Balkan welaýatynyň Etrek (ozalky Gyzyletrek) etrabynyň ýaşaýjylary sebitdäki suw joşmalary, ýollary we ilatly ýerleri basan sil suwlary zerarly bir hepde bäri gabawda, ýurduň başga ýerlerinden üzňelikde otyr diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär.
Etrek etraby Eýran bilen Türkmenistanyň serhedinde ýerleşýär we Eýrandan gözbaş alýan Etrek derýasy iki ýurduň arasyndaky araçäk bolup durýar. Adatça suwy pes bolýan Etregiň joşmagyna ozaly Eýranda ýagan ýagyn, ikinji tarapdan Sumbar jülgesine ýagan gar, ýagyş-ýagmyr sebäp boldy diýip, ýerli ýaşaýjylar Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler.
“Etrek derýasy bilen Sumbar derýasy Etrek etrabynyň gündogarynda, Çat diýilýän ýerde birigýär. Adatça bu ýerde suw pes bolýar. Derýa joşgunynyň ilkinji alamatlary fewralda gelen sildenbildirdi. Sebäbi şol wagt uzynlygy 100 kilometre çenli uzaýan Sumbar jülgesine düşen galyň gar eredi we etrabyň köp ýerini, şol sanda Etrek şäherini suw basdy” diýip, 45 ýaşly etrekli ýaşaýjy gürrüň berdi.
Sil suwlary Etrek şäheriniň täze we köne böleginiň, ýagny Etrek bilen Baýathajynyň arasyndaky maşyn we pyýada gatnawyny kesdi. Mundan başga, Etrekden çykyp, Esenguly tarapa gitmek mümkinçiligi hem juda çäklendi, Esenguly bilen Etregiň arasyndaky 90 kilometrlik ýoluň ortalaryndaýerleşýän köne köprä zyýan ýetdi, ondan ýük maşynlary geçip bilenok, ýeňil maşynlar hem ýolagçylaryny düşürip, hudaýy-allany çagayryp, zordan geçýär diýip, ýaşaýjylar gürrüň berýär.
Mundan başga, Esengulydan Nebitdaga barýan 200 kilometr çemesi ýoluň hem bir topar ýeri zaýalandy, Nebitdagdan Gumdaga baryp bolýar, ýöne ol ýerden Esengula tarap ýola düşmek howply bolmagynda galýar.
“Ýazdaky mekdep kanikulynda Gumdaga, Nebitdaga, beýleki ýerlere gezmäge ýa iş bilen giden adamlar, olaryň arasynda mugallymlar, kesel anyklaýyş merkezine gelen näsaglar hem bar, yzlaryna gelip bilenoklar" diýip, ýaşaýjylar aýdýar.
Etrek etrabyna Serdar (Gyzylarbat) şäheri tarapyndan hem barylýan ýol bar, bu ýoluň uzynlygy 230 kilometr bolup, ol dag üstünden we dag jülgelerinden geçýär. Bu ýol geçen asyryň 60-njy ýyllarynda gurlan ýol bolup, ondan dünýäniň düzüw wagty hem gatnamak aňsat däldi. Bu ýoluň ugrunda bärinäçe köpri bar. Mysal üçin, Tersakan diýlen ýerde, Sumbar derýasynyň üstünden geçýän köpri doly ýumruldy, ondan ne maşyn, ne-de pyýada geçip bilýär diýip, habarçy bilen gürleşen ýaşaýjylar aýtdy.
Bu ýagdaý Etrek etrabynyň, şeýle-de Esenguly etrabynyň bir hepde bäri gabawda, ýurduň beýleki ýerlerinden üzňelikde galmagyna alyp geldi.
“Bir obadan beýleki oba ýasa baryp bilmedik wagtlarymyz hem boldy” diýip, adamlar gürrüň berýärler.
Mundan öň Azatlyk Balkan welaýatynyň Bereket (Gazanjyk) etrabyna gelen siliň eden zaýaçylyklary hakynda maglumat beripdi. Bu sebite ýokardan gelen komissiýa özlerinde obalary basan sil suwlaryny, läbik palçygy aýyrmaga ne tehnikanyň, ne güýjüň bardygyny aýtdylar. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýranyň silden ejir çeken halkyna duýgudaşlyk bildirdi, emma bu edaranyň Azatlyk bilen gürleşen wekili ýerli ilatyň silden ejir çekendigini inkär etdi.
Türkmen mediasy ýurtdaky tebigy hadysalar, şol sanda sow joşgunlary we sil gelmeleri hakynda maglumat bermeýär.