Türkmenistanda baýramçylyk dabaralaryna, ýurtda gazanylandygy aýdylýan üstünlikleri wasp edýän aýdym-sazly, sahnalaşdyrylan çykyşlara hem, gazet-žurnallar, kitaplar, kino we teatr eserleri babatda bolşy ýaly, dilden berk “senzura” girizildi.
Bu “senzura” ýurtda her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýän Bitaraplyk güni baýramçylygyna görülýän taýýarlyk bilen bagly güýje girdi.
Azatlygyň Aşgabatdaky habarçynyň 23-nji noýabrda beren maglumatyna görä, öňki ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl Bitaraplyk baýramçylygynyň bellenilişiniň üstüne “senzura täzeligi” goşuldy.
Onuň sözlerine görä, ozal welaýatlarada Bitaraplyk baýramçylygyna taýýarlyk görýän medeniýet işgärleri 12-nji dekabra bir hepde, 10 gün galanda paýtagta gelip, umumy repetisiýa gatnaşýardylar.
Emma indi, bir hepde ozal berlen görkezmä laýyklykda, welaýatlaryň baýramçylyk mynasybetli taýýarlaýan medeni çäreleriniň, sport oýunlarynyň ählisiniň öňünden wideoýazgy edilip,26-njy noýabra çenli Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky ýörite topara ugradylmagy talap edilýär.
Täze topar her welaýatdan gelen iki bölümden ybarat wideoýazgylary görüp, welaýat derejesinde we ýurt derejesinde ediljek çykyşlara, aýdyljak aýdymlara, görkeziljek sahnalara “ilik-düwme” baha bermeli diýip, Medeniýet ministrligindäki resmi Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Bu wideolaryň görülýän wagty welaýatlardan gelen jogapkär adamlar hem Aşgabatda bolmaly we öz işlerine edilen bellikleri, ýagny aýdym-sazlaryň we sahna çykyşlarynyň içinden nämeleri aýyrmaly, näme goşmaly, hemmesini ýazyp almaly.
Welaýatlaryň medeniýet bölümleriniň işgärleri häzir bu wideolary gyssanmaç taýyn edip, iki-üç günden Aşgabada getirmäge taýýarlanýarlar.
Azatlygyň habarçysy bilen anonim ýagdaýda gürleşen medeniýet işgäriniň sözlerine görä, welaýat medeniýet bölümleriniň işgärleri barlagdan geçen wideolary yzyna alyp gidip, gaýtadan repetisiýa geçirmeli bolar we soňra, baýramçylyga bir hepde galanda, öz medeni toparlary bilen umumy çykyşlara gatnaşmak üçin Aşgabada gelip, täzeden repetisiýa geçer.
“Bu ýene bir senzura bolýar. Ýogsa senzura ozalam içimizde otyr. Ozallar kitap, gazet çap edilende şeýle senzuradan, ýörite adamlaryň barlagyndan geçirilýärdi, indi çäreler, hatda waspnama aýdym-sazlary hem ýörite toparyň senzurasyndan geçirilmeli edildi, bu biz üçin täzelik” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran medeniýet işgäri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Türkmenistanyň kanunçylygy senzurany gadagan edýär we resmi metbugatda döredijilik wekilleri üçin uly şertleriň döredilýändigi tekrarlanýar. Emma muňa garamazdan, anonim şertde gürleşen aşgabatly maliýeçiniň tassyklamagyna görä, saklanyp galan döwlet senzurasy sebäpli ýurtda çap edilýän gazet-žurnallar, kitaplar, teatr sahnalaryna çykarylýan oýunlar girdeji getirmän, döwlet wehalk üçin artykmaç çykdajy bolýar.
Şeýle-de, maliýeçiniň pikriçe, dabaraly çäreleriň we olara gatnaşýan adamlaryň sanynyň yzygiderli köpeldilmegi, adamlaryň wagtyny almakdan başga, ýurduň ykdysadyýetine-de aýakbagy bolýar.
Türkmenistanda baýramçylyklara we dabaraly çärelere görülýän taýýarlyklar barada hökümet mejlislerinde wise-premýer, ministr derejesinde hasabat berilýär we we olary ýokary guramaçylyk ýagdaýynda, uly türkmen toýy görnüşinde geçirmek prezident derejesinde talap edilýär.