Şu günler Türkmenistanda howanyň temperaturasy gijelerine 0 gradusdan hem aşaklaýan mahaly, Mary welaýatynyň käbir daýhan birleşikleriniň ýaşaýjylary ýylynmak meselesinde agyr kynçylyklary başdan geçirýärler.
Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde habarlaşan Mary etrabynyň käbir ýaşaýjylary sebitdäki daýhan birleşikleriň aglabasynda gazyň güýjüniň juda pesdigini, şol sebäpli gündizlerine we gijelerine odun ýakyp ýylynýandyklaryny aýtdylar.
“Şu günler ýylynmak uly mesele, tebigy gaz berilenok diýse-de boljak. Her gezeginde oduny satyn alyp ýakmak kyn bolýar. Sebäbi onuň bir traktory 400 manada durýar. Ol hem az bolýar, derrew gutarýar. Galyberse-de, oduny satyn alamaga eli ýuka maşgalalaryň güýji hem ýetmeýär” diýip, adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, ýaşaýjylar öýlere berilýän gazyň güýjüniň juda haýaldygyny aýdyp, ýerli häkimiýetlere ençeme gezek ýüzlense-de, gutarnykly bir netije alyp bilmeýärler.
“Arz-şikaýatlardan soňra ýerli gaz edaralary öýlerimizdäki gazy bir ýa-da iki gün gataldýarlar. Şondan soň ýene-de öňki durkyna bolýar. Çalaja ýylp-ýylp edip ýanýar” diýip, maryly ýaşaýjy sözüni jemledi.
Türkmenistanyň Mary welaýatynda dünýäniň iň uly gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” käni ýerleşýär. Türkmen häkimiýetleri Mary etrabynyň golaýynda ýerleşýän bu gaz ýatagynyň TOPH geçirijisini gaz bilen üpjün etjekdigini yzygiderli tekrarlaýarlar. Bu geçirijiniň üsti bilen Türkmenistan Günorta Aziýanyň iri döwletlerine ýylda 33 milliard kub metr gaz ibermegi göz öňünde tutýar.
Bu gaz ýatagy diňe bu welaýaty däl, eýse tutuş ýurdy gaz bilen üpjün etmäge ukyply. Emma muňa garamazdan, gaza baý Mary welaýatynyň, şeýle-de, Türkmenistanyň käbir beýleki regionlarynyň ýaşaýjylarynyň gyş hem-de tomus aýlarynda gazsyz we toksyz kösenýändigi barada Azatlyk Radiosyna yzygiderli maglumatlar gelip gowuşýar.
21-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçylarynyň biri güýçli ýagşyň we garyň ýagmagy netijesinde welaýatyň Boldumsaz, Görogly, S.Nyýazow we Köneürgenç etraplarynyň ençeme obasynda elektrik geçiriji liniýalara we elektrik paýlaýjy desgalara zeper ýetip, toguň kesilendigini habar berdi.
Şonda habarçy indi köp ýyllardan bäri gyş aýlarynda obalaryň aglabasyna tebigy gazyň asla berilmeýändigini, şol sebäpli ýaşaýjylaryň jaýlary elektrik peçlerini ýakyp, ýylytmaga synanyşýandygyny hem gürrüň berdi.
Geçen ýylyň gyş aýlarynda hem ýurduň Daşoguz, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ýaşaýjylaryň gazsyz, toksuz kösenýändigini Azatlyk Radiosy ençeme gezek habar beripdi.
Iýul aýynda Balkanabat şäheriniň ýaşaýjylary tomsuň jöwzaly yssysynda birnäçe günüň dowamynda elektrik energiýasyz galypdy.
Ýurduň käbir regionlarynda ilatyň tebigy gaz we elektrik togy bilen üpjünçiligi boýunça problemalary dowam edýän mahaly, geçen ýyl ýurtda ilata suwuň, gazyň we elektrik togunyň belli bir möçberdäki mugtçulygy ýatyryldy. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky karary 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul etdi.
Şondan soňra jaýlarda gaz, tok we suw ölçeýji gurallary oturtmak çäresi güýçlendirildi.
Geçen ýylyň noýabr aýynyň başynda Azatlygyň Daşoguzdaky habarçylary kommunal hyzmatlar üçin bergisi bar bolan hojalyklaryň gazynyň we togunyň kesilendigini habar beripdi.
Ýene şol aýyň ortalarynda Aşgabadyň ençeme etrabynyň we şäheriň etegindäki ýerleriň ýaşaýjylaryna tölenmedik gaz we suw üçin sud jogapkärçiligi barada duýduryş gowşupdy.