Moskwa türkmen gazyny täzeden import edip başlan mahaly, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Gazprom” kompaniýasy Türkmenistandan 2019-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli 1,155 milliard kub metr gazy satyn almagy planlaşdyrýandygyny aýtdy.
“Gazprom Eksport” tarapyndan 15-aprelde ýaýradylan bu beýanatda Russiýanyň iýun aýynyň ahyryna çenli satyn aljak türkmen gazynynyň möçberi mälim edilýär. Ýöne şondan soňra gaz söwdasynyň dowam etdirilip-etdirilmejekdigi baradaky soraglar nämälim bolup galýar.
Üç ýyl arakesmeden soňra, 15-nji aprelde “Gazprom Schweiz AG” (Gazprom Eksport toparynyň düzümine girýär) kompaniýasy bilen Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni gaz söwdasyny täzelemek barada şertnama gol goýdular.
“Şertnama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli 1,155 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny satyn almak planlaşdyrylýar” diýlip, “Gazpromyň” beýanatynda aýdylýar.
15-nji aprelde Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň elektron gazetinde “Türkmengaz” döwlet konsernine salgylanylyp, şol güni günortan “sagat 12-den başlap Russiýa Federasiýasyna türkmen tebigy gazynyň iberilmeginiň gaýtadan ýola goýulandygy” mälim edildi.
Habarda gaz “ibermeleriň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hereket edýän hökümetara Ylalaşygyň çäklerinde ýola goýulandygy” hem nygtaldy. Ýöne onda Russiýanyň Türkmenistandan satyn aljak tebigy gazynyň möçberi we onuň bahasy baradaky detallar ilat köpçüligine ýetirilmedi.
2010-njy ýylda Russiýanyň ornuny Hytaý eýeleýänçä, “Gazprom” türkmen gazyny iň köp import edýän kompaniýady. Hytaý geçen ýyl Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi arkaly 40 milliard kub metr türkmen gazyny import etdi.
“Reuters” habar agentliginiň 16-njy aprelde çap eden habaryna görä, 2009-njy ýyla çenli Türkmenistan Russiýa ýylda 40 milliard kub metr tebigy gazy eksport edýärdi. Şonda gaz geçirijide emele gelen näsazlyk we jedeller sebäpli türkmen gazynyň Russiýa importy 2010-njy ýyla çenli wagtlaýyn ýatyrylypdy.
2015-nji ýylda “Gazprom” kompaniýasy Türkmenistandan import edýän gazynyň möçberini ýylda 11 milliard kub metrden 4 milliarda çenli azaltmak baradaky planyny yglan edipdi.
Şol ýylyň fewralynda Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň resmi websaýtynda “Gazprom kompaniýasy şertnamalary yzygiderli bozýar” we bu onuň “durnuksyz partnýordygy” barada pikir döredýär diýen mazmunly makala çap edildi.
Munuň yzýany, şol ýylyň iýunynda “Gazprom Eksport” ‘Türkmengaz” döwlet konserniniň üstünden Stokgolmdaky arbitraž suduna şikaýat edip, Aşgabatdan 5 milliard amerikan dollary möçberindäki tölegi yzyna gaýtarmagy talap etdi.
2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda “Türkmengaz” döwlet konserni Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň türkmen gazyny satyn almagy bes edýändigini mälim etdi.
Bu ädim berk walýuta çeşmesi hökmünde uglewodorod serişdelerinden gelýän girdejä güýçli garaşly bolan Türkmenistanyň ykdysadyýetine ep-esli basyş etdi.
Geçen ýyl türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow puly tygşytlamak tagallalarynyň bir bölegi hökmünde, Türkmenistanyň ilatyna gazy, elektrik energiýasyny we suwy mugt bermek barada çärýek asyrlap dowam eden tejribäni ýatyrdy.
Türkmenistan tebigy gaz baýlygy taýdan dünýäde dördünji orny eýeleýänem bolsa, ony eksport etmekde käbir kynçylyklary başdan geçirýär. Resmi Aşgabat 2017-nji ýylda Eýrana gaz akdyrmagyny bes edip, häzirki wagt Russiýa bilen gaz söwdasyny täzeleýänçä, diňe bir alyja, ýagny Hytaýa garaşly bolup galýardy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.