Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň habaryndan soň, Aşgabatda süýjükeselli näsaglaryň insulin elýeterliligi kadalaşdy


Türkmenistan
Türkmenistan

Aşgabadyň döwlet dermanhanalarynda insulin lukmanlaryň näsaglara ýazyp berýän reseptinde görkezilýän möçberde berlip başlandy. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň 10-njy iýunda habar bermegine görä, şu günler insulini paýtagtyň käbir dermanhanalarynda, şol sanda Alyşir Nowaýy köçesindäki dermanhanada alyp bolýar.

"Şu gün meniň tanşym özüniň maýyp bolan dogany üçin insulin aldy. Bu ir hem däldi. Hiç bir problema bolmady. Üç ampula ýazyp berlen bolsa, üçüsini-de eline berdiler" diýip, habarçymyz 10-njy iýunda aýtdy.

Türkmenistanda insulini diňe döwlet dermanhanalarynda alyp bolýar. Insulin saglyk ätýaçlandyryş şahadatnamasynyň esasynda lukmanyň ýazyp beren resepti boýunça mugt berilýär.

Emma maý aýynyň başynda paýtagtda insuliniň gytçylygy döräpdi.

Azatlygyň habarçylarynyň beren maglumatlaryna görä, döwlet dermanhanalarynyň öňünde uly nobatlar emele geldi. Diabet - süýjükeselli näsaglar üçin iňňän wajyp insulin reseptde görkezilen sandan has az möçberde berildi.

"Eger lukman näsaga onuň keseliniň agyrlygyna görä, bäş ampula ýazyp berýän bolsa, dermanhanada oňa bagty çüwse üç sanysyny berýärler. Eger üç ampula ýazylan bolsa, ikisini berýärler. Emma köp halatlarda näsaglar, ýa-da süýjükeselli maýyplaryň özleri baryp bilmän, olara derek garyndaşlary dermanhana baranlarynda dermanyň gutarandygyny eşidip galýarlar" diýip, 13-nji maýda Azatlygyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri habar berdi.

Süýjükeselden ejir çekýänler üçin iňňän wajyp insulin Türkmenistanyň hususy dermanhanalarynda satylmaýar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy Aşgabadyň döwlet dermanhanalarynda isuliniň elýeterliliginiň şu günki ýagdaýy bilen gyzyklandy we ony almagyň tertibini öwrendi. Onuň sözlerine görä, ýaňy-ýakynda täze bir düzgün girizilipdir, ýagny ulanylan insuliniň gaplaryny dermanhana tabşyrmaly edilipdir.

"Başda lukmandan resept ýazdyryp almaly, soňra insulini dermanhanadan almaly. Emma indi, öňki resept boýunça alnan insuliniň gaplaryny dermanhana tabşyrmaly. Bu belki-de, insuliniň bikanun satylmaýandygyny subut etmek üçindir. Meniň tanşym bu täzelikden habarsyzdy, emma oňa dermany berdiler we indiki gezek ampulalary getirmegi soradylar. Indi nobatlar hem ýok" diýip, habarçymyz aýtdy.

Habarçymyzyň sözlerine görä, häzirki wagtda süýjükesellileriň çekýän kynçylyklarynyň ýene biri sanjym üçin gurallaryň şpritsleriň ýetmezçiligidir.

"Ýörite dozaly şpritsleriň ýetmezçiligine degişli problema bar we näsaglar olary örän aýap ulanýarlar, köplere olary daşary ýurtlardan getirip berýärler" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

Türkmenistanyň paýtagtdan başga regionlarynda insuliniň elýeterliligine degişli häzirki ýagdaýy anyklap bolmady.

Ýurtda insulin gytçylygy şu ýylyň başynda döredi, emma soňky aýlarda has hem güýçlendi.

Türkmenistanda insuliniň gytçylygynyň ýüze çykmagynyň sebäpleri belli däl. Saglygy saklaýyş ministrligi tarapyndan bu mesele barada resmi beýanat bolmady. Dermanhanalaryň işgärleri ol ýa-da beýleki dermanlaryň gytçylygynyň sebäplerini düşündirmeýärler. Azatlyk resmi düşündirişleri Türkmenistanyň saglygy saklaýyş resmilerinden hem alyp bilmedi.

Ýurtda dermanlaryň gytçylygynyň we gymmatlamagynyň fonunda ilat köpçüligi dermanlary daşary ýurtlardan getirmekde hem päsgelçiliklere duçar bolýarlar. Aşgabadyň halkara aeroportunda daşary ýurtlardan gelýän ýolagçylaryň el goşlarynyň barlanyp, içinden tapylan dermanlaryň we medisina serişdeleriniň aeroportuň işgärleri tarapyndan alynmagy barada ençeme gezek habar berlipdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG