Korrupsiýa boýunça derňew geçirýän "Transparency International" atly halkara guramasy Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa regionlarynyň döwlet pudagynda korrupsiýanyň derejesini gowşatmakda üstünlik gazanyp bilmändigini we munuň tutuş regionda demokratiýa wehim salýandygyny aýdýar.
"Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa regionlarynda her bir ýurduň 100 baldan 45 ýa-da ondan hem az bal almagy sebäpli, korrupsiýa garşy göreş uly bir netije bermedi" diýlip, hasabatda aýdylýar.
Guramanyň 29 ýanwarda çap eden hasabatynda, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlaryň toparyna Albaniýa, Bosniýa we Gersegowina, Kosowo, Makedoniýa, Çernogoriýa, Serbiýa, Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Gürjüstan, Moldowa, Orsýet, Ukraina, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan we Türkmenistan girýär.
180 ýurdy öz içine alýan hasabatda Türkmenistan 20 bal bilen 161-nji setirde ýerleşdirilip, Gündogar Ýewropа hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda korrupsiýa derejesi boýunça iň erbedi hasaplanýar. Türkmenistandan soň 23 bal alan we 158-nji setirde ýerleşdirilen Özbegistan barýar.
Türkmenistan ýyllarboýy dünýäniň iň korrumpirlenen ýurtlarynyň hatarynda galýar. Munuň bilen bir wagtda-da ýurduň ýolbaşçylary korrupsiýa garşy göreşi ileri tutýan maksatlarynyň biri hökmünde yglan edýär.
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlar boýunça döwlet gullygy Içeri işler ministrliginiň düzümine goşuldy. Prezidentiň 25-nji ýanwarda gol çeken kararyna görä, bu çäre ykdysady jenaýatçylyklaryň öňüni almak we kanun goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek üçin kabul edilipdir.
2018-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleriniň parahorluga baş goşmagy bilen bagly wakalaryň ençemesi Azatlyk Radiosyna mälim boldy.
2018-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda korrupsiýada aýyplanyp, ýokary derejeli resmileriň, şol sanda Milli howpsuzlyk gullugynyň birnäçe resmisi tussag edildi.
Türkmenistan korrupsiýa garşy göreş çärelerini 2017-nji ýylyň maý aýynda aktiwleşdirdi. Şonda korrupsiýa garşy garaşsyz komitet döredildi, baş prokuror, baş suduň başlygy işden boşadyldy, içeri işler we milli howpsuzlyk ministrleri berk käýinç aldy, ýene onlarça resmi korrupsiýada aýyplandy we tussag edildi.
"Türkmenistanda hiç wagtda korrupsiýa orun bolmaz" diýip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bank pudagynyň ýolbaşçylaryny korrupsiýanyň ýaýramagynda aýyplap, 2017-nji ýylyň iýul aýynda eden çykyşynda aýtdy. Şol ýylyň güýzünde ýene birnäçe sudýa we prokuror parahorlukda aýyplanyp tussag edildi. Prezident döwlet apparatyndaky korrupsiýa garşy göreşiň berjaý edilmegini talap etdi.
Türkmenistanyň resmi mediasy prezident Berdimuhamedowyň "Arassa zähmet - bagtly durmuş" şygary astyndaky korrupsiýa garşy göreşiniň türkmen jemgyýetinde uly goldaw alandygyny habar berdi.
Muňa garamazdan, Türkmenistan dünýä ýüzünde iň korrumpirlenen ýurt bolmagynda galýar.
"Transparency International" guramasynyň 29-njy ýanwarda çap eden hasabatyna görä, syýasy erk-islegiň bolmazlygy, döwlet institutlarynyň gowşaklygy we syýasy azatlyklaryň ujypsyzlygy "korrupsiýanyň gülläp ösmegi we garşylygyň uly bolmazlygy üçin şert döredýär".
Hasabatda bellenmegine görä, ýurtlaryň köpüsiniň korrupsiýa gözegçilik etmäge ukypsyzlygy tutuş dünýäde "demokratiýanyň krizisine" itergi berýär. Korrupsiýa garşy göreşiň netijeliligi üçin sud reformasynyň we graždan jemgyýetiniň rolunyň ähmiýeti nygtalýar.
2018-nji ýylda korrupsiýanyň iň pes derejeli ýurdy hökmünde hasabatda Daniýa, onuň yzýany Täze Zellandiýa görkezilýär.