Balykçylara Aşgabadyň suw howdanlarynda balyk tutmagy ýanwardan gadagan etdiler, diýip Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar. Onuň sözlerine görä, hususan-da gadagançylyk Aşgabadyň etegindäki Gurtly, Sportiwnoýe we Gökdepe suw howdanlaryna degişli.
Ýerli synçylaryň pikirine görä, balyk tutmak gadagançylygy suw howdanlarynda balygyň sanynyň azalmagy bilen bagly bolmagy mümkin.
"Adamlar işsizlik sebäpli köplenç balyk tutýarlar. Hatda kiçijik balyjyklary hem awlaýarlar we bu ýyllarboýy dowam edýär. Indi balyk ýok. Munuň esasy sebäbi balygy onuň işbil taşlaýan pursadynda awlaýarlar. Şeýle-de, güýzde aryklara suw akdyranlarynda kiçijik balyklar hem düşýär, soň suwy ýapanlarynda balyjyklar ölýär. Muny düzgünleşdirip bilmeýärler. Mundan öň balyk köpeltmek üçin ýörite şertleri döredýärdiler, her bir suw howdanynda suw azalan wagtynda ýörite tehnika bilen ýol açýardylar. Kiçijik balyjyklary ýörite döredilen howdanlarda ýetişdirýärdiler” diýip, habarçymyz 28 ýanwarda habar berdi.
Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy balyk tutmak gadagançylygynyň ýurduň gündogar böleginde-de girizilendigini habar berýär. Onuň sözlerine görä, gadagançylyk Gazojakdaky suw howdanyna we Atamyrat etrabyndaky Zeýd suw howdanyna degişi.
“Lebapdaky suw howdanlarynda balyk tutmagy Aşgabatdan komissiýa gadagan etdi” diýip, habarçymyz 28-nji ýanwarda habar berdi.
Azatlyk Radiosyna bu barada resmi kommentariý almak başartmady.
Mundan öň Azatlygyň çeşmeleri, Lebap welaýatynyň emeli suw howdanlarynda balyk tutmak gadagançylygynyň 2013-nji ýylda bäş ýyllyk möhlet bilen girizilendigini habar beripdi. Şeýle çäklendirmeler ýurduň beýleki regionlarynda hem girizilipdi.
Azatlygyň habarçysynyň 28-nji ýanwarda habar bermegine görä, häzirki wagtda Lebapdaky käbir suw howdanlaryň daşynda mal bakmak hem gadagan edilýär.
“Mal bakdyrmaýarlar. Suw howdanynyň daşyndaky 5-7 kilometrlik ýerde. Şol bir sebäp – balyk tutmagy gadagan edýän aşgabatly komissiýa. Bir duýduryşdan soň, sudsyz, derňewsiz türmä basarlar diýip adamlary gorkuzýarlar. Öň Zeýd suw howdanyna köp adam barýardy, dynç alýardy. Emma häzir ol ýere örän çäkli sanda goýberýärler” diýip, habarçymyz belledi.
Türkmenistanda hususy balykçylyk giň ýaýran. Deňizýaka ýurt bolan Türkmenistanda derýalaryň, kölleriň we emeli howdanlaryň ençemesi bar.
Ykdysady kynçylyklar we işsizlik sebäpli balykçylyk maşgalalaryň azyk üpjünçiliginiň, şeýle-de girdeýjisiniň çeşmesine öwrüldi.
Emma ilatyň balyk tutmagy we öndürmegi üçin mümkinçilikler ýurtda çäkli bolmagynda galýar. Döwlet ilatyň balyk tutmagyna yzygiderli gadagançylyk girizýär. Munuň bilen bir wagtda brakonýerlik we bikanun awçylyk ýaýraýar.
Lebap welaýatynda geçen ýylyň güýzünde balygyň bahasy birden üç esse gymmatlady.
Häzirki wagtda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtyň söwda nokatlarynda satylýan balygyň görnüşleriniň örän ujypsyzdygyny, nyrhynyň bolsa ýokarydygyny aýdýarlar. Bu ýagdaý Aşgabadyň ýöriteleşdirilen “Türkmenbalyk” söwda merkezine hem degişli.