Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy maýda syýahatçylyk maksady bilen Türkmenistana gelýän ýapon raýatlary üçin käbir ýeňillikleri girizmek baradaky karara gol çekeninden soň, Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň käbiri “Azatlyk” bilen söhbetdeşlikde baryş-geliş barada öňden bäri aýdyp gelýän arzuw-isleglerini gaýtalady.
TDH-nyň maglumatyna görä, ýapon raýatlary babatda 10 gije-gündize çenli möhlet bilen bir gezeklik syýahatçylyk wizalarynyň resmileşdirilmegi üçin ýeňillikli ýygymyň möçberi bellenildi.
Mundan başga, täze karar esasynda Ýaponiýanyň raýatlary görkezilen wizalar resmileşdirilende, konsullyk işleriniň gyssagly, işden daşary wagtda, dynç alyş we baýramçylyk günlerinde geçirilmegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan konsullyk ýygymlaryny we goşmaça konsullyk ýygymlaryny tölemekden boşadylýar.
Täze kararyň syýahatçylyk ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek maksady bilen kabul edilendigi habar berilýär.
Bu täzelik türkmenistanlylaryň soňky on ýylda köpçülikleýin ýurtdan çykýandygy hakynda syzyp çykan resmi maglumatlaryň çap edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Ýurtda “sanly ykdysadyýet” bilen bir hatarda “sanly syýahatçylygy” hem ösdürmegi talap edýän türkmen prezidenti bu pudagyň işleriniň guralyşyny, Türkmenistanyň syýahat mümkinçilikleriň ýeterlik peýdalanylmazlygyny yzygiderli tankyt edip gelýär.
Mysal üçin, Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji aprelinde Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewiň “Türkmensyýahat” döwlet syýahatçylyk kompaniýasynyň maliýe görkezijileri barada beren hasabatyny diňläp, syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy Serdar Çolukowa käýinç yglan etdi.
“Türkmensyýahat” döwlet kärhanasynyň işi göwnejaý derejede alnyp barylmaýar” diýip, TDH prezidentiň sözlerini sitirledi we wise-premýer Goçmyrat Myradowa bu ýagdaýy düzetmek üçin gyssagly çäre görmegiň tabşyrylandygyny habar berdi.
Ýapon syýahatçylaryna döredilýän ýeňillikler, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli synçynyň pikiriçe, belki-de, prezidentiň şu tabşyrygy esasynda girizilýändir.
“Sebitde syýahat çäklendirmeleri ýa-da wiza almak kynçylyklary boýunça iň öňdäki ýurtlaryň biri hasaplanylýan Türkmenistan üçin bu oňyn täzelik bolup görünýär. Belki, bu ýeňillikler geljekde başga ýurtlular üçin hem giriziler” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýerli synçy Azatlyk radiosyna aýtdy.
Eger biraz yza çekilsek, Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň noýabrynda hem Çolukowdan Türkmenistana has köp syýahatçy çekmegi, hususan-da saglyk we ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmegi talap edipdi.
Bu talap Türkmenistan bilen goňşulykdaky ýurtda ýaşaýan we saglyk hyzmatlary üçin Pakistana, Hindistana, Türkiýä, arap ýurtlaryna gitmeli bolýan etniki türkmenlerde täze bir umyt döretdi. Olar ýakyn aralykda ýerleşýän Türkmenistana baryp, türkmen lukmanlaryna öz dillerinde dertlerini düşündirip, has gowy medisina hyzmatlaryny alyp bilmek mümkinçilikleriniň döredilmegine garaşdylar.
Azatlyk bilen gürleşen owgan türkmenleri munuň iki tarap üçin-de peýdaly boljagyny, owgan türkmenleriniň terjimeçi, ýol üçin çykarýan uly harajatlaryny tygşytlap biljegini, türkmen tarapynyň bolsa saglyk syýahatyndan goşmaça girdeji aljagyny bellediler.
Emma olaryň bu arzuwlary başa barman gelýär. Şol bir wagtda, owgan türkmenleriniň Özbegistana saglyk syýahatçylygyna gitmegine barha giň ýol açylýandygy habar berilýär.
Azatlygyň Özbek gullugynyň berýän habarlaryna görä, Özbegistanda häkimiýet çalşandan soň ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleri has giňden ulanylyp başlandy we bu pudakdan ýurda her ýylda millionlarça dollar goşmaça girdejiniň gelmegine garaşylýar.
Azatlyk bilen gürleşen eýranly, owganystanly türkmenler, ozalky sowet respublikalaryna, günbatar ýurtlaryna çykan we şol ýerlerde işleýän türkmenistanlylar hem Türkmenistana baryp-gelmek meselesiniň ýeňledilmegine garaşýandyklaryny gürrüň berdiler.
Taryhy ýagdaýlar sebäpli başga ýurtlaryň çäginde galan millionlarça türkmen wiza kynçylyklarynyň aradan aýrylmagyna garaşsa, Türkmenistanyň özünden bolan adamlar öz ýurtlaryndan gitmek we oňa dolanyp gelmek hukuklarynyň iş ýüzünde dikeldilmegini isleýär diýip, daşary ýurtlardaky türkmen diasporasynyň wekilleriniň biri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Ol Türkmenistana baryp görmek mümkinçiligine wehim salmak ähtimallygyny alada edip, öz adynyň aýdylmazlygyny sorady.
Azatlyk radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myrady Türkmenistanda ýapon syýahatçylary üçin döredilýän ýeňillikler baradaky karardan soň, owgan türkmenleri Muhammad Azym Aga we Abdygany Çerkez bilen söhbetdeş boldy.
Bu söhbetlerden bir bölegi ünsüňize hödürleýäris we gozgalan mesele boýunça öz pikirleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.