Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet taksiçileriniň gündelik plan borçnamasy artdyryldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki taksi sürüjileriniň gündelik dolmaly plan borçnamasy artdyryldy. Şol bir wagtda-da, olara döwlet tarapyndan mugt berilýän gündelik benziniň möçberi azaldyldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 8-nji ýanwarda habar berdi.

“2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap döwlet eýeçiligindäki taksi sürüjileriniň bir iş gününiň, ýagny 8 sagadyň dowamynda döwlet edarasynyň kassasyna tabşyrmaly pulunuň möçberi 204 manat edildi. Bu geçen ýyl 164 manada barabardy. Şol plan borçnamany dolmak üçin taksiçilere döwlet tarapyndan mugt berilýän 30 litr benziniň möçberi bolsa, 20 litre azaldyldy” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy gürrüň berdi.

Ol Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine degişli Aşgabadyň taksomotor awtoulag kärhanasynyň bu barada taksi sürüjilerine öňünden hiç hili duýduryş etmändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Habarçy taksi sürüjileriniň öňki gündelik plan borçnamany dolmakda hem kynçylyk çekendigini aýdyp, häzirki wagt olaryň aljyraňňy ýagdaýdadygyny we hatda käbir sürüjileriň öz işini taşlap başlandygyny belledi.

“Sürüjiler gündelik plan borçnamasyny dolup bilmese, onda olara döwlet tarapyndan bellenen 1100 manat aýlyk haky doly berilmeýär. Kem pul olaryň aýlygyndan saklanylýar. Şeýle-de, her gün irden taksiniň açaryny almak we içgili däldigiň hakyndaky möhüri basdyrmak üçin hem nobatçy lukmana we dispetçere 10 manada golaý para bermeli. Şeýlelikde, 204 manat öz-özünden 210 manada barabar bolýar. Bu möçberi dolmak mümkin däl diýip, soňky hepdäniň dowamynda her 100 taksiçiden ortaça 15 sanysy işini taşlady” diýip, paýtagtyň döwlet eýeçiligindäki taksi kärhanasynda işleýän sürüjileriň biri anonim şertde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, döwlet taksileriniň sürüjilerinden edilýän täze talaplar hakykata gabat gelmeýär. Sebäbi ýol nyrhy 1 kilometr üçin 40 teňňe bolmalydygyny nazara alanymyzda, taksometr sçýotçigi, ýagny hasapçy guraly 8 sagadyň dowamynda dyngysyz işlese-de, günde 204 manat plany dolup bolmaýar.

“Bu gynansakda, sürüjileri bikanunçylyga iterýär. Birinjiden, gün uzyn dyngysyz müşderi tapmak mümkin däl. Şol sebäpli olar sçýotçigi gün uzyn işledýärler. Ýöne müşderilere sçýotçige görä däl-de, özleriçe nyrh kesýärler. Muňa razy bolmadyk müşderiler hem taksä köplenç alynmaýar” diýip, taksi sürüjisi aýtdy.

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki taksi sürüjilerinden edilýän täze talaplar, hususy taksileriň nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda şäher içinde gatnaýan hususy taksileriň nyrhlary tas iki esse gymmatlan bolsa, oktýabr aýynda Türkmenistanda welaýatlaryň arasynda kireý edýän hususy eýeçilikdäki taksileriň bahasy birden 100% ýokarlandy.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine degişli, Günorta Koreýadan getirilen awtoulaglar indi 2010-njy ýyldan bäri paýtagtyň ýaşaýjylaryna hem-de onuň myhmanlaryna taksi hyzmatyny hödürleýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda taksi sürüjilerinden edilýän täze talaplar we olaryň başdan geçirýän kynçylyklary barada mesele gozgalmaýar. Muňa derek, paýtagtyň köçelerinde “maşyn gurluşygynda soňky tehnologiýalary eýeleýän, ýangyç ýakmakda has tygşytly, ýurduň klimatyna çydamly, döwrebap” taksi awtoulaglarynyň hereket edýändigi we olaryň ýolagçylara gije-gündiz hyzmat edýändigi barada wagtal-wagtal reportažlar görkezilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG