Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň 13-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer Annageldi Garajaýewe käýinç yglan etdi.
Bu Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasynda geçirilen Ýaşulular maslahatynyň we Berdimuhamedowyň ikinji gezek “Türkmenistanyň gahrymany” bolmagynyň yz ýanynda berlen ilkinji käýinç bolup durýar.
Soňky aýlarda türkmen prezidenti giň ýaýran korrupsiýadan, oba hojalyk pudagyndaky işleriň depgininden, IIM-niň, MHM-niň ýolbaşçylarynyň öz garamagyndaky işgärlere gözegçiligi gowşatmagyndan... nägile bolupdy.
Käýinç berlen wise-premýer A.Garajaýew hökümet mejlisinde noýabr aýynda geçiriljek medeni-köpçülik çärelerine, hususan-da Özbegistanyň Türkmenistandaky medeniýet günlerine, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek“Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergi-maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň hökümet mejlislerinde yzygiderli habar berlişi ýaly, hökümetiň medeniýet meselerine gözegçilik edýän orunbasarynyň esasy işi “ýokary gurmaçylyk derejesinde” geçirilýän medeni-köpçülik çärelerini, aýdym-sazly konsertleri gurnamakdan, olara mümkin boldugyça kän adam çekmekden ybarat bolup görünýär.
Gurnalýan dabaralarda we konsertlerde esasan prezident Berdimuhamedow hem-de onuňhalka beren “bagtyýar we berkarar’ eýýamy wasp edilýär.
Emma Berdimuhamedow, TDH-nyň ýazmagyna görä, “medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini” isleýär. Bu ösüş, sitirlenýän sözlerden belli bolşuna görä, “bu ugra öňdebaryjy tejribeleriň, täzeçil pikirleriň ornaşdyrylmagy” bilen bagly. Görnüşinden, bu ýerdegürrüň “döredijilik işgärleriniň ýokary hilli sungat eserlerini döretmegi üçin zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegi” barada barýar.
Şeýle-de prezident, resmi habara görä, “aýdym-saz sungatyna we döredijilik dünýäsine işjeň aralaşýan ýaş zehinleriň ukyplarynyň açylmagy”, “medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi boýunça ýerine ýetirilýän işlerden” nägile bolýar.
Netijede, wise-premýer Garajaýew“wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty mynasybetli geçirilen konsertiň ýokary derejede guralmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin” käýinç aldy.
Wise-premýer A.Garajaýewe mundan öň, awgust aýynyň başynda berk käýinç berlipdi. Onuň bu käýinji türkmen telewideniýesiniň Berdimuhamedowyň harby tälim okuwyna gatnaşyp, ýaraglardan ok atmak we hanjar zyňmak ussatlygyny görkezişi barada taýýarlan wideoreportažynyň köp ýurtlaryň habar serişdelerinde gyzykly habara öwrülmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Ozalky medeniýet ministri Garajaýew wise-premýerlige şu ýylyň fewralynda bellendi. Ýogsa ol şondan öň, geçen ýylyň aýagynda “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, teleýaýlymlarda baýramçylyk konsertleriniň talabalaýyk görkezilmegini üpjün etmänligi üçin” Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Gülşat Mämmedowa, Tele-radio gepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Maksat Altaýew dagy bilen bile hem käýinç alypdy. Gülşat Mämmedowa soň, hökümet täzeden düzülende, wise-premýerligini hem ýitirdi, emma Garajaýew ozalky başlygynyň ýerine wise-premýer boldy.
Gülşat Mämmedowadan öň ýurtda geçirilýän köpçülik çärelerinewise-premýer Maýsa Ýazmuhammedowa gözegçilik edýärdi. Emma ol, resmi habara görä, “ýurtda gurlan medeniýet desgalarynyň köpüsiniň boş durandygy”, “ýurtda gazanylan üstünlikleriň örän ýaramaz beýan edilmegi” sebäpli wezipesinden boşadyldy.