Onlarça jaý eýesi, esasan aýallardan ybarat, gelýän aýda geçiriljek irki saýlawlardan öň az girdejili maşgalalar, ýekelikde çaga terbiýeleýän eneler üçin problemaly bolan jaý karzlarynyň bergi-borçlarynyň geçilmegini we döwlet tarapyndan başga-da maliýe kömekleriniň berilmegini talap etdiler.
21-nji maýda Merkezi Aziýa ýurdunyň iň uly şäheri Almatyda, dolandyryjy Nur-Otan partiýasynyň edara jaýynyň daş işiginde geçirilen ýygnanyşyk energiýa baý ýurduň ilatynyň ýüzbe-ýüz bolan ykdysady kynçylyklary baradaky aladalarynyň ýene bir görkezijisi boldy.
Ýurduň awtoritar dolandyryjysy, 78 ýaşyndaky Nursoltan Nazarbaýew mart aýynda, onlarça ýyl oturan prezidentlik kürsüsinden çekildi, ýöne Nur-Otanyň başlygy bolup galdy.
Ol öz ornuna Kasym-Žomart Tokaýewi wagtlaýyn prezident belläp, häkimiýetiň ýumşaklyk bilen geçmegine gözegçilik etmäge çalyşýar.
Berk kontrollykda saklanylýan ýurtda 9-njy iýunda geçiljek saýlawlarda Tokaýewiň aňsatlyk bilen ýeňmegine garaşylýar.