Aleksandar Wuçuçiň prezidentligine garşy 14 hepde protest geçirildi. Syýaýatçylar bolsa köplenç bu protestlere goşulmadylar.
Ýöne ýagdaý ýaňy hepdäniň aýagynda üýtgetdi. Aşa sagçy lider Bosko Obradowiçiň onlarça adama baş bolup, milli döwlet telewideniýesiniň baş edarasyna (RTS) basyp girmegi Wuçiçiň döwlet mediasyna edýän berk kontrollygyny gowşatmagyny we adalatly saýlawlaryň geçirilmegini talap edýän protestler indi syýasatçylaryň erkine geçdimi diýen soraglaryň berilmegine getirdi.
Obradowiçiň “Dweri” partiýasy protestleri goldamak boýunça ýaranlyk döreden 20-den agdyk partiýalaryň biri. Protestler hem bir topar başbozaryň noýabr aýynda oppozision syýasatçy Borko Stefanowiçi urup-ýenjeninden soňra turdy.
Bu wakadan soňra Wuçiç ençeme aýlap özüne ýakynlyk etmeýän mediany bogup ýatyrmakda we demokratik erkinlikleri jylawlamakda aýyplandy. Bu aýyplamalary bolsa, Wuçiç ret etdi.
Deslapky üýşmeleňlerden soňra, Wuçiç “5 million bolsaňyz-da” protestçileriň ýekeje talabyna-da boýun bolmajakdygyny aýdaly bäri hereket “5 millionyň biri” diýen şygary ulanýar.
“Protestçileriň aglabasy bir partiýa ýa başga bir partiýa sebäpli däl, eýsem hemmesine garşydygy sebäpli gatnaşýana meňzeýär” diýip, Awstriýanyň Graz uniwersitetiniň professory Floriýan Bieber 18-nji martda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
“Bu bir uly iňkis ... Obradowiç protestlerden peýdalanyp, partiýasynyň halkdan alýan goldawyndan köpräk göze iljek bolýar. Bu hepdäniň ahyry çynlakaý problema bolup durýar. Sebäbi ol diňe bir parahatçylykly protestlere howp bolup duranok, onuň maksady ünsi demokratiýadan milletçilige tarap sowmak”.
Populistik tolkun
“Dweri” - Ýewropanyň uly bölegini gurşap alan, Ýewropa Bileleşigine garşylygy, jynsdaşlyga ýykgyn edýän adamlara duşmançylygy, şeýle hem Ikinji Jahan urşunda nasistler bilen hyzmatdaşlyk edenleriň roluna gaýtadan baha berilmegini talap edýän populistik tolkuna daýanýan partiýa.
2016-njy ýylda bu partiýa Serbiýanyň konserwatiw “Demokrtik” partiýasy bilen birleşip, sesleriň 5,02 prosentini almak bilen parlamente girmek başartdy.
16-njy martda milli döwlet telewideniýesiniň baş edarasyna basylyp girilmezinden öň, Wuçiç protestleri esasan äsgermezlik edip gezdi.
Ýöne Obradowiçiň göçümi öňki aşa milletçi we Slobodan Milosewiçiň Ministrler kabinetiniň ozalky agzasy bolan Wuçiçi öjükdirene meňzeýär.
Wiçiç RTS-e basylyp girileninden bir gün soňra, ýagny 17-nji martda şeýle diýdi: “Serbiýa hiç kimiň haýbat atmagyna ýol bermez. Kim huliganizm, zorluk, adamlara hüjüm etmek bilen syýasy netije alaryn diýip pikir edýän bolsa, ýalňyşýar”.
Ol soňra hem: “Men Bosko Obradowiç ýaly faşist liderler bilen gürleşmek islämok. Gepleşmek islämok. Görşüňiz ýaly, şu wagt janym howp astyndaka-da gürleşmek islemeýärin, sebäbi men muňa ähmiýet beremok, asla gorkamok” diýip, sözüniň üstüne goşdy.
Habarlarda aýdylyşya görä, Wuçiç çykyş edip durka, prezidentiň köşgüniň daşyndaky polisiýa güýçleri köşgüň daşyny gurşap, Wuçiçiň çykyp gitmeginiň öňüni almaga synanyşan protestçilere garşy göz ýaşardyjy gaz ulanypdyr.
Polisiýanyň bu hereketi üç aý bäri barýan protestlerde häkimiýetleriň demonstrantlara garşy ilkinji gezek zorluga ýüz urmagy boldy.
Belgradly syýasy analizçi Wuk Wuksanowiçiň pikiriçe, protestlerde Obradowiç ýaly adamlaryň öňe saýlanmagy ýolbaşçylaryň gowşakdygyny, düýpli ornan partiýalaryň arasynda sazlaşykly programmanyň ýokdugyny görkezýär.
“Şu iki günlükde ýüz beren üýtgeşmeler üç aý bäri dowam edýän protestleri ele almaga synanyşýan ýaranlyk baradady, ýöne ol aslynda parahatçylykly bolan we gowşap barýan protestleriň has syýasylaşyp, güýçlenmegine getirdi” diýip, Wuksanowiç aýdýar.
“Häzirki wagtda esasy maksat aýak üstünde galyp, geljekde Wuçiçi nyşana almak ... koalisiýa hökmünde olarda güýç ýok”.