Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysynyň habar bermegine görä, anna güni başlanan duz tozanly ýel welaýatyň Türkmenbaşy, Ruhybelent we Akdepe etraplarynda has güýçli duýulýar.
"Daşoguzda apy-tupan başlady. Bu sapar hem duzly tozan we güýçli ýel turýar. Daşoguzda onuň bu sapar hem uzak dowam etjegine meňzeýär" diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy aýtdy.
Aral deňzi tarapyndan öwüsýän güýçli şemal soňky ýarym ýylyň dowamynda Daşoguza we Lebapa häli-şindi duzly jisimleri getirýär.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky söhbetdeşleri apy-tupanyň günbatar-demirgazykdan Aral deňzi tarapynda turýandygyny aýdyp, duzly tozan gurap barýan Aral deňzinden gelýär diýip, hasap edýärler.
Bu duzly tozanyň gelip çykyşyna we onuň döremeginiň sebäplerine Türkmenistan tarapyndan henize çenli resmi düşündiriş bolmady.
Türkmenistanyň häkimiýetleri baharyň aýagyndan bäri yzly-yzyna ýüze çykýan adaty bolmadyk bu tebigy ýagdaýy açyk agzamaýarlar, resmi habar beriş serişdelerinde habar bermeýärler.
Şol bir wagtda-da, Türkmenistan Aral deňzini halas etmek meselesini ileri tutýan wajyp halkara meselesidigini aýdýar we halkara jemgyýetçiligine täze inisiatiwalaryny hödürleýär.
Türkmenistanyň prezidenti ýaňy-ýakynda BMG-niň Baş assambleýasynda eden çykyşynda Aral deňzini gorap saklamagyň indi içerki regional problema hasaplanyp bilmejegini aýratyn belledi we döwletleri Aral deňzini gorap saklamak boýunça BMG-niň programmasyny döretmek baradaky öz başlangyçlaryny goldamaga çagyrdy.
"Biz Türkmenistanyň Aral deňzi boýunça ýörite BMG programmasyny işläp düzmek baradaky inisiatiwasyny durmuşa geçirmäge hem-de Aral problemasyny Guramanyň işiniň aýratyn alnan bölegi hökmünde çözmäge girişdik. Men BMG-niň agza döwletlerini bu başlangyjy goldamaga çagyrýaryn” diýip, habar agentlikleri 30-njy sentýabrda türkmen prezidentini sitirledi.
Türkmenistanda ilkinji gezek duzly tupan 27-nji maýda dörapdi. Daşoguzda we Lebapda turan duzly ýel her sekuntda 20 metr tizlige ýetdi we bir günden – 28-nji maýda Aşgabada baryp ýetipdi. Duzly tupan Daşoguzda 18-nji iýulda ýene gaýtalandy.
Türkmenistanda ýüze çykýan tebigy hadysalar ýurt resmileri tarapyndan açyk agzalmaýar, milli habar beriş serişdeleri meseläni gozgamaýar. Türkmen metbugaty soňky 20 ýyldan gowrak döwrüň dowamynda ýer titremeler, suw joşgunlary, sil we ýagyn barada habar bermän gelýär.
Diňe şu ýylyň maý aýyndan bäri Türkmenistanda tebigy hadysalaryň ençemesi boldy, güýçli ýagyn zerarly paýtagtyň merkezini suw aldy, yzýany dagdan sil geldi, ýurduň birnäçe regionlarynda duzly tupan turup, ekin meýdanlaryny duz örtdi, duzly şemal Aşgabada-da ýetdi, şu tomus adatdakysyndan has yssy bolup, howa 50 gradusdan esli aşdy.
Awgustyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda turan güýçli ýel Daşoguzda ýokary woltly tok geçirijileriň we elektrik geçirijileriniň sütünlerini gopardy.
Bu tebigy ýagdaýlaryň hiç biri türkmen häkimiýetleri we döwlet media serişdeleri tarapyndan agzalmady, ilaty habardar etmek üçin duýduryşlar we düşündirişler berilmedi.