Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bereket etrabyny sil suwy basdy; onlarça maşgala mekdeplere göçürildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň administratiw merkezini we 10-a golaý obasyny sil suwy basdy. Ýaşaýyş jaýlarynyň, döwlet edaralarynyň onlarçasyna zeper ýetdi, onlarça maşgala orta mekdepleriniň binalaryna göçürildi we Bereketdäki halkara demirýol stansiýasy ýapyldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyna ýygy-ýygydan sapar edýän habarçysy habar berýär.

Bu wakanyň yzýany, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “sil gelmegi bilen baglanyşykly öňüni alyş çärelerini öz wagtynda guramak boýunça zerur işleri geçirmändigi üçin” diýip, ýurduň goranmak ministrine duýduryş we onuň orunbasaryna käýinç yglan etdi.

Anonim şertde maglumat beren habarçynyň tassyklamagyna görä, 18-nji martda Bereket etrabynda giç öýlän güýçli ýagyş ýagyp başlady. 19-njy martda irden bolsa, etrabyň Isgender obasyndan başlap tä Däneata obasyna çenli aralyga, şeýle-de 25-nji duralga, Uzynsuw, Garagum, Sogandarçylyk, Oboý obalaryna we Bereket şäherine sil suwy geldi.

“Sil suwundan iň köp Bereket şäheri zyýan çekdi. Şäheriň demirgazyk bölegi doly diýen ýaly suw astynda galdy. Bu bölekde soňky sekiz ýylyň dowamynda gurlan şäheriň merkezi keselhanasy, Ene mähri merkezi, Medeniýet öýi, 20-nji mekdep, 6-njy çagalar bagy, myhmanhana, etrap häkimliginiň jaýy we ýaşaýyş jaýlary ýerleşýär. Sil suwy bu binalaryň aglabasynyň, şol sanda keselhananyň fundamentini çökerdi, jaýlaryň diwarlarynda uly jaýryklar emele geldi. Şeýle-de, bu ýerde 500-den gowrak hojalyga mellek ýeri bölünip berlipdi. Olaryň guran jaýlarynyň hem onlarçasy ýumruldy ýa-da jaýryk açdy” diýip, habarçy wakany gözi bilen gören şaýatlara salgylanyp, 22-nji martda gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol sil suwunyň iki metrden hem geçendigini, hatda 20-njy martda awtoulaglaryň depesiniň hem görünmändigini, howlularda 50-den köpräk ulagyň suwuň aşagynda galandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Şäheriň ýokarda agzalan böleginde ýaşaýan ýaşaýjylar doly diýen ýaly göçürildi. Olaryň käbirleri şäherdäki ýa-da welaýatdaky dogan-garyndaşlarynyňkyda, galan bölegi Bereket şäherindäki 1-nji, 3-nji we 22-nji orta mekdepleriň klas otaglarynda ýaşaýarlar. Sebäbi şu wagt mekdeplerde bahar kanikullary dowam edýär. Okuw ýok. Her mekdepde 50-60 çemesi hojalyk bar. Keselhanadaky saglyk ýagdaýy gowurak hassalar öýlerine goýberilipdir. Ýagdaýy agyr hassalar şäheriň günortasyndaky köne keselhananyň binasyna eltildi” diýip, habarçy belledi.

Aýdylmagyna görä, etrabyň Götin, Gaplaňly we Ok obalaryny sil suwy doly basandygy üçin bu ýerdäki Saglyk öýleri, dükanlar we beýleki döwlet edaralary işlemeýär.

Ahalyň we Balkanyň obalaryny sil aldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:38 0:00

“Bu obalarda jaýlaryň ençemesiniň binýady jaýryk açypdyr. Köçeleri suw, laý-palçyk basyp dur. Oba ýerlerinde ýaşaýyş jaýynyň bir çetinde bolan hajathanalary-da ýa suw basypdyr ýa-da ýumrupdyr. Agzan obalarymyzyň ýaşaýjylary öz tebigy hajatlaryny amal etmek üçin, aýaklaryna rezin, suw ädiklerini geýip, gum depeleriniň buky ýerlerine gidýändiklerini aýtdylar. Olar özleriniň hassalaryny, garry-gurrylaryny, çagalaryny arkalaryna hopba edip, gum deplerine alyp gidýärler” diýip, habarçy belledi.

Uzboýuň ugrundaky Ýylgynly, Jamal we Burgun obalaryny hem sil suwy doly basandygy sebäpli bu ýerde 18-nji martdan bäri “Altyn Asyr” öýjükli mobil telefon aragatnaşygy hiç hili işlemeýär.

“Güýçli sil suw akymlary Balkanabatdan Ýasgy obasyna uzaýan uzynlygy ortaça 115 kilometr bolan asfalt ýoluň iki ýakasyny syryp akypdyr. Netijede, şol ýoluň köp ýeri opurlupdyr we bäş sany köprüsi doly weýran bolupdyr. 19-njy martdan bäri Ýasgy obasyndan welaýat we etrap merkezlerine hiç hili awtobus we ulag gatnawy ýok. Şu ýagdaý Kiçjikýazy, Düwünçi, Ajyguýy obalary babatynda hem gaýtalanýar” diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de, Aşgabat-Türkmenbaşy aralygynda uzynlygy 570 kilometr bolan demirýol gatnawy hem çäklendirildi. Häzirki wagt ýük we ýolagçy otlulary bu ýoluň diňe 210 kilometr aralygyna – Aşgabat-Serdar – gatnaýar. Sebäbi Bereket etrabynyň çäklerinde demirýoluň ýumrulan bölekleriniň köpdügini, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi aýdýar.

“Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýolunyň Bereket şäherindäki halkara demirýol wokzalyna hem güýçli zeper ýetdi. Bu ýerde ýolagçylara we otlulara hyzmat etmek mümkinçiligi ýatyryldy. Şeýle-de, sil suwy etrabyň bugdaý, kartoşka we beýleki ekinler ekilen ortaça 4 müň gektar ekin meýdanyna hem zeper ýetirdi. Şeýle-de, öri meýdana çykarylan ýüzlerçe mal-garanyň hem soňky ykbaly nämälim bolup galýar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagt Bereket etrabyna ýörite hökümet komissiýasy bardy. Ýöne komissiýa oba ýerlerine üns bermän, esasan etrap merkezini dikeltmek, köçelerdäki suwy, palçygy arassalamak, ýaşaýjylary abat galan jaýlara göçürmek we demirýol gatnawyny ýola goýmak işi bilen meşgullanýar.

“Bereket şäherindäki azyndan üç mekdepde ýaşaýan sil suwundan ejir çeken ýaşaýjylara ýorgan-düşek, suw, azyk kömegi berilmändir. Olara “şäherde, welaýatda dogan-garyndaşyň bardyr. Şolardan kömek sorap günüňizi görüň” diýipdirler. Häzir olar ertir näme boljagyny bilmeýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de, habarçy mal-garasyny alyp, örä göçen adamlaryň azyndan dört sanysynyň dereksiz ýitendigini we häzirki wagt olaryň dogan-garyndaşlarynyň gözleg işlerini geçirýändigini hem belledi.

20-nji martda prezident Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, sil gelmegi bilen baglanyşykly öňüni alyş çärelerini öz wagtynda guramak boýunça zerur işleri geçirmändigi üçin” diýip, goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe duýduryş yglan etdi.

Aşgabatda güýçli yagyş zerarly köçeleri suw aldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:04 0:00

Şeýle-de, ýene şu sebäpler esasynda diýlip, Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy Döwran Durdyýewe käýinç yglan edildi.

Bu soňky ýyllarda döwlet baştutanynyň ýa-da türkmen resmileriniň ýurtda tebigy betbagtçylygyň bolandygyny tassyklamagy bilen bagly ilkinji wakadyr. Ýöne Türkmenistanyň resmi metbugatynda ýurda sil suwunyň gelendigi döwlet baştutany derejesinde tassyklansa-da, onuň nirä gelendigi, näderejede zyýan ýetirendigi barada kelam agyz söz aýdylmady.

Geçen ýylyň maýynda güýçli ýagan ýagşyň netijesinde Aşgabat şäherini sil suwy basypdy. Şuňa meňzeş ýagdaý 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ahal we Balkan welaýatlarynda hem gaýtalanypdy. Türkmen häkimiýetleri we resmi metbugat bu tebigy betbagtçylyklaryň ikisinde hem dymypdy.

XS
SM
MD
LG