Daşoguzda howanyň gyzgynlygy 47 gradusa çenli ýetýän şu günlerde ýaşaýjylar, şol sanda söwdegärler we edara-kärhanalar elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň yzygiderli kesilmeginden ejir çekýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky çeşmeleri habar berýär.
“Daşoguz şäherinde irden sagat 10:00-dan tä 17:00-a çenli, azyndan 7 sagatlap tok kesilýär. Bu ýagdaý indi 10 gün bäri dowam edýär” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren çeşme 19-njy iýulda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, tomsuň jokrama yssysynda bu ýagdaý ýaşaýjylaryň, hususan-da, ýaş çagaly maşgalalaryň sowadyjysyz, kondisionersiz kösenmegine sebäp bolýar.
“Bu ýagdaý ýaşaýjylaryň holodilniklerdäki bir topar pul çykaryp satyn alnan azyk harytlarynyň, et we süýt-gatyk önümleriniň hem zaýalanmagyna getirýär. Adamlar soňra olary nalaç zyňmaga mejbur bolýar” diýip, çeşme gürrüň berdi.
Çeşme bu ýagdaýyň söwda nokatlarynda, bazarlarda we dükanlarda azyk harytlaryny satýan söwdegärlere, şeýle-de käbir döwlet edaralarynyň, şol sanda şäheriň 1-nji, 2-nji we 3-nji Saglyk öýleriniň işine hem ýaramaz täsir ýetirýändigini belledi.
“Tok kesilende Saglyk öýleriniň işi durýar diýsek-de boljak. Bazarlardaky ýa-da dükanlardaky söwdegärler bolsa, gündizlerine generator bilen tok alyp, çykalga tapmaga synanyşýarlar. Ýöne söwdegärleriň ençemesi azyk önümleriniň zaýalanmagy sebäpli uly maddy zyýan çekendiklerini aýdýarlar” diýip, çeşme gürrüň berdi.
Şäheriň elektrik edaralary bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň Azatlyk Radiosynyň daşoguzly çeşmesine gürrüň bermegine görä, jogapkär resmiler elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň kesilmegini abatlaýyş işleri bilen düşündirýärler.
“Resmiler bu ýagdaýyň şenbe gününe çenli dowam etjekdigini aýtdylar. Adamlar munuň bejeriş işleri sebäpli däl-de, elektrik togyny tygşytlamak maksady bilen kesilýändigine ynanýar” diýip, çeşme aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň Daşoguz şäherinde elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň kesilmegi we onuň sebäpleri barada maglumat almak üçin şäher häkimligi we şäher elektrik edarasy bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi. Şeýle-de, şäheriň 1-nji, 2-nji we 3-nji Saglyk öýlerinden hem maglumat alyp bolmady.
Bu aralykda, günüň dowamynda elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly ýagdaý Aşgabat şäheriniň hem käbir etrapçalarynda bolup geçdi.
“17-nji iýulda şäheriň Parahat-2 etrapçasynda elektrik energiýasynyň üpjünçiligi üç gezek kesildi. Ýaşaýjylar munuň sebäpleriniň elektrik energiýasynyň güýjüniň ýeterlik bolmandygy bilen düşündirýärler. Howanyň gyzgynlygy sebäpli şu günler ýaşaýjylaryň tas ählisi sowadyjylaryny, kondisionerlerini işledýär” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren aşgabatly habarçy 17-nji iýulda gürrüň beripdi.
Tomus aýlarynda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda, Aşgabat şäherinde we beýleki welaýatlarynda günüň dowamynda elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly Azatlyk Radiosy indi ençeme ýyl bäri habar berip gelýär.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi ýurduň regionlarynda gaz, elektrik, suw üpjünçiligi ulgamlarynda soňky ýigrimi ýylda köp problemanyň toplanandygyny, energiýa geçirijileriniň sowet ýyllaryndan bäri hiç bir bejeriş görmedik ýerleriniň hem az däldigini aýdýarlar.
Geçen ýylyň noýabrynda Aziýa Ösüş bankynyň (AÖB) direktorlar geňeşi Türkmenistanyň elektrik geçirijileriniň kuwwatyny, ýurduň elektrik üpjünçiliginiň we goňşy ýurtlara iberýän elektrik energiýasynyň ygtybarlylygyny artdyrmak üçin $500 million karz bermegi tassyklady.
Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistanda ilata çärýek asyrlap mugt ýa-da ýeňillikli bahadan berlen elektrik energiýasy, gaz we suw tölegli edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.