehimsiz daraşylanda, soldatlaryň maýyp bolýandygy hakda faktlar az däl. Olaryň birnäçesi ömürlik düşege baglanýar ýa-da şirin jany bilen hoşlaşýar.
Täjigistanyň raýat jemgyýetiniň Koalisiýasynyň maglumatyna görä, 2014 – 2016-njy ýyllara aralygynda ‘dedowşina’ - uly esgerleriň ýaşlara sütem etmegi, ýerliksiz gynap ezýet bermegi bilen bagly 60-a golaý hadysa bolupdy. Täjik goşunynda soldatlara ýowuz daraşylmagyndan 11 hadysa ölüm bilen tamamlandy. Täjik hukuk goraýjylarynyň sözüne görä, Täjigistanyň armiýasynda geçirilen reformalaryň netijesinde, soňky ýyllarda ýaş soldatlara garşy bikanun hereketler görnetin azalypdyr.
Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.