Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri atiýaçdaky harbylary hasaba alýar. Owganystan tarapyndan söweşijileriň serhede gözegçiligi artýar


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, häzirki wagtda häkimiýetler ilatyň arasynda harby gulluga ýaraýan adamlary hasaba almak boýunça çärelerini amala aşyrýarlar. Şol bir wagtyň özünde-de, Azatlygyň Owganystandaky habarçysy Türkmenistanyň we Owganystanyň özara serhediniň owgan tarapyndan tas ählisiniň söweşijileriň gözegçiligine geçendigini aýdýar.

“Zapasdakylar hasaba alynýar. Ähli harby wekilýetlere 50 ýaşa ýetmedik erkekleriň harby gulluga ukybyny barlamak tabşyrygy berildi” diýip, Goranmak ministrligindäki çeşme 14-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ätiýaja goýberilen harby gullukçylaryň häzir hasaba alynmagy Owganystan bilen serhetdäki ýagdaýyň durnuksyzlygy bilen bagly.

“Bu serhetdäki ýagdaýyň durnuksyzlygy bilen bagly. Serhediň uzaýan ähli ýerlerinde Lebapda Kerkiden başlap, Maryda Tagtabazara we Serhetabada çenli örän aladaly” diýip, Goranmak ministrligindäki çeşme aýtdy.

12-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy ätiýaja goýberilen harby gullukçylaryň paýtagtda hasaba alnyp başlanandygyny habar beripdi.

“Meniň tanyşymy harby wekilýete çagyryp, ähli dokumentleri bilen medisina barlagyna iberdiler. Eger medkomissiýa ugradýan bolsalar, diýmek olary etrap we şäher derejesinde döredip başlapdyrlar. Tiz wagtda gulluga çagyryp başlanjagyna meňzeýär” diýip, habarçymyz aýtdy.

“Türkmenistanyň Hronikasy” garaşsyz neşri, Türkmenistanda ilatyň harby hasaba alynyşy barada 11-nji ýanwarda habar berdi.

Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmesi şu günler harby hasaba alyş çäresiniň öýlere aýlanmak arkaly hem amala aşyrylýandygyny habar berdi.

“Hasaba alyş işi öýlere aýlanmak arkaly hem amala aşyrylýar. Käbir pursatlarda gözlenýän adam öýünde bolmasa, onuň üçin powestka galdyrýarlar, onuň harby bölüme baryp, hasaba durmak talaby bilen. Şeýle-de onuň saglyk ýagdaýy, harby gullugy berjaý etmek ukybyna päsgel bolup biljek keselleriniň bolup-bolmazlygy bilen gyzyklanýarlar. Käbir halatlarda garyndaşlaryna hem sorag berýärler” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy. Onuň sözlerine görä, ýurduň ýaşaýjylary ilaty harby hasaba almak çäresiniň Owganystanyň serhet regionlarynda “Talybanyň” basyşlarynyň güýçlenmegi, şeýle-de TOPH gaz geçiriji proýektine howp abanmagy bilen bagly bolmagyny çak edýärler.

Şol bir wagtyň özünde-de, Azatlygyň Owganystandaky habarçysy owgan-türkmen serhedinde ýerleşýän owgan regionlarynyň tas ählisiniň “söweşijileriň we esasan “Talybanyň” elinde jemlenýändigini aýadýar.

Owganystanyň bäş sany demirgazyk welaýaty Türkmenistan bilen serhetleşýär.Owganystanyň Farýap welaýatynyň 9 etraby, Jowzjan welaýatynyň üç etraby, Badgis welaýatynyň 3 etraby, Hyrat welaýatynyň 3 etraby we Balh welaýatynyň 1 etraby Türkmenistan bilen gönüden-göni serhetleşýär.

“Owganystanyň demirgazygynda Türkmenistan bilen tutuş serhedinde owgan hökümet güýçleriniň elindäki ýeke-täk ýer Akine Bandar. Ol Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Ymamnazar obasynyň golaýynda ýerleýär. Bu ýer ýurtlaryň arasyndaky transport aragatnaşygynyň möhüm nokady bolup, ýükler geçýär. Onuň uzynlygy 2-3 kilometr. Serhetdäki ýene kiçiräk ýer Badgis welaýatynyň Marçak obasynyň golaýynda ýerleşýär we ol ýerli türkmenleriň ýaragly toparlarynyň gözegçiliginde galýar. Galan territoriýa ýaragly toparlaryň, esasan “Talybanyň” elinde” diýip, Azatlygyň Owganystandaky habarçysy Şamerdanguly Myrady 14-nji ýanwarda habar berdi.

Owgan resmileri hususan-da, Farýap welaýatynyň 85-95%-niň häzirki wagtda “Talybanyň” elinde galýandygyny aýdýarlar, regionda söweşler dowam edýär we owgan harbylary ýitgi çekýärler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we habar beriş serişdeleri ilatyň arasynda geçirilýän harby hasaba alyş çäreleri resmi derejede agzamaýarlar we ýurduň Owganystan bilen serhedindäki ýagdaý barada habar we kommentariý bermeýärler.

Dekabryň aýagynda media serişdeleri Orsýetiň harbylarynyň Türkmenistanyň harby gullukçylary bilen bilelikdäki taýýarlyk çärelerini dikeldendigini habar beripdi. Mundan öň Orsýet resmileri türkmen-owgan serhedinde güýçli ekstremist toparlaryň jemlenmeginiň howpy barada aýdypdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýyň ýaramazlaşmagy bardaky habarlary “dostlukly däl” diýip atlandyrypdy.

2018-nji ýylyň tomsunda türkmen-owgan serhedindäki ok atyşykda 25 çemesi türkmen esgeriniň wepat bolandygy mälim bolupdy.

Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetdeş regionlary etnik türkmenleriň ýaşaýan ýeri bolup, “Talybanyň” bu giňişlikleri eýelemegi sebäpli, 2018-nji ýylyň baharyndan bäri müňlerçe maşgala öz öýlerini taşlap gutulmaga mejbur bolupdy. Azatlygyň Owganystandaky habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda olar wagtlaýyn lagerlerde öýsüz we iýmitsiz agyr şertlerde gün görýärler.

Owgan-türkmen serhedinden gaçyp çykan türkmen maşgalalary kömege garaşýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:44 0:00

XS
SM
MD
LG