Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, gümrük gullugynyň başlygyny täzeledi


Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirýär. 7-nji awgust, 2019. Döwlet telewideniýesinden alnan surat.
Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirýär. 7-nji awgust, 2019. Döwlet telewideniýesinden alnan surat.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji awgustda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, Döwlet gümrük gullugynyň başlygyny wezipesinden boşatdy.

Döwlet baştutany 13-nji iýunda geçiren howpsuzlyk geňeşinde Atadurdy Osmanowyň harby çinini dört ýyl içinde ikinji gezek peseldip, oňa dördünji gezek berk käýinç yglan etdi.

Emma muňa garamazdan, Osmanowyň indi “saglyk ýagdaýy sebäpli” wezipesinden boşadylandygy aýdylýar.

Şeýle-de prezident, gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigini aýdyp, Lebap welaýatynyň iki etrap prokuroryny, Köýtendag etrabynyň prokurory Baýjan Baýjanowy, Döwletli etrabynyň prokurory Toýlymyrat Ýegenowy wezipelerinden boşatdy.

Adatça bolşy ýaly, mejlisde ilki Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýewiň hasabaty diňlendi. TDH-nyň maglumatyna görä, döwlet baştutany MHM-iň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin anyk çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, anyk tabşyryklary berdi.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistanda 25-nji iýuldan başlap prezidentiň ýogalandygy ýa-da saglygynyň ýaramazdygy hakynda ýaýran gürrüňlere garşy işjeň göreş başlandy we Aşgabatdaky, regionlardaky güýç gurluşlary “güýçlendirilen gulluk ýagdaýyna” geçirildi.

Şeýle-de neşir, regiondaky çeşmelerine salgylanyp, Lebap welaýatynda üç adamyň gep-gürrüň ýaýratmakda aýyplanyp tussag edilendigini habar berdi. Azatlygyň bu aýdylýanlar barada resmi düşündiriş almak synanyşyklary netije bermedi.

Soňky telesýužet 15-nji iýuldan bäri dynç alyşda bolan Berdimuhamedowyň işjeňlikleriniň 20-21-nji iýulda ýaýran ölüm gürrüňlerinden soň dördünji gezek görkezilişi bolýar.

Mundan öň ol 24-nji iýulda, Aşgabadyň häkiminiň haýyşy boýunça, paýtagtda guruljak täze şäheriň köçelerinde bina ediljek awtobus duralgalarynyň taslamalary bilen tanyşmaga geldi.

Ýöne şonda bir tarapdan prezidentiň 15-nji iýuldan 15-nji awgusta çenli dynç alýandygy birnäçe gezek nygtalyp aýdylan bolsa, ikinji tarapdan Berdimuhamedowyň 24-nji iýuldaky wideo şekilleriniň onuň türkmen döwlet telewideniýesinde 10-njy maýda görkezilen wideo şekilleriniň gaýtalanmasy bolmagynyň ähtimallygy barada sorag döredi.

Döwlet telewideniýesi Berdimuhamedowyň dynç alyşdaky işjeňliklerini 4-nji awgustda has doly görnüşde, ýagny atly gezim edýän, tqze varaglary synavan, Garagumda sport maşynyny sürýän, agtygynyň täze döreden sazyny diňleýän, “Türkmen alabaýy” hakyndaky kitabyny jemleýän, şäher häkimi bilen tigirli iş maslahatyny edýän, ministrlerine sport tälimini berýän görnüşde görkezdi.

5-nji awgustda prezideni[ hqkimler bilen wideo\ekilli i\ maslahatyny edendigi habar berildi.

Prezidentiň ölendigi barada ýaýran tassyklanmadyk gürrüňlerden soň döwlet telewideniýesinde efire berlen wideoşekiller, hususan-da Berdimuhamedowyň halk içinde “Dowzahyň derwezesi” diýilýän açyk gaz ojagynyň töwereginde sport maşynyny sürmegi CCN, “Wasington post” ýaly dünýä belli neşirleriň hem ünsüni özüne çekdi.

Şol bir wagtda, türkmen raýatlarynyň adyndan tassyklanmadyk şum habary ýaýradýanlara garşy sosial media kampaniýasynyň dowam edýändiginde garamazdan, türkmen döwlet mediasy Berdimuhamedowyň ýogalandygy barada ilki ilki internetde, soňra rus metbugatynda ýaýran gürrüňler barada anyk hiç bir zat aýtmaýar.

Şu aralykda Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň 11-12-nji awgustda Türkmenistanda geçirilýän birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geljekdigi we prezident Berdimuhamedow bilen duşuşmagy planlaşdyrýandygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG