Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow 'gymmatlyklara esaslanýan ideologiýa' isleýär, synçylar gymmatlyklaryň ýoýulýandygyny duýdurýarlar


Çärelere gatnaşýan raýatlar dynç alýar.
Çärelere gatnaşýan raýatlar dynç alýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni ýene bir maslahat geçirdi, bu onuň şu hepdede yzly-yzyna geçiren üçünji ýygnagy bolup, olaryň ählisinde 2019-2025-nji ýyllar üçin ösüş maksatnamalaryny taýýarlamagyň gürrüňi edildi.

Şonuň bilen bir wagtda prezident ýene bir gezek üstünlikleri wagyz etmek, uludan tutulýan dabara-şowhunlary dowam etdirmek maksady bilen, sanly wideo aragatnaşyk boýunça geçirilendigi aýdylýan hökümet maslahatynda 2019-njy ýylda geçiriljek çäreleriň planyny tassyklady.

Medeniýet we metbugat pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Bahargül Abdyýewa hökümet başlygyna 2019-2025-nji ýyllarda medeniýet ulgamyny ösdürmek planlary hakynda hasabat berdi.

Berdimuhamedow bu hasabaty diňläp, halkyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet ideologiýasyny döretmegiň, medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi diýip, TDH ýazýar.

Ýerli synçylar garaşsyzlyk ýyllarynda halkyň ruhy gymmatlyklarynyň adyndan öňe sürülýän ideologiýanyň, býujet işgärleriniň, studentleriň we okuwçylaryň mejbury-meýletin gatnaşdyrylmagynda geçirilýän çäreleriň hakykatda ýerli halkyň däp-dessurlaryna, eli, ýüregi arassalyk ýaly ruhy-medeni gymmatlyklaryn o diýen gabat gelmeýändigini belleýärler.

Sowet ýyllarynda "geçmişi ideallaşdyrmakda" aýyplanan türkmen ýazyjy-şahyrlary Türkmenistan garaşsyz ýurt bolandan soň halkyň taryhyna we medeni mirasyna has başgaça çemeleşilmegine umyt bagladylar, bu barada metbugatda, radio-telewideniýede çykyşlar guraldy.

Emma soň, Azatlyk bilen anonimlik şertinde biri-birinden bihabar ýagdaýda gürleşen ýazyjylaryň, medeniýet, sungat işgärleriniň tassyklamaklaryna görä, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary yzygiderli ýoýuldy we bir adamyň şahsyýet kultuny döretmäge, başga pikirleri basyp ýatyrmaga gulluk etdirildi.

Azatlygyň habarçysy ýurtda guralýan köpçülik çäreleri, prezidentiň üstünlikleri wagyz etmek talaby barada soranda, 75 ýaşly aşgabatly pensioner, özüni Güljahan diýip tanadan medeniýet wekili gysgaça “Özüni öweniň tanapy çüýrük” diýip jogap berdi.

Eger türkmen ertekilerine, nakyllaryna, dessanlaryna, Magtymgulynyň goşgularyna seretseň, türkmen halkynyň iň ýek görýän zady ýalan söz, ogurlyk” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly žurnalist Azatlyk radiosyna aýtdy.

Emma bizde uly döwlet işlerine bellenen adamlar ogurlyk edýär, özem gaty uly möçberlerde, öňki prezident döwründe bu ogurlyklar has köp paş edilerdi, şindem azda-kände aýdylýar. Iň ýamany, žurnalistlere derňew geçirmek, bir hatyň yzyny yzlamak ýaly netijeli işlere rugsat berilmeýär, olardan diňe boş, ýalandan doly öwgi talap edilýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýerli synçylar häzirki öwgi ideologiýasynyň sowet döwrüniň kommunist ideologiýasynyň “doganoglanydygyny” belleýärler we şu sebäpden hökümetiň sowet döwründe halka garşy ulanylan ideologiýa zorluklarynyň üstüni açdyrmaýandygyny öňe sürýärler.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolýan türkmen studentleriniň käbiri özleriniň sowet döwründe ýanalan, türmä basylan döredijilik wekilleri hakynda juda az zat bilýändiklerini, okuw kitaplarynda, metbugatda bu barada ýeterlik maglumatlaryň berilmeýändigini belleýär.

Şu aralykda bu iki döwrüň arasynda ideologiýa baglanyşygynyň "syrlaryny" özleriçe açyp başlandygyny aýdýan ýaşlar hem duşýar.

Häzirki zaman türkmen edebiýatyny öwrenýän ýaşlaryň biri, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonim şertde gürleşip, türkmen-sowet ýazyjylarynyň tas hemmesiniň zor ýa-da zer bilen sowet-kommunist ideologiýasyna gulluk etdirilendigini, soň bu zorlugyň türkmen prezidentleri tarapyndan hem alnyp göterilendigini belledi.

XS
SM
MD
LG