Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Andijanda ýene iki aýal 'prezident kwartiralary' bilen aldanyp, özleriniň 'gurjak ýaly oýnalandygyny' aýdýarlar


Andijan oblastynyň häkiminiň Aýallaryň işi boýunça orunbasary Manzura Ýunusowa «prezident kwartiralaryny» alan aýallara döwlet ýolbaşçysy bilen duşuşykda özüňi dogry alyp barmalydygyny öwredýär.
Andijan oblastynyň häkiminiň Aýallaryň işi boýunça orunbasary Manzura Ýunusowa «prezident kwartiralaryny» alan aýallara döwlet ýolbaşçysy bilen duşuşykda özüňi dogry alyp barmalydygyny öwredýär.

Andijan şäherindäki «Mustakallik tikinçilik jemgyýeti» tikinçilik kärhanasynyň iki tikinçisi – Muýassar Rahimowa hem Şohista Bakirowa 30-njy maýda Azatlyk bilen gürleşende, Andijan oblastyna döwlet ýolbaşçysy gelen gününde täze gurlan jaýlardan özlerine kwartira berlendigini, prezident gaýdandan soň jaýy boşatmagy sorandyklaryny gürrüň berdiler.

28-nji maýda Andijanyň ýaşaýjysy, 35 ýaşly Hurşida Tillýaýewa bu ýagdaý bilen barlanyşykly nämeler bolandygy hakda, Azatlyga wideoýüzlenme ýollady.

Aldanan ýene iki aýal

30-njy maýda Azatlyk radiosynyň habarçysy bilen gürleş bolan Muýassar Rahimowa ýerli hökümetler «prezident kwartirasyny» berjek diýip, ony hem ýene birnäçe andijanlyny aldandyklaryny aýdýar.

– Siz Hurşida Tillýaýewa bilen baglanyşykly gürrüňleri eýýäm bilýärsiňiz. Menem şol aldananlardan biri. Bizden başga-da ýerli hökümetler Haýriniso Ermatowany, Zulfiýa Abduwaliýewany hem-de Kamoliddin agany aldatdylar. Prezidentiň maslahatçysy Tursunhon Hudoýbergenow Andijana saparynyň dowamynda biziň «prezident kwartirasyny» aljakdygymyza söz berdi. Ýöne hökümetleriň wada beren kwartirasyny diňe bir adam – Dilfuza Hojimatowa aldy. Ýöne prezident gideninden soň biziň tikinçilik kärhanamyzyň kadrlaryň işi boýunça ýolbaşçysy Mawlýuda Nişanowa gelip, wada edilen kwartiralary almajakdygymyzy aýtdy. «Asyl görsek, bu oýunda bizi diňe artist hökümnde peýdalanypdyrlar», biziň jaý almak baradaky bar umydymyzy öldürdi – diýip, Muýassar Rahimowa aýdýar.

Onuň kärdeşi andijanly Şohista Bakirowa döwletden kwartira alarys diýip aldananlardan biri bolandygyny Azatlyga gürrüň berdi.

Bakirowanyň sözüne görä, onuň ejesi 2-nji topara degişli maýyp, onuň özi bolsa birnäçe hirurgiki operasiýany başdan geçiripdir.

Andijanyň resmileri Şohistanyň maşgala kynçylyklaryny nazara alman, oblasta prezident Şawkat Mirziýaýewiň geljek güni ony «gurjak hökmünde ulanypdyrlar».

Bu aralykda Andijandan bolan tikinçi Muýassar Rahimowa mundan birnäçe gün öň Azatlyga interwýu beren Hurşida Tillýaýewanyň häkimiýetler tarapyndan berk gysyşa düşendigini hem aýtdy. Rahimowanyň özi Hurşidadan tapawutlylykda täze jaý almak ugrundaky göreşi dowam etdirjekdigini, ýerli häkimiýetleriň ýalançylygyny paş etjegini aýdýar.

Azatlyga interwýu berensoň, Hurşida nirä ýitirim boldy?

Soky gezek Hurşida Tillýaýewa bilen biziň habarçymyz 28-nji maýda, agşam sagat 9-larda gürleşdi.

29-njy maýyň ertiri habarçymyz ol berlen interwýudan soň wakalaryň nähili özgerendigini anyklamak üçin, olar bilen baglanyşmak isledi. Ýöne günüň uzakly dowamynda Tillýaýewanyň mobil telefony bagly boldy.

Hurşidanyň kärdeşleriniň Azatlyga aýtmagyna görä, 29-jy maýda şol tikinçilik kärhanasynyň ýolbaşçysy Tohiržon Alimžonow bu ýaş aýaly hem onuň ejesini öz maşynyna mündürip, bir nämälim ugra gidipdir.

Masgaraçylygyň öwrümleri

Azatlyga mälim bolan maglumata görä, Andijan oblastynyň häkiminiň Aýallaryň işi baradaky ýolbaşçysy Manzura Ýunusowa hem şäher häkimi Dilmurod Rahmatullaýew Hurşida Tillýaýewany hem onuň ejesini şäher administrasiýasynyň jaýynda saklap, uzakly gün sorag edipdirler.

Şäher administrasiýasynyň jaýyna ýörite çagyrylan žurnalistler bolsa ös saýtlarynda yzly-yzyna Tillýaýewany ýalan maglumat ýaýradýanlykda aýyplap çykyş edipdirler.

Şeýle hem ýerli medianyň saýtynda Hurşidanyň şahsyýetine degişli informasiýalary aýtmakdan daşary onuň ejesiniň, kiçi aýal doganynyň hem çagasynyň şahsyýetine ýetilýär. Netijede, Hurşida Tillýaýewa sosial ulgamda masgaraçylyk tagmasyny alypdyr. Hususan-da, ýaş zenan «gadyr bilmezlikde» hem «Remezan aýynda ýalan ýaýratmakda» aýyplanýar.

Hurşidanyň meselesi Daşkentde maslahatlaşylýar

Biziň habarçymyz Hurşida Tillýaýewanyň Azatlyga interwýu berenden soň sosial ulgamda garalanmagy bilen baglanyşykly ýagdaýyndan habar almak üçin, Özbegistanyň Aýallar komitetiniň başlygynyň kömekçisi Tanzila Narbaýewa bilen baglanyşdy.

Aýallar komitetiniň başlygynyň kömekçisi Tillýaýewanyň arzasyny öwrenmek üçin, Andijan oblast häkimliginiň ýanynda, ýörite işçi toparynyň döredilendigini aýdyp, ol işçi toparyň gelen netijeleri barada maglumat bermekden saklandy. Ýaýradylan media maglumatlaryna jogap bermegiň öz borjuna girmeýändigini aýtdy.

Sosial ulgamy sarsdyran iki çaganyň enesiniň ykbaly

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaewiň Andijan oblastyna saparynyň öň ýany (döwlet ýolbaşçysy oblasta 16-njy maýda bardy – Red.) Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan aýalyň aýtmagyna görä, tikinçilik kärhanasyndan özbaşdak ýaşaýyş jaýy bolmadyk, maýyp çagaly 8 işgäre, täze kottejlerden kwartira beriljegine söz beripdir.

Onuň sözüne görä, oblastyň häkiminiň Aýallaryň işi baradaky komitetiniň orunbasary Manzura Ýunusowa birnäçe günläp aýallary döwlet ýolbaşçysy bilen duşuşyga taýýarlapdyr.

– Ýunusowa birnäçe günläp aýallara prezidente nädip minnetdarlyk bildirmelidigini, duşuşykda özüňi nähili alyp barmalydygyny, döwlet ýolbaşçysy bilen duşuşykda nähili geýinmelidigini öwretdi – diýip, Azatlygyň gürrüňdeşi aýdýar.

Şeýle «baş repetisiýadan» soň prezident bilen duşuşyga taýýarlananlardan biri Hurşida Tillýaýewanyň ‘Uzbekistan 24’ telekanalynda çykyş edip, döwletden kwartira alandygyny şatlykly aýtdy.

Ýöne prezident Andijandan giden badyna oňa berlen jaýyň eýýäm eýesiniň bardygyny, onuň kwartirany soň aljakdygyny aýtdylar. Hurşida Tillýaýewa «gurnalan şowhunyň pidasy bolandygyny» Azatlyga mälim etdi.

Häkimler gözboýagçylyga kowalaşanda, bar many ýitýär

Azatlyk mundan öňem prezident Şawkat Mirziýaýewiň saparynyň öň ýanynda, oblast ýolbaşçylarynyň ony garşylamak üçin gözboýagçylyk çärelerine aşa taýýarlyk görýändigini ýazypdy.

Hususan-da, 2018-nji ýyly fewral aýynyň ortalarynda Azatlygyň saýtynda Margilanyň ýaşaýjysy 42 ýaşly Dilorom Mamurowanyň özüni asyp öldürjek bolanda, goňşularynyň ony ýüpden halas edendiklerini ýazdy.

Özüni dürsäninden soň ol aýal Azatlygyň habarçysyna Margilan şäheriniň häkimliginiň adalatsyz hereketine gahar edip, janyna kast etmäge synanyşandygyny aýtdy. Häkimlik ondan hem onlarça goňşusyndan prezidenti sowgat eden jaýlarynyň kireýiniň tölegini talap edipdir.

Azatlygyň Özbek gullugynyň materialy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG