Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TW işgärleri 'adamlary tolgundyrýan meseleleriň oňyn çözgüdini tapmaly' edildi


Türkmen TW-siniň işgärleri iş wagtynda. Lebap. Arhiw suraty
Türkmen TW-siniň işgärleri iş wagtynda. Lebap. Arhiw suraty

Türkmen parlamenti “Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda” Türkmenistanyň kanunyny kabul etdi.

Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi altynjy maslahatynda çykyş edenleriň bellemeklerine görä, ýurduň “telewideniýe hem-de radioýaýlymlarynyň işgärleri özleriniň taýýarlaýan gepleşiklerinde döwletiň durmuşynyň täze we öňdebaryjy işlerini giňden wagyz etmeli hem-de adamlary tolgundyrýan meseleleriň oňyn çözgüdini tapmaly”.

Şeýle-de olar “Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, Garaşsyzlyk ýyllary içinde Watanyň gazanýan ägirt uly üstünliklerini we ýeten derejesini dünýäde wagyz etmek işlerine aýratyn üns bermeli” diýip, TDH mejlisiň deputatlaryna salgylanyp habar berýär.

Neşiriň bellemegine görä, “Türkmenistanyň çäginde telewideniýe we radiogepleşikler babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän Kanunyň işlenip taýýarlanylmagy hem-de kabul edilmegi bu ugurda ädilen möhüm ädimi alamatlandyrýar”.

Türkmenistanda metbugat azatlygy ýok we “Metbugat hakyndaky kanunda” gadagan edilýändigine garamazdan, döwlet senzurasy saklanyp galýar.

Munuň üstesine, diňe mejlisiň deputatlary däl, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem habar serişdeleriniň wezipesi diňe ýurtda gazanylan üstünlikleri giňden wagyz etmekden ybarat diýip hasaplaýar we bu pikirini yzygiderli gaýtalaýar. Şu talap esasynda hem prezident medeniýet, metbugat ýolbaşçylaryny, hususan-da milli telewideniýäniň işini dyngysyz tankyt edýär, kadrlary çalyşýar.

Mysal üçin, soňky döwürde prezident milli telewideniýäniň işini 2017-nji ýylyň awgustynda tankyt etdi. Bu tankyt türkmen lideriniň söweş ýaraglaryndan ok atyp, hanjar zyňyp düşen wideosynyň sosial ulgamlarda, halkara metbugatynda “uly meşhurlyk” gazanan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi. Şonda wise-premýer Annagledi Garajaýewe “wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändigi üçin” berk käýinç berildi.

Prezidentiň 'hiç bitirilmeýän' talaby

Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende, ýurtda gözlenip okalýan eserleriň, makalalaryň, nobata durup görülýän oýunlaryň, kinolaryň döredilmeýändigini, gyzykly tele-radio gepleşikleriniň taýýarlanylmaýandygyny boýun aldy we bu ýagdaýy üýtgetmegi talap etdi. Ýöne bu talap soňra “ýurduň häzirki gazanýan ägirt uly üstünliklerini giňden wagyz etmek” diýilýän bilen berkidildi.

Döwlet baştutany bu talabyny 2017-nji ýylyň dekabrynda hem tekrarlady we “telekanallarda ýurduň häzirki üstünliklerini giňden beýan edýän gepleşikleriň taýýarlanylmagynyň zerurdygyny” ýatlatdy.

Bu ýatlatmanyň yz ýanyndan, 2018-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndawise-premýer Annageldi Garajaýewe ýene berk käýinç yglan edildi. Resmi habarda aýdylmagyna görä, A.Garajaýew wezipe borçlaryny kanagatlanarly ýerine ýetirmeýär we garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadypdyr.

Eger ol bu diýilýän kemçilikleri gysga wagtda düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy hem duýduryldy.

Garajaýewden öňbu pudaga Maýsa Ýazmuhammedowa (iki gezek), Gülşat Mämmedowa ýolbaşçylyk etdi.

Gepiň gerdişine aýdylsa, M.Ýazmuhammedowa “gurlan medeniýet desgalarynyň köpüsiniň boş durandygy”, “ýurtda gazanylan üstünlikleriň örän ýaramaz beýan edilmegi” sebäpli wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanda häkimiýet çalyşmazyndan öň ýurduň medeniýet, metbugat we saglygy saklaýayş pudagyna häzirki prezident Ggurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýärdi.

XS
SM
MD
LG