Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarda geçirilýän gaz barlaglarynyň bahasy iki esse gymmatlady


Aşgabadyň köp gatly ýaşaýyş jaýlary. Illýustrasiýa suraty
Aşgabadyň köp gatly ýaşaýyş jaýlary. Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň häkimiýetleri tarapyndan ýaşaýyş jaýlaryndaky gaz desgalarynyň guratlygyny kesgitlemek boýunça geçirilýän barlaglaryň bahasy iki esse gymmatlady.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri bu barlaglaryň Aşgabadyň gaz edarasynyň işgärleri tarapyndan şu hepdäniň başyndan geçirilip başlanandygyny aýdýar.

“Ýyllyk barlaglar diýlip atlandyrylýan bu çäräniň çäginde ýaşaýyş jaýlarynda bar bolan gaz desgalarynyň guratlygyny barlaýarlar. Gaz edaranyň işgärleri bu barlaglaryň geçirilendigi üçin ýaşaýjylardan geçen ýyl 5 manat 32 teňňe alan bolsa, bu ýyl bu töleg iki esseden hem köp ýokarlandyrylyp, 11 manat 62 teňňe edilipdir. Gaz edaranyň işgärleri ýaşaýjylardan 12 manat alyp, puluň gaýtargysyny bermeýärler” diýip, habarçy anonim şertde maglumat berdi.

Habarçy gymmatlama barada ýaşaýjylaryň barlaglar geçirilen mahaly bilip galýandygyny aýdyp, bu hakda ne metbugatda, ne-de Ýaşaýyş jaý müdirliklerinde bildiriş edilendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de, ol bu barlaglaryň ýylda bir gezek geçirilýändigini, ýöne bu çäräniň paýtagtyň her etrapçasynda dürli pasylda amal edilýändigini hem belledi.

Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlaryndaky gaz desgalarynyň guratlygyny kesgitlemek boýunça geçirilýän barlaglaryň iki esse gymmatladylmagy, ilata gazy, togy, suwy, nahar duzuny mugt we ýeňillikli bahadan bermek düzgüniniň ýatyrylan mahalyna gabat geldi.

Geçen ýylyň sentýabr aýynyň 25-nde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda ýeňillikli hyzmatlary ýatyrmak baradaky karara ýaşulularyň köp sanly teklipleri esasynda gelendigini aýtdy.

Döwlet baştutanynyň bu karary 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi.

Prezidentiň gaz, suw, tok we duz mugtçulygyny ýatyrmak baradaky kararynda görkezilen nyrhlara görä, suwuň bir kubmetriniň bahasy 0.5 manat, elektrik togunyň 1 kilowatynyň bahasy 2.5 manat we tebigy gazyň 1000 kubometriniň bahasy 20 manat.

Galyberse-de, geçen aý Türkmenistanyň ilaty ozalky ýyllarda sarp eden suwy üçin töleg tölemäge mejbur edilip, jerimelere sezewar boldy.

“Indi Aşgabadyň ýaşaýjylaryndan jerime görnüşde ägirt uly mukdarda pul alýarlar. Üstesine 2015-2016-njy ýyllarda ulanylan suw üçin töleg talap edýärler. Şonda köp gatly jaýlarda 30 we 40 manat alynýardy, plan jaýlarda has ýokarydy. Indi bolsa iki esse köp alýarlar” diýip, Azatlygyň habarçysy 18-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Geçen ýylyň noýabr aýynyň başynda Azatlygyň Daşoguzdaky habarçylary kommunal hyzmatlar üçin bergisi bar bolan hojalyklaryň gazynyň we togunyň kesilendigini hem habar beripdi.

Ýene şol aýyň ortalarynda Aşgabadyň ençeme etrabynyň we şäheriň etegindäki ýerleriň ýaşaýjylaryna tölenmedik gaz we suw üçin sud jogapkärçiligi barada duýduryş gowşupdy.

Mundanam başga, şu ýylyň 1-nji ýanwardan başlap Türkmenistanda ýaşaýyş jaý tölegi-de, geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esseden hem köp gymmatlady.

“Hususy eýeçilikde bolmadyk ortaça 54 m2 jaýyň ýyllyk tölegi 2018-nji ýylda 400 manada barabardy. Şu ýyldan başlap bu töleg 893 manat 20 teňňe edildi. Bu tölegleriň ýaşaýyş jaý, ýyladyş we zir-zibilleri ýygnamak hyzmatlary üçin alynýandygy aýdylýar. Ýöne bu hyzmatlaryň her biri üçin anyk näçe tölegiň alynýandygy aýdyňlaşdyrylmaýar” diýip, Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy 4-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG