Türkmenistanda ýokary derejeli resmilere berk käýinç yglan edilmegi, olaryň eýeleýän wezipesinden boşadylmagy we Ministrler kabinetiniň mejlisinden “gidiberiň” diýlip kowulmagy dowam edýär.
Türkmenistanyň iň täze taryhyndan belli bolşuna görä, hökümet maslahatynyň zalyndan “gidiber” diýlip çykarylan öňki resmiler soň köplenç sülçüleriň soraglaryna jogap bermeli bolýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji dekabrda geçiren hökümet maslahatynda iki resmä berk käýinç yglan etse, iki resmini wezipesinden boşatdy. Olaryň işde kemçiliklere ýol berendigi we düýpli kemçilikleri goýberendigi aýdylýar. Wezipeden boşadylan resmiler babatda aýdylan berk sözler olaryň garşysyna iş gozgalmak ähtimallygyny yşarat edýär.
Mysal üçin, senagat boýunça wise-premýer Kerim Durdymyradow öz tabynlygyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işiniň düýpli ýaramazlaşmagyna ýol bermekde, Garlykdaky kaliý kärhanasynyň, beýleki pudak edaralarynyň maliýe meselelerini çözüp bilmezlikde aýyplandy.
Mundan başga, döwlet baştutany bir ýyla golaý orunbasary bolan, şu döwürde üç gezek käýinç yglan edilen Durdymyradowy pudak ýolbaşçylarynyň ogurlyklaryna, parahorluklaryna we artdyryp ýazmalaryna göz ýumup gelmekde aýyplaýana meňzeýär.
Prezident bu sözüne delil edip, ýakynda dokma senagaty ministri Nepes Gaýlyýewiň para alandygy üçin wezipesinden boşadylandygyny, artdyryp ýazmalara ýol beren senagat ministri Hoşgeldi Mergenowy wezipesinden boşadýandygyny aýtdy, ýöne öňki resmileriň işleriniň derňelip-derňelmejegini anyklaşdyrmakdan saklandy.
Senagat meseleleri boýunça orunbasaryň wezipesi wagtlaýyn wise-premýer Mämmethan Çakyýewiň, senagat ministriniň wezipesi wagtlaýyn senagat ministriniň orunbasary T.Dürhanowyň üstüne ýüklenildi.
Geçen ýylyň maýynda korrupsiýa garşy göreş yglan edeninden soň, Berdimuhamedow kanuny bozan adamlaryň wezipesine garamazdan jogapkärçilige çekiljekdigini, hiç kime döwlet emlägini ogurlamaga ýol bermejekdigini ençeme gezek wada berdi.
Hökümet maslahatynyň dowamynda nebit-gaz pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Myratgeldi Meredowa berk käýinç yglan edildi. Onuň günäsi “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky nebit-gaz toplumlarynyň işinde kemçilige ýol bermegi” bolup durýar.
Berdimuhamedow Meredowdan 4-nji dekabrda ýangyç-energetika toplumynyň netijeliligini artdyrmak üçin degişli çäreleri görmegitalap etdi. Döwlet baştutanynyň pikiriçe, bu pudaga maýa goýumlaryny çekmek, ýolbaşçy işgärleri seçip almak we taýýarlamak boýunça meselelere uly üns berilmeli.
Şeýle-de Merdowdan “geljegi uly bolan meýdanlary özleşdirmegi çaltlandyrmak, nebit çykarylyşyna häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny aýratyn gözegçilikde saklamak” talap edilýär.
Oba hojalygy boýunça wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew hem bu gezekki mejlisden berk käýinç bilen çykdy, olam “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde kemçilik goýbermekde” aýyplandy.
Ýylyň dowamynda oba hojalygyndaky işleriň ýagdaýyny yzygiderli tankytlan prezident golaýda geljek ýyldan döwletiň oba hojalyk önümlerini, hususan-da pagta bilen bugdaýy satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak barada karara gol çekdi.
Şeýle-de, Berdimuhamedowyň teklipleri boýunça, hususy kompaniýalara 99 ýyla çenli möhlet bilen ýer bermek, daýhanlara oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin ýeňillikli kredit bermek çäreleri öňe sürülýär.
Emma muňa garamazdan, prezident ýene oba hojalygyny ösdürmek baradaky programmanyň durmuşa geçirilişinden nägile boldy.
TDH-nyň maglumatyna görä, döwlet baştutany wise-premýere “öňdebaryjy tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmak, ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmak, suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak boýunça anyk tabşyryklary berdi”.
Bu tabşyryklar mundan öňki hökümet maslahatlarynda hem gaýta-gaýta berlipdi, emma olarydowam edýän dolandyryş düzgünleriniň çäginde nähili amala aşyryp boljagy anyklaşdyrylmaýr.