Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän demirgazyk we demirgazyk-günbatar sebitlerinde hökümet güýçleri jeňçiler bilen çaknyşygyň netijesinde yza çekilmäge mejbur boldular.
Badgiz welaýatynyň ýerli geňeşiniň agzasy Mohammad Naser Nazariniň beren maglumatyna görä, 100-e golaý owgan esgeri “Talyban” bilen çaknyşyklaryň netijesinde öz postlaryny taşlap, goňşy Türkmenistana geçmekçi bolupdyrlar.
Nazari Türkmenistanyň owgan esgerlerini goýbermändigini, şeýle-de olaryň häzirki ykbalynyň näbellidigini belledi.
Nazari geçen hepde Bala Mugrab etrabynda ýüze çykan çaknyşyklarda hökümet güýçleriniň hataryndan 50-ä golaý esgeriň öldürilendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, “Talyban” bu etrabyň gözegçiligini dolulygyna diýen ýaly öz eline geçiripdir.
Bu aralykda, Farýab welaýatynyň geňeşiniň başlygy Mohammad Tahir Rahmani “Talyban” jeňçileriniň soňky birnäçe günüň dowamynda azyndan 22 owgan esgerini öldürendigini, başga-da 20-sini ýaralandygyny aýtdy.
Türkmen tarapyndan häzirlikçe hiç hili reaksiýa ýok.