Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltandaky sud Maý gününde ýurduň uzak wagtlyk prezidenti Nusrsoltan Nazarbaýewe hem-de onuň maşgalasyna garşy protestlere gatnaşyp saklanan protestçilere garşy türme hökümlerini çykarmaga başlady.
1-nji maýdaky protest ýörişine gatnaşan onlarça adam şäher polisiýasy tarapyndan tussag edildi.
Tussag edilen demonstrasiýaçylar Alimžan Izbasarowyň we Altynbek Oryntaiulynyň aklawçysy Bauyržan Azanow 2-nji maýda Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde öz müşderlerine öten agşam bolan diňlenişikde, polisiýanyň buýruklaryna boýun egmezlik boýunça höküm çykarylandygyny habar berdi.
Ol müşderileriniň hersine 5 gün türme tussaglygynyň berlendigini aýtdy.
Aktiwistler sosial mediada tussag edilen üçünji protestçi Serik Askarowyň hem 5 gün azatlykdan mahrum edilendigini aýdýarlar. Emma bu habarlar gazak häkimiýetleri tarapyndan garaşsyz ýagdaýda tassyklanylmady.
Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy Nur-Soltdanky suduň 2-nji maýda hem tussag edilen protestçileriň azyndan biriniň diňlenişigini geçirýändigini anyklady. Sud diňlenişigindäki protestçiniň adynyň Bibigul Tuýakowadygy aýdylýar.
Gazagystanyň Içeri işler ministrligi 1-nji maýda Maý güni protestleri mahalynda Nur-Soltanda Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda jemi 80 adamyň tussag edilendigini aýtdy.
Emma AÝ/AR-nyň Almatydaky demonstrasiýa barada habar taýýarlan habarçylary diňe bir şäherde 100 töweregi adamyň tussag edilendigini habar berdiler.
Nur-Soltanda, Almatyda we beýleki birnäçe şäherde geçirilen Maý güni protestleri Gazagystanda azyndan 2016-njy ýyldan bäri geçirilen iň uly protestler boldy.
Olar Gazagystanyň syýasy ulgamyndan, Nursoltan Nazarbaýewiň 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargamazyndan öň başlanan agalygyndan barha artýan jemgyýetçilik nägileleligini görkezýär.
1-nji maý protestlerine gatnaşanlaryň köpüsi Nazarbaýewiň oruntutaryny, ol martda birden işden çekilenden soň wagtlaýyn prezident bellenen Kasym-Žomart Tokaýewi prezidentlige tassyklamak üçin 9-njy iýunda irki saýlawlaryň geçirilmek planyny tankytlaýar.
Başga pikirlilige çydamadyk 78 ýaşly Nazarbaýew Gazagystanyň dolandyryjy “Nur Otan” partiýasyna ýolbaşçy bolup galmagyny dowam etdirýär. Şeýle-de onuň resmi Elbasy, ýagny milletiň lideri atly derejesi bar.
“Nur Otan” 23-nji aprelde geçiş prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi iýunda geçjek prezident saýlawlarynda bäsleşmek üçin öz kandidatlygyna hödürledi. Tokaýewiň berk kontrollykda saklanylýan ýurtda ap-aňsat ýeňiş agzanmagyna garaşylýar.
Gazagystanyň Sosial demokratik partiýasy, ýurtda hasaba alnan ýeke-täk syýasy partiýa bolmak bilen, özüni hökümete garşy oppozisiýada durýan hereket hasaplaýar we bu ses berişligi boýkot edýändigini aýtdy.
Olar bu kararlaryny saýlawa gatnaşsalar, munuň özlerini döwletiň gurjagy ýaly edip görkezjegi bilen düşündirdiler.
Garşydaşlary, tankytçylar we hukuk toparlary Nazarbaýewiň raýatlaryň köpüsiniň esasy hukuklaryny inkär edip, demokratik prosesleri gysmak arkaly öz häkimlik möhletini uzaldyp gelendigini aýdýarlar.
Halkara gözegçileri Gazagystanda geçirilen saýlawlary hiç haçan “azat we adalatly” diýip atlandyrmadylar ýa-da olaryň halkara demokratik ölçeglerine gabat gelýändigini aýtmadylar.