Azatlyk Radiosynyň derňewleri Moskwada galp türkmen pasportlaryny ýasap berýän adamlaryň üstüni açdy. Bu aralykda, türkmen hökümeti öz raýatlaryna konsullyklaryň üsti bilen pasport çykaryp bermekden boýun gaçyryp gelýär.
“Bu pasport bilen Ýewropanyň islendik ýurduna uçar ýa-da başga ulag bilen arkaýyn gidip bilersiňiz. Ýöne bu pasport bilen diňe Türkmenistana gidip bolmaýar” diýip, Telegramda galp türkmen pasportlaryny resmileşdirmek hyzmatyny hödürleýän hem-de özüni özbegistanly Begzod hökmünde tanyşdyran adam aýdýar.
Daşary ýurtlarda wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşaýan türkmenistanlylar pasportlarynyň möhletini uzaltmak üçin Türkmenistana dolanmaga mejbur bolýarlar. Olar ýurda dolanan halatlarynda häkimiýetler tarapyndan eden-etdilikli ýagdaýda gaýtadan ýurtdan çykarylmazlyk howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, ýa-da täze pasport çykarmagyň möhleti uzaga çekip bilýär.
Köp sanly türkmenistanlylar şeýle howatyrlanmalaryň arasynda bikanun ýagdaýda daşary ýurtlarda galmagy saýlap alyp bilýärler. Bu bolsa bikanun migrantlary iş we okuw mümkinçiliklerinden ýa-da saglyk we beýleki hyzmatlardan mahrum edip bilýär.
Moskwada galp türkmen pasportynyň söwdasy bilen meşgullanýan özbegistanly Begzod özleriniň ýasap berýän resminamalaryny poçtanyň üsti bilen däl, ýörite kurýerleriň üsti bilen iberýändiklerini aýdýar.
“Men pasportlary Moskwadan Özbegistana ugratmak üçin 40 dollar, Polşa eltip bermek üçin 120 dollar bolýar” diýip, ol aýdýar.
Polşada ýaşaýan türkmenistanly raýat aktiwisti Bahtiýar Berdinow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde türkmen häkimiýetleriniň öz raýatlarynyň hereket azatlygyny çäklendirmegi netijesinde, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň şeýle hyzmatlara ýüz tutmaga mejbur bolýandyklaryny aýdýar. Şol bir wagtda, galp pasport oňartmaga çalyşýan türkmen migrantlarynyň arasynda hilegärleriň duzagyna düşýän adamlar hem bar.
“Türkmenistana gidesi gelmän, [galp] pasport oňartmaga niýet edip, [hilegärlere] 1000-1500 dollar puluny aldyran türkmen migrantlary bar” diýip, aktiwist aýdýar.
Şuňa meňzeş hadysalar, biraz öň, Azatlyk Radiosynyň “Migrant Media” taslamasyna interwýu beren türkiýeli bir migrasiýa maslahatçysy tarapyndan hem tassyk bolupdy.
“Türkiýede türkmenler öz watandaşlaryny aldawa düşürýärler, men muňa düýbünden garşy” diýip, migrantlara geňeşdarlyk hyzmatlaryny hödürleýän Özjan Oruç galp resminamalara salgylanyp, “Migrant Media” taslamasyna gürrüň berdi.
Bu maglumatlar türkmen häkimiýetleriniň degişli resminamalar barada galp maglumatlaryň ýaýradylmagy boýunça seýrek beýanat beren pursatlaryna gabat geldi.
Ýatlasak, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy 26-njy oktýabrda seýrek beýanat çap edip, daşary ýurtlarda möhleti dolan türkmen pasportlarynyň möhletini uzaltmagyň zerurdygyny ýatlatdy.
“Türkiýe Respublikasynyň çäginde wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň biometrik pasportlarynyň möhletleriniň 2025-nji ýyla çenli uzaltmalaryň dowam edýändigi barada galp we nädogry maglumatlaryň ýaýradylýandygyna dykgatyňyzy çekýäris” diýip, türkmen ilçihanasy aýtdy.
Beýanat daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylar üçin diňe ýurda dolanmaga degişli şahadatnamalaryň resmileşdirilýändigini hem ýatlatdy.
Hukuk toparlary Türkmenistanyň hökümetiniň daşary ýurtlardaky wekilhnalarynyň üsti bilen öz raýatlarynyň pasportlaryny resmileşdirip bermezligini hereket azatlygynyň çäklendirilmegi hökmünde tankyt edýär.
Human Rights Watch guramasy 11-nji noýabrda Türkmen Helsinki gaznasy bilen bilelikde çap eden hasabatynda daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň häkimiýetler tarapyndan pasportlardan mahrum edilmegini, ýurduň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny bozmagy atlandyrdy.
Türkmenistan daşary ýurtlardaky raýatlaryň anyk sany boýunça resmi statistikalary jemgyýetçilige äşgär etmeýär.
Moskwada türkmen pasportlaryny galplaşdyrýan özbegistanly Begzod öz hödürleýän hyzmatlarynyň töleglerini bank geçirimleriniň üsti bilen kabul edýändiklerini aýdýar.
Polşada ýaşaýan türkmenistanly raýat aktiwisti Bahtiýar 800-1000 dollara türkmen pasportlaryny galplaşdyran taraplaryň bardygyny, Azerbaýjanda wagtynda hut özüniň şeýle pasportly adamlara özüniň duş gelendigini aýdýar.
Azatlyk Radiosy pasportlaryň resmileşdirilmegi boýunça Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyndan hem-de Daşary işler ministrliginden resmi teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum