Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler ýurda dolanýanlary aeroportda soraga çekýär, käte surat esasynda çaklama ýöredýär


Migrasiýa gullugynyň işgäri pasport barlaýar. Arhiwden alnan surat
Migrasiýa gullugynyň işgäri pasport barlaýar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň Howpsuzlyk gulluklary ýurda dolanan bir migrantyň telefonyny aeroportda barlap, ony namaz okap düşen suratynyň esasynda “terrorçy” diýip çaklapdyr. Bu barada şeýle ýagdaýlary başdan geçiren migrant Azatlyga ses ýazgy arkaly habar berdi.

Читайте также на русском

Ýurda dolanan migrant howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny haýyş etmek bilen iberen sesli çykyşynda, özüniň Aşgabadyň aeroportunda saklanandygyny, Howpsuzlyk gullugy tarapyndan agyr gürrüňdeşlige çekilendigini aýtdy.

Azatlyk söhbetdeşiniň sesini üýtgedip efire berýär.

“Adymy familiýamy bermek islämok, ýöne iýul aýynyň 10-na men Türkmenistana gitdim. Aeroportda meniň telefonymy barladylar. KNB-niň (MHM-niň – red.) işgärleri maňa “Sen nireden gelýäň?” diýdiler. Men “türkden (Türkiýeden – red.) işläp gelýän, maşgala ýagdaýym birazajyk agyr” diýdim. Soňra maňa “Jigim sen namaz okaýaňmy?” diýdiler. “Hawa, okaýan. Juma namazyna gidýän, ertir namazyny okaýan zat” diýdim. “Getir onda telefonyňy barlaýyn diýip, elimden telefonymy aldylar. Telefonymy barlap başladylar” diýip, ol aýtdy.

Ýurda dolanyp aeroportda howpsuzlyk gulluklary tarapyndan özüniň “terrorçydygynyň” çaklanandygyny aýdan migrant gürrüňe dowam edip, telefonynda metjidiň, tesbiniň, ýa-da bolmasa namaz okap düşen suratlarynyň bardygyny, şolaryň esasynda özüne “terrorçylyk töhmetiniň” atylandygyny aýtdy.

“[Telefonymda] juma namazdaky suratlarym bar, ýa-da mysal üçin, metjidiň suratlary bar, ýa tesbiniň suratlary bar, meniň özümiň namaz okap düşen suratlarym bar. Maňa aýdyp başladylar: “Jigim, sen terroristmiň? Näme edýäň sen? Daşary ýurda ýarag alyp, gidip, getirýäň gerek!? Haýsy jemagatdan bolýaň sen? Jemagatyň adyny ber bize, häzir bolmasa, seni şu taýda ýygnaýas zat diýip, meni gorkuzyp, üstüme azgarylyp başladylar” diýip, ol gürrüň berdi.

Azatlyga sesini ugradan türkmenistanlynyň sözlerine görä, ol özüniň hiç hili jemagat bilen, ýa-da ýykgynçy toparlar bilen dahylynyň ýokdugyny, namaz okamak bilen erbet işe baş goşmaýandygyny, ýurtdan ýarag äkidip, ýarag getirmeýändigini türkmen howpsuzlygynyň gürrüňdeşlik geçirýän işgärlerine düşündirmäge synanyşýar.

Hatda ol gürrüňdeşligiň dowamynda Howpsuzlygyň işgärlerine “namaz okaýanlara” garşy däl-de, kimlere garşy göreşmelidigini maslahat bermäge synanyşýar.

“Arak içip ýörenler-ä hiç zat edeňizok diýdim. Men ýaly namaz okaýan adama näme üçin zat diýýäňiz diýdim. Ýöne ol ýerde meni hiç kimiň diňläsi gelenok. Maňa diýýä, sen diýýä, arzyňy aýtma-how diýýä, sen diýýä berlen soragalara jogap ber-ow diýýä. Häzir sen ýygnalýaň şu ýerden diýýä” diýip, ol belledi.

Migrant näme sebäpden arak içýänleriň saklanmalydygy, namaz okaýanlaryň bolsa tutulmaly däldigi barada pikir öňe sürendigini aýdyňlaşdyrmady.

Ol ses ýazgy arkaly iberen maglumatynda, Howpsuzlyk gulluklaryna dikanlap, özüniň namaz üçin türmä basyljak bolsa, muňa razydygyny aýdandygyny belleýär.

“Şeýdip, onsoň meni iki günläp aeroportda sakladylar. Men bular ýaly entek... Türmä basylan bolsam gowy bolardy, töhmet astynda galanymdan... Öýdäkiler jaň edip otyr: “Nirede sen, geleňokmy, näme boldy, hany, indi näme boldy saňa!?” diýip, bimaza edip başladylar” diýip, ol belledi.

Özi ýaly ýurda dolanýan beýleki migrantlaryň aeroportda nähili gürrüňdeşliklere duçar bolýandyklary barada beýlekilere habar bermek üçin ses ýazgyny ugradandygyny aýdyp, ol Azatlyga iberen maglumatyny jemledi.

XS
SM
MD
LG